stella_🖤
16.05.2024 21:08
Ähli ynsanlar dünýä inende özlerine mahsus zehin-aýratynlyklary bilen dogulýar. Zehinlerini ýüze çykaryp bilenler beýlekilerden tapawutlanyp başlaýarlar. Akylly adamlar ýüze çykan ähli meselelere, kynçylyklara aňsatlyk bilen çözgüt tapýan adamlardyr. Olar çuňňur düşünjeleri we ýiti zehinleri bilen tanalýarlar. Olaryň tapawutly aýratynlyklary näme? Biz olardan näme öwrenip bileris?

Öwrenmäge hemişe taýýarladyrlar

Akylly adamlar döredijikleri bilen has köp tanalýar. Bilesigeliji bolandyklary üçin gürrüňe has içgin aralaşýarlar. Her bir işe çuň düşümäne çalyşyp, ondan bir many almak isleýärler. Olaryň beýleki adamlara garanyňda artykmaç taraplary özleriniň kemçilikleri köp diýip hasaplaýanlygydyr. Olarda enjamlaryň nähili işleýändigi, tapawutly medeniýetler azyk önümelriň düzümi, taryh hakyndaky we töweregindäki adamlar baradaky täze zatlary öwrenmek üçin her pursady peýdalanmak, hemişe gözlegde bolmak häsiýeti bar. Şeýle-de olar 24 sagadynyň 7 sagadyny täze maglumatlara eýe bolmak we başarnyklaryny ösdürmek üçin harçlaýarlar.

Gowy synçydyrlar

Olaryň garaýyşlary we düşünjeleri diýseň anykdyr. Akylly adamlaryň hemmesi birzada seredip nämäni göresi gelýän bolsa anyk görüp bilýärler. Şol ýerdäki ähli aýratynlyklary we ýetmezçiligi tiz duýýaralar. Düşünmek endiginiň ösendigini üçin bir-birine meňzeýän iki obýektdäki tapawutly taraplary-da çalt tapyp bilýärler. Eger ünsüni başga zatlara gönükdirmek bolsalar, bu adamlara, hiç bir zat babatda düşünmezlige duçar bolmazlar. Olarda netije çykarmak we çak etmek häsiýetleri ösen. Köp gürlemeginiň deregine olar öwrenmek üçin sowal bermäne meýillidirler.

Şowsuzlykdan gorkmazlar

Bir zady içgin öwrenmegiň ýoly ýöne synap görmek we göregçilik bilen aýdynlaşýar. Tomus Edison elektrik lampasyny ýakmak üçin 2000-e ýakyn dürli maddalarda tejribe geçirip görüpdir. Emma ol netije bermändir. Onuň şägirtleriniň biri 700 synanşygyň hem şowsuz geçendigini aýdanda Edison oňa " Ýok, bu başaryp bilmezlik däl! Biz gerek bolmadyk 700 zady öwrendik!" diýip jogap berýär. Diýmek ýalňyşlar adamlara güýç berýär.
34
101
kalayev
17 May 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.