smiling_
13.10.2024 11:34
Ynamsyzlyk...

Söýýän-köýýän diýäýseler geñläpdim,
Indi bilýän söýgiñ otsuz közlänin.
Söýgime duşamda dertden ýeñläpdim,
Bilmän galýan ýoklugyñda gözlänim.

Meñ duýşum deý senem meni eşit ýar,
Elmydama bile ýaly bir tende.
Ýürek söýse gözden añyp eşitýär,
Gözleñ yşk peýkamyn kalba dürtende.

Nirä baksam göz öñümi tutup dur,
Gara gözleñ dikanlaýşy nazary.
Şol bakyşyñ söýgä sary itip dur,
Duýgyma garyşdy yşgyñ gazaby.

Lälijek göwnümem mydam kineli,
Ökünip ýör senli günleñ azlygyna.
Söýýän diýip aldap ýörmüñ hi-meni?
Ýogsada ynandyr hokgabazlygña.



L'autore: Zehin Çaryýewa
9
51
orazow96
13 Oktýabr 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.