Azatlyk heýkeli- Dünýäniň iň meşhur heýkellerinden biri bolan AZATLYK HEÝKELI birbada amerikalylaryň söýgüsini gazanyo bilmedi. Ol amerikanyň esasy nyşany. Garaşsyzlyk güniniň 100 ýyllygy mynasybetli Fransiýadan sowgat hökmüde getirildi.
Heýkel esasan haýyr-sahawat serişdeleriň hasabyna dikilipdir. Iki ýurduň hökümetleriň arasynda baglyşylan şertnama laýyklykda amerikalyrylar postamentiň gurluşygyny, fransuzlar bolsa heýkeli öndürmek, eltip bermek we oturtmak işlerini öz üstüne alypdyrlar. Haýyr-sahawat serişdelerini ýygnamak örän haýal bolupdyr. Fransuzlara heýkel üçin 40000 dollar, amerikalylalara 250000 dollar gerek bolupdyr.
Heýkeliň gurulmagyna esasy garşy çykanlaryň biri hem " Nýu-ýork taýms" gazeti bolupdyr. Ol bu taslamany tankytlaýan makalalary yzygiderli çap edýär. Olaryň birinde gazet hatda heýkeli " Bürünç aýal" diýip atlandyryp hiç bir hakyky watançynyň beýle gurluşa pul harçlamak islemejekdigini barada ýazypdyrlar.
Bu tankytlara garamazdan, 1885-nji ýylda 350 bölege bölünen heýkel "Izere" fregaty tarapyndan ABŞ-A gowşurulypdyr. Heýkeli ýygnamak üçin işler dört aý dowam edipdir we ahyrsoňy 1886-nji ýylyň 28-nji oktýabrda açylypdyr