Dünyäde gerekli hasaplanylýan 10 hünär.
Ladders-iň gözleginiň netijeleri CNBS tarapyndan çap edildi. Sanawynyň awtorlarynyň bellemegine görä, ýokary aýlyk almak üçin üç ýyldan köp tejribäň ýa-da alymlyk derejäň bolmagy hökman däl. "Häzirki wagtda kompýuter ylymlary fakultetiniň uçurymlary karýerasynyň başynda 100 müň dollardan geçirip aýlyk alýarlar."-diýip Ladders-iň esaslandyryjysy we karýera boýunça bilermen Mark senedella mälim etdi. Ladders 2023-nji ýylda iň köp boş iş orunly we aýlygy 100 müň dollardan ýokary 10 hünäri kesgitledi.
📍Programma üpjünliginiň inženeri (software engineer)
📍Uly inžener-programmist (Senior software engineer)
📍Project-menejer
📍Klinigi psiholog
📍Klinigi sosial işgär (Lincensed clinical social worker)
📍Diş lukmany
📍Programma üpjünliginiñ menejeri
📍Ilkinji lukmqnçylyk-sanitar kömek lukmany (Primary care physician)
📍Psihiatr.
şeýle-de bolsa 100 müň dollar aýlygy bu hünärleriň hemmesi kepillendirilmeýär. Mysal üçin häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen ştatlarynda jemgyýetçilik işgäri ortaça 61 776 dollar aýlyk alýar diýip, Indeed habar berýär. Muňa garamazda, Ladders-iň gözleginde laýyklykda, sanawda görkezilen hünärleriň köpüsiniň Başlangyç aýlygy 100müň dollardan başlanýar. Munuň özi köp sanly kompaniýalara hünärmenleriň ýetmeýändiginden, şol sebäpli olaryň hünärli işgärleri işe çekmek maksady bilen olaryň aýlyk haky galdyrylýandygyndan habar berýär.