smiling_
12.10.2024 21:20
Ynamdan gaçmañ.
Bir adam aýdaýsa içdäki syryn,
Duşmanlañ ýanynda oñ syryn açmañ.
Iki ýüzli bolmañ mydam mert duruñ,
Ynamdar adam bol, ynamdan gaçmañ.
Señ üçin jan berjek dostlañ ýoluna,
Mydam ýagty boluñ hiç haçan öçmäñ.
Düşürip dostlarñy duşman goluna,
Namart adam bolup, ynamdan gaçmañ.
Başarmajak işiñ goýsa öñüñde,
Başararyn diýip hiç kasam içmäñ.
Soñra durup bilmän beren sözüñde,
Özüñ masgaralap ynamdan gaçmañ.
Saýlada söý birin şonda-da duruñ,
Sähel zada söýen ýaryñdan geçmäñ.
Öz söýen ýaryña wepaly boluñ,
Biwepalyk edip ynamdan gaçmañ.
Puluñyz ýok wagty ýerde süýrelip,
Sähel pul tapsañyz asmana uçmañ.
Ýa wezipäñ galyp sähel beýgelip,
Bolşuñyz üýtgedip ynamdan gaçmañ.
- Hanmyrat Nurmyradow
9
123
smiling_
11.10.2024 22:02
"Men özümi aýamadym"
Gurbannazar Ezizow
Men ýüregmi dözmedim hiç özüme, Aýamadym, özgelere berdim men.
Ýama boldy, paralanan ýüregim,
Özgeleriñ agyryly derdinden.
Ýaş halyma goja boldum, büküldim,
Öz iýjegmi berdim, açgöz bolana.
Al bilen el serýänden utuldym,
Özgä peşgeş berdim, öz nesibämi,
Üşän wagty mahmal düşän ýorganym.
Men öz bolşumça hatama döndüm
Paýlama, özüme dözmedik zadym.
Ýüregimi dözdüm...
,,Aklyndan azaşan" dakyldy adym...
- Remezan Mämetgurbanow
13
68
smiling_
11.10.2024 13:58
30 günde 30 marafon: britaniýaly meýletinçi keselli adamlara kömek etmek üçin özüni synaýar.
30 günde 30 marafon: britaniýaly meýletinçi keselli adamlara kömek etmek üçin özüni synaýar
33 ýaşly britaniýaly Maýk Hamfri 30 dürli ýurtda 30 günde 30 marafony ylgamagy maksat edindi.
Reuters agentliginiň habar bermegine görä, onuň bu “synagynyň” esasy maksady adamlary hereket etmek mümkinçiliginden mahrum edýän we ölüme sebäp bolýan seýrek kesel bolan hereketlendiriji neýron keselini öwrenmek üçin serişde toplamakdyr.
Hamfri bu marafonlary alty aýa bölmek ýa-da goldaw toparyny ýanyna almak teklibinden ýüz öwürdi. Ol bu synagy özbaşdak we häzir geçmek isleýär.
Onuň syýahaty Barselonada başlady, ol 42 km geçip, suwa düşenden soň, Andorra tarap ugrady, bu ýerde-de ýene bir marafon aralygyny geçdi. Hamfri öz üstünligini sosial ulgamlarda görkezip, adamlary özüniň haýyr-sahawat kampaniýasyna goldaw bermäge ruhlandyrýar.
Hamfri muny dosty Kreýgde hereketlendiriji neýron keseli ýüze çykarylandan soň etmek kararyna geldi. Ýene bir dosty Karl 2013-nji ýylda bu keselden aradan çykdy. Hamfri keseliň höküm bolmagyny bes etmek üçin kömek etmegiň usulyny tapmak isleýär.
“Eger men bu meselä jemgyýetçiligiň ünsüni çekip bilsem, serişde has köp bolar. Belki, bu keseliň dermany-da uzakda däldir” – diýip, ol umyt bildirýär.
Marafon ylgawynyň bäşinji gününde, Kanndaky we Monakodaky ylgawlardan soň Hamfri GoFundMe haýyr-sahawat platformasynda eýýäm 10 müň dollardan gowrak serişde ýygnady. Onuň tutanýerliligi we çydamlylygy dünýädäki adamlary ruhlandyrýar.
12
70
smiling_
09.10.2024 14:19
Daň atandan Gün batynça: işde ukyň tutmazlygy üçin 8 sany täsirli usul.
Daň atandan Gün batynça: işde ukyň tutmazlygy üçin 8 sany täsirli usul
Iş ýeriňde mahalyň ukyň tutmagy — işleýän sagadyna ýa iş tertibine garamazdan, köp adamyň ýüzbe-ýüz bolýan umumy meselesidir. Bu ýagdaý iş öndürijiligiňi peseldip, keýpiňe ýaramaz täsir edip biler, käbir hünärlerde işleýän adamlaryň bolsa jan saglygyna-da howp salyp biler. Işleýän mahaly uklamak pikiri özüne çekiji bolup görünse-de, köpler üçin bu artykmaçdyr. Şol sebäpden, iş günüň dowamynda gujur-gaýratyňy we ünsüňi depginli saklamak üçin sekiz sany laýfhaky dykgatyňyza ýetirýäris.
Säher bilen gezim etmek. Günüňizi gysga wagtlyk gezelenç bilen başlaň. Arassa howa we ýeňil fiziki işjeňlik bedeniň gan aýlanyşyny stimulirleýär we energiýanyň derejesini ýokarlandyrýar.
Işe başlamazdan öň gysga wagtlyk uklamak. Eger meýilnamaňyza laýykl getirip bolýan bolsa, onda iş günüňize başlamazdan ozal 15 — 20 minutlyk uklamaga çalşyň. Bu, esasanam gijeki çalşyklarda işleýänler üçin peýdalydyr.
Yzygiderli arakesmeler. Birnäçe sagatdan gysga wagtlyk dynç almagy ýatdan çykarmaň. Ofisiň töwereginde gezelenç ediň ýa-da ganyňyzyň kadaly aýlanmagy üçin adaty maşklary ýerine ýetiriň.
Aýdyň yşyklandyryş. Iş ýeriňizde yşyklandyryşyň aýdyňlygy, ýagtylygy ýeterlik derejede bolsun. Tebigy yşyk bolsa has gowy bolar, ýöne bu mümkin bolmadyk ýagdaýynda aýdyň emeli yşyklandyryş hem ýardam eder.
Günüň dowamynda ýeterlik mukdarda suw içiň. Suwsuzlyk ýadawlyga we konsentrasiýanyň peselmegine sebäp bolup biler.
Kofein. Kofäni halaýan bolsaňyz, ukusyzlyga ýokary derejede täsirli bolar diýseňiz çalşygyňyzyň başynda içiň. Gijeki ukyňyňy bozmazlyk üçin bolsa günortan kofeinden içmekden saklanyň.
Aromaterapiýa. Sitrus, narpyz ýa-da jasmin ýaly ýakymly yslary ulanyň. Olar beýnini herekete getirip, konsentrasiýany artdyryp bilerler.
Energetik saz. Energiýa getiriji sazlar bilen özboluşly pleýlist dörediň. Saz keýpiňizi ýokarlandyryp, öndürijiligiňizi artdyryp biler.
Gijeki ukyny, deňagramly iýmitlenmegi we yzygiderli maşk etmegi sazlaşykly birleşdirýän sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem energiýany we öndürijiligi saklamakda möhüm hyzmata eýedigini ýatdan çykarmaň.
Peýdalanylan çeşme: www.mentoday.ru
11
39
smiling_
08.10.2024 18:04
Kalbyñ owazy.
Men ony köçeden gözläp tapmadym,
Gel-gel bu gün çykaryp bererim ýaly.
(Gurbannazar Ezizow)
Diwarlañ gulagy diñläp ýadady,
Alawlan içimiñ hümmüldisini.
Aýdylmadyk ymgyr ýatan sözlerim,
Ýaýar armanyñ sesini.
Julk boldym damjalan ahmyrlam ýuwdup,
Ýene-de duýgulam gussama ýuwdym,
Sowgat diýip berlen ak gündizlem,
Gijelerde geýen jebrime sowdum.
Hakym ýokdan bilýän,
Arzuwlarmy diri ýere gömmäge.
Biçärelik kowup gelýär arkamdan,
Deşik tapsam girjek gaçyp sümmäge.
Ýok,
Maña ýetmegine ýol bermen onuñ.
(Ýüregmi köçeden gözläp tapmadym)
Umydym galkanym, yhlasym galam,
Goranaryn gorkylamdan saplanyp.
L'autore: Uzuk Agamyradowna
11
57
smiling_
08.10.2024 08:55
Aglama diýme!
Aglasam agym ýetmejek,
Derdim bar, aglama diýme!
Em edäý, ömür bitmejek,
Ýaram bar, aglama diýme!
Ýüregmiñ yşyk tary,
Haýal - ýagal mydar bary,
Sessiz çekip çydar ýaly,
Merdiñ ýok, aglama diýme!
Kalby päk, göwni çagajyk,
Aglamak maña nämejik,
Şu gün ses edip aglajak,
Şertim täk, aglama diýme! :)
L'autore: Ogulnur Ataýewa
10
139
smiling_
07.10.2024 18:55
Men sary ýaprak.
Gaýbana şemalam aparar meni,
Ýekeje tolgunma... Ýekeje şatlyk...
Baldagymdan üzüp, goparar meni.
Men sary ýaprak.
Men topragy söýýän,
Topragam meni.
Aslym - toprak, öýüm - toprak,
Meniñ üçin ölüm - toprak
Hem başym hem soñum toprak.
Men sary ýaprak.
Düşnüksizje duýguly,
Yşkdan urguly. Ýatladýan gaýgyñy,
Paşmadyk söýgini.
Men sary ýaprak.
Aslynda men bagtly -
Siñýän topraga,
Diñýän birsellem,
Soñra dogýan täzeden.
Yrza hemmeden. Ýöne... ünji dur bir senden,
Bir senden...
L'autore: Laçyn BAZAROWA
8
33