50 dollara satyn alnan surat 200 müň dollarlyk eser bolup çykdy.
50 dollara satyn alnan surat 200 müň dollarlyk eser bolup çykdy
Kanadaly suratkeş Emili Karryň çeken suraty 20-nji noýabrda Torontoda auksiona çykarylar. Nýu-Ýorkda ownuk-uşak satuwda 61 ýaşly sungat söwdagäri Allen Treýbitz tötänleýin bir surata gabat gelip, ony bary-ýogy 50 dollara satyn aldy. Indi onuň auksionda 100-200 müň dollar bahasy bar diýip, CBC ýazýar.
Allen Treýbitz 40 ýyldan gowrak sungat eserlerini satmak bilen meşgullanýar. Ol Karryň döredijiligi bilen tanyş däldi, ýöne suratyň özboluşlylygyna derrew göz ýetiripdi. Suratda aýy bilen oňon (totem) sütüni şekillendirilip, onda suratkeşiň goly bar. Masset, Q.C.I. atly surat 1912-nji ýylda çekilipdir.
Treýbitz: “Bu suratda bir täsinlik bar. Ozal köp gyzykly zatlary tapypdym, ýöne bu surat olaryñ içinde iñ gymmatlysydyr".