smiling_
09.10.2024 14:19
Daň atandan Gün batynça: işde ukyň tutmazlygy üçin 8 sany täsirli usul.

Daň atandan Gün batynça: işde ukyň tutmazlygy üçin 8 sany täsirli usul
Iş ýeriňde mahalyň ukyň tutmagy — işleýän sagadyna ýa iş tertibine garamazdan, köp adamyň ýüzbe-ýüz bolýan umumy meselesidir. Bu ýagdaý iş öndürijiligiňi peseldip, keýpiňe ýaramaz täsir edip biler, käbir hünärlerde işleýän adamlaryň bolsa jan saglygyna-da howp salyp biler. Işleýän mahaly uklamak pikiri özüne çekiji bolup görünse-de, köpler üçin bu artykmaçdyr. Şol sebäpden, iş günüň dowamynda gujur-gaýratyňy we ünsüňi depginli saklamak üçin sekiz sany laýfhaky dykgatyňyza ýetirýäris.

Säher bilen gezim etmek. Günüňizi gysga wagtlyk gezelenç bilen başlaň. Arassa howa we ýeňil fiziki işjeňlik bedeniň gan aýlanyşyny stimulirleýär we energiýanyň derejesini ýokarlandyrýar.

Işe başlamazdan öň gysga wagtlyk uklamak. Eger meýilnamaňyza laýykl getirip bolýan bolsa, onda iş günüňize başlamazdan ozal 15 — 20 minutlyk uklamaga çalşyň. Bu, esasanam gijeki çalşyklarda işleýänler üçin peýdalydyr.

Yzygiderli arakesmeler. Birnäçe sagatdan gysga wagtlyk dynç almagy ýatdan çykarmaň. Ofisiň töwereginde gezelenç ediň ýa-da ganyňyzyň kadaly aýlanmagy üçin adaty maşklary ýerine ýetiriň.

Aýdyň yşyklandyryş. Iş ýeriňizde yşyklandyryşyň aýdyňlygy, ýagtylygy ýeterlik derejede bolsun. Tebigy yşyk bolsa has gowy bolar, ýöne bu mümkin bolmadyk ýagdaýynda aýdyň emeli yşyklandyryş hem ýardam eder.

Günüň dowamynda ýeterlik mukdarda suw içiň. Suwsuzlyk ýadawlyga we konsentrasiýanyň peselmegine sebäp bolup biler.

Kofein. Kofäni halaýan bolsaňyz, ukusyzlyga ýokary derejede täsirli bolar diýseňiz çalşygyňyzyň başynda içiň. Gijeki ukyňyňy bozmazlyk üçin bolsa günortan kofeinden içmekden saklanyň.

Aromaterapiýa. Sitrus, narpyz ýa-da jasmin ýaly ýakymly yslary ulanyň. Olar beýnini herekete getirip, konsentrasiýany artdyryp bilerler.

Energetik saz. Energiýa getiriji sazlar bilen özboluşly pleýlist dörediň. Saz keýpiňizi ýokarlandyryp, öndürijiligiňizi artdyryp biler.

Gijeki ukyny, deňagramly iýmitlenmegi we yzygiderli maşk etmegi sazlaşykly birleşdirýän sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem energiýany we öndürijiligi saklamakda möhüm hyzmata eýedigini ýatdan çykarmaň.

Peýdalanylan çeşme: www.mentoday.ru
11
37
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.