Meksikanyň taryhynda ilkinji zenan Prezident öz wezipesine girişdi.
Klaudiýa Şeýnbaum 1-nji oktýabrda Meksikanyň taryhyndaky ilkinji zenan Prezident hökmünde wezipä girişdi.
Şeýnbaum Prezident kasamyny kabul etmek bilen: «Men Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Konstitusiýasyna we ondan gelip çykýan kanunlara hormat goýmaga hem-de amala aşyrjakdygyma, halkyň maňa ynanan iň ýokary wezipesini sadyklyk we watanperwerlik bilen ýerine ýetirjekdigime kasam edýärin» diýdi.
Syýasatçy zenan özüniň inauguratsiýa dabarasyndaky çykyşynda häkimiýete gelşi barada aýdyp, Meksikada öz durmuş ornuny tapmak üçin göreşip, şonuň ýaly-da, aýal ýa-da erkek bolup doglandygyna garamazdan, deňhukuklygy arzuw edýän ähli ynsanlaryň goldaw-hemaýaty bilen bu ýokary wezipä gelendigini belledi.
62 ýaşly Şeýnbaum 2018 — 2023-nji ýyllarda Mehiko şäheriniň meri wezipesinde işledi. «Morena» partiýasy ony prezidentlige dalaşgär hökmünde görkezdi. Şeýlelikde, ol bu ýylky saýlawlarda ýeňiş gazanyp, saýlawçylaryň 59,3 göterimi Şeýnbaumy goldady.
«TürkmenGazet».