smiling_
12.10.2024 21:20
Ynamdan gaçmañ.

Bir adam aýdaýsa içdäki syryn,
Duşmanlañ ýanynda oñ syryn açmañ.
Iki ýüzli bolmañ mydam mert duruñ,
Ynamdar adam bol, ynamdan gaçmañ.

Señ üçin jan berjek dostlañ ýoluna,
Mydam ýagty boluñ hiç haçan öçmäñ.
Düşürip dostlarñy duşman goluna,
Namart adam bolup, ynamdan gaçmañ.

Başarmajak işiñ goýsa öñüñde,
Başararyn diýip hiç kasam içmäñ.
Soñra durup bilmän beren sözüñde,
Özüñ masgaralap ynamdan gaçmañ.

Saýlada söý birin şonda-da duruñ,
Sähel zada söýen ýaryñdan geçmäñ.
Öz söýen ýaryña wepaly boluñ,
Biwepalyk edip ynamdan gaçmañ.

Puluñyz ýok wagty ýerde süýrelip,
Sähel pul tapsañyz asmana uçmañ.
Ýa wezipäñ galyp sähel beýgelip,
Bolşuñyz üýtgedip ynamdan gaçmañ.


- Hanmyrat Nurmyradow
9
107
smiling_
13 Oktýabr 2024
@enes_∞, Men yatyp galypdyryn 🙄
enes_∞
13 Oktýabr 2024
@smiling_, 🤗❤️
enes_∞
13 Oktýabr 2024
@smiling_, Pozdum men teswirleri poka sagamanja yatyp tur
smiling_
13 Oktýabr 2024
@enes_∞, Wii😁
smiling_
13 Oktýabr 2024
@enes_∞, güldürdiñ 😄 urduñmy janaweri 🥲
smiling_
13 Oktýabr 2024
@enes_∞, Içiñ gysýar öýtýän 😁 ýatda 🙄
smiling_
13 Oktýabr 2024
@enes_∞, bir birdan gidip barýañyz... sebäp?
smiling_
13 Oktýabr 2024
@enes_∞, Gowy menem. Hawa ýatmadyñmy
smiling_
13 Oktýabr 2024
@enes_∞, Salam Ejekeýik ýazan ýagşy gowçulykmy?
enes_∞
13 Oktýabr 2024
Salam Üzümgül gic yagsy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.