stella_🖤
17.05.2024 18:14
Asla ruhdan düşmezler

Zehinsizlikden gorkmak, maksadyňdan dänmegiňe getirip biler. Şeýle günlerde biz täze zatlary ýerine ýetirmekde uçran şowsuzlygymyz zerarly maksadymyzdan dänýäris. Bir zady başaryp bilmesek, näme üçin çalt ruhdan düşýäris? Wagty yzyna gaýtaryp, entek çagajykkak ýöremegi öwrenen pursadymyzy hakydamyzda janlandyralyň! Bu kämilleşnegiň dowamynda näçe gezek ýykylyp sürüşdik?! Takmynan ýüzlerçe gezek. Eger şol wagt hem, maksadymyzdan dönen bolsak näme bolardy? Öwrenmek köp wagty talap edýär, zehinli adamlar maksadyna ýetmek üçin ýüze çykan päsgelçiliklere köp üns bermeýärler. Olar maksadynyň hasyl boljagyna ynanyp, soňuna jenli dowam edýärler.

Akylly adamlar bilen söhbetdeş bolarlar

Olar wagtlaryny zerur jedellere we zehinli adamlar bilen söhbetdeş bolmaga harçlaýarlar. Olaryň başarnyklarynyň özeninde söhbet gurap bilmek ukuplary ýatyr. Siziň pikriňizçe, has gowy gürleşip bilýän, sagdyn we berk gatnaşyklary döretmäge weriş bolan, söhbetdeşligiň esasynda gazanan kyn pursatlaryny peýdalanyp bilýän adam başarnyksyz we bagtsyz adam bolup bilermi? Dünýäniň özü uly aragatnaşyk tory we şol torda bize ylhamlandyryjy, peýdaly, manyly sowallary berýän adamlar gerek. Töweregimizde mugallymymyz, akylly dostumyz bolan wagty öwrenip bilijilik ukybymyz beýleki wagtdakylara seredende has beýikdir.

Täze pikirlere teşnedirler

Has gowy öwrenip bilmek üçin beýnimiziň diňlemäge we okamaga ätiýajy bardyr. Kiçijik çagajygyň dünýäni nähili açyşyna syn ediň. Her bir zada gyzyklanma bilen sereder, ähli bölekleri bir ýere getirmegi çalşar we ondan lezzet alar. Akylly adamlar bilesigeliji häsiýete eýe bolup, islendik wagt özüni kämilleşdirmäge itergi berjek täsin pikirleri öwrenmäge taýýarlydyrlar.
20
21
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.