smiling_
03.08.2024 13:43
Gyzlaryň gürrüňi gutararyna mähetdel Nazar..
— Salam, Keýik! — diýdi. Gyz gapdalyna ýalta seredip, Nazary tanady:
— Wiý, bu sizmi?
— Näme, men özüme meňzämokmy? — diýip, Nazar ýylgyrdy.
— Meňzeýäniňiz üçin soradym-da — diýip, Keýik hem mylaýym ýylgyrdy. Şol wagt zaldaky yşyklar öçüp, sahna ýagtylandy, spektakl başlandy.
...Daşary çykanlarynda Nazar:
— Keýik, seni öýüňe çenli ugratmak
mümkinmi — diýdi. Gyz bu teklibe garşy däldigini bildirmän:
— Gerekmi şu... ugratmak? — diýdi.
— Gerek bolansoň aýdýan-da — diýip, Nazar ýylgyrdy.
Keýik soňra ekabyrlanyp:
— Näme üçin gerekdigini aýtsaň razylyk bereýin — diýdi.
— Ony ýolda aýdýan.
—Aýdanyň maňa ýakmasa, öýkelederin. Şoňa razy bolsaň gidäýeli!
— Men razy, gitdik! Keýigiň boýdaşy bilen Nazaryň dosty öz ugurlaryna gitdiler. Olar bolsa başga ugra ýöneldiler. Ýolda Nazar Keýigiň aşaklyk bilen özüni synlaýandygyny aňyp, özüniň nähili hem bolsa gyzda bir ýakymly täsir galdyrandygyna gözýetirdi. Keýik onuň ýolda aýdaryn diýen sözüne garaşdy.Ýöne Nazar nämäniňdir pi- kirini edip, dymyp gelýärdi. Onsoň Keýigiň özi soramaly boldy:
— Ýolda aýtjak diýeniňi aýtmadyň-a?
—Aýtjagym... Telefon belgiňi beräýseň...
— Meniň telefon belgim saňa näme üçin gerek,oglan?
— Men seniň şunuň ýaly soragyňa duralgada jogap beripdim — diýip, Nazar ýylgyrdy.
— Jogabyň ýadymda. Bolýar, juda gerek bolsa bereýin — diýip, Keýik mylaýym äheňde aýtdy.
Keýigiň el telefonynyň belgisini bermegi Nazar üçin elýetmez bagtdy. Çünki ol bu agşam öz bagtyny tapanyna ýüregi bilen ynanýardy.
Arazgeldi ÝEGENOW,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
16
18
smiling_
03.08.2024 10:25
Hiç zat tötänlikden däl (Hekaýa).
Şol gün Nazar işine hemişekisinden gijräk galyp barýany üçin çalt ýöräp, duralga geleninde awtobus hem garaşdyrman geläýdi. Awtobus saklanandan Nazar howlugyp, dogrusyndaky öňki gapa tarap okdurylanynda ondan düşüp gelýän gyzyl paltoly gyz bilen çaknyşanyny duýman galdy. Gyz gaşlaryny çytyp:
— Awtobusa yzky gapydan münülýändir-ä — diýip gatyrgananda:
— Bagyşlaň, akylly gyz! — diýip, Nazar ötünç soran boldy.
Gyz ýigidiň özüne «Akylly gyz» diýip kakdyranyna hiçzat diýmese-de, nägilelik bilen garap gitdi.
Awtobus on bäş minut çemesi ýol geçip, Nazaryň düşýän duralgasyna golaýlanda onuň oturan oturgyjynyň aşagyndan el telefonynyň jaňy eşidildi. 0l haýran galmak bilen sermelenip, eline ilen telefony götereninde, imodan gelen jaňda häli gapyda çaknyşan gyzyň keşbi göründi. Nazaryň keşbi gyzyň jaň eden telefonynda görnen bolsa gerek.
— Wiý, telefonymy siz tapdyňyzmy?
— Hawa, awtobusda oturan ýeriňizde galdyrypsyňyz.
— Indi, sizden telefonymy nädip alarkam?
— Meni tapjak bolup azara galmaň, özüm elinje eltip beräýerin.
— Siz meni nädip tapmakçy?
— Bizi ilki sataşdyran duralgamyzdan taparyn. Çenim çen bolsa, siz şol duralga golaý bir ýerde işleýän bolmaly. Işden çykjak wagtyňyzy aýtsaňyz, men şol ýere guş deý uçup baraýaryn — diýdi.
Gyzyň şähdi açylyp güldi:
— Bolýar. Men şol ýerdäki çagalar bagynda işleýän. Işden soň şol duralga çykaryn — diýip jogap berdi.
Şol sözden soň Nazar işde otursa-da, hyýalyndan gyzyň keşbi gitmedi, göz öňüne geldi durdy. Belleşilen wagt golaýlaşandan ol işinden irräk çykyp, şol duralga geldi. Gyz hem köp garaşdyrmady. Jorasy bilen duralga tarap gelýän gyza gözi düşen Nazaryň ýüreginiň urgusy artdy. Ýanyndaky jorasynyň:
— Keýik, ertire çenli hoş! — diýenini eşiden Nazar gyzyň adyny bilip galdy. Uzyn boýly, gara gözli, ak ýüzli gyz ýylgyryp Nazaryň ýanyna geldi-de:
— Salam, guş deý uçup geldiňizmi? — diýip, degişme äheňinde gepledi.
Nazar onuň çekinmän, birden beýle degişmä geçenine haýran galyp:
— Özümiň aýdyşym ýaly, siziň gaýtalaýşyňyz ýaly bolup gelendirin, Keýik gyz! — diýdi.
— Tüweleme, eýýäm adymam, boýdaşymyň agzyndan kakyp alypsyňyz-a.
— Gerek zadyňy nädip alsaňam almaly bolýar.
Onýança awtobus geldi. Gyz:
— Hany, telefonymy beriň! — diýip, Nazaryň elinde tutup duran telefonyny aldy-da: — Sag boluň! — diýip, howlugyp awtobusa mündi. Nazar awtobusyň yzyndan seredip galyberdi.
Birnäçe günläp Nazaryň hyýalynda Keýigiň keşbi saklandy. Ýöne wagt diýilýän zadyň geçmegi bilen, adamda nämedendir galan täsirler nähili güýçli bolsa-da, kem- kem öz güýjüni ýitirip başlaýar. Keýigiň keşbi hem Nazaryň hyýalyndan barha daşlaşyp barýardy. Emma ykbal diýen gudratyň elinden gelmeýän zat ýok. 0l Nazary ýene özi maňlaýyna ýazan gyzy bilen duşurdy.
Bu gezek şeýle boldy. Şol gün Nazaryň iş ýerinde Aşgabatdan gastrola gelen teatryň spektaklynyň örän gyzyklydygy hakynda gürrüň boldy. Nazar hem işdeş ýoldaşy Mäti bilen agşam şol spektakly görmäge teatra bardylar. Olar biraz gijä galyp barypdyrlarmy, petek alyp girenlerinde zal tomaşaçylardan doludy. Petekde ýazylan ýerlerini tapyp, oturmakçy bolanlarynda özleriniň ýeriniň gapdalynda oturan gyza nazary kaklyşan Nazaryň ýüregi jigläp git¬di. Bu Keýikdi. Keýik ýanyndaky gyz bilen gürleşip oturşyna, gapdalyndaky boş ýere gelip oturanyň kimdigine üns bermedi. Gyzlaryň gürrüňi gutararyna mähetdel Nazar...
16
150
smiling_
02.08.2024 15:35
Üstünligiň syry.
Adamyň biri parkda ýeke özi oturdy, kellesini elleriniň arasyna syrly-syrly pikirlenýärdi. Işleri bulaşyp, batmaklayga ýakyn bolan telekeçi biridi. Näme etse etsin işleri düzelmeýärdi. Bir tarapdan kredit berenler ony gyssaýarka, beýleki tarapdan-da bir topar adam töleg edilmegine garaşýardylar. Erbet içi gysypdy, hiçbir çözüw ýoluny tapyp bilenokdy. Şonuň üçin hem parkda ýadawlykdan ýeňlemek üçin oturýardy.
Edil şol wagt hem ýanyna garry ýaşuly geldi-de: “Gaty gamgyn görünýäňle. Seni birahat eden bir zadyň bardygy belli...Meň bilen paýlaşmak isleýärmiň?” diýip sorady. Telekeçiniň iňirdemesini diňläninden soňra, “Saňa kömek edip bilerin” diýdi. Çek depderini çykardy-da, telekeçiden adyny sorady we oňa bir çek ýazdy. Çegi oňa berende bolsa şeýle diýdi; “Bu pul seňki. Bir ýyl geçenden soňra seň bilen şuýerde duşuşaly. Şonda bergiňi töläp bilersiň. Al onda!”. Ýaşuly adam gelşi ýaly çaltjak itirim boldy.
Adam elindäki çek bilen sessiz galdy. Birden çegiň ýüzündäki ýüz müň dollar we çekilen goly görende haýran galdy. Gol ýurduň iň meşhur baý adamlaryndan biriniňkidi. Ilki “Hemme bergilerimi töläp bilerin”diýip pikir etdi. Ýöne yzyndan bir ýyl soňra nädip gaýtaryp bermelidigini pikir edip goýbolsun etdi. Bu gymmatly çegi seýifinde saklady.
Çegiň seýifde duranlygy ony rahat edip, işine täzeden hujuw bilen ýapyşmaga ylham berdi. Çözülmeli meseleleri yzygiderli ýeke-ýeke çözmäge başlady. Işler ýola girip bergilerini töläp başlady. Soňra az-azdan girdeýji edinip başlady. Bir ýyl dowamynda uly höwes bilen işledi. Doly bir ýyl geçenden soňra, ulanylmadyk çek bilen parka bellenen ýerde ýaşuly adama garaşdy. Edil wagtynda ýaşuly başagaýlyk bilen gelýändigini gördi. Çegi yzyna berjek bolan wagty bir şepagat uýasy peýda boldy we ýaşulyny tutup saklady. Şepagat uýasy “Ony tapanlygyma örän begenýän. Size birahatlyk beren däldirä?!” diýdi. “Sebäbi bu ýaşuly dowamly garrylar öýünden gaçyp, adamlara özüniň belli baý adamdygyny aýtýar.” diýip şepagat uýasy telekeçä ýene ýüzlendi. Soňra ýaşulyň golundan tutup gözden ýitirim boldylar.
Telekeçi geň galmak bilen doňup galdy. Doly bir ýylyň dowamynda ýanynda ýüz müň dollar bardygyna ynanyp birnäçe uly işler edipdi. Birden durmuşynyň gidişini üýtgeden zadyň puluň däldigine göz ýetirdi. Durmuşyny üýtgeden zadyň içindäki dörän özüne bolan ynamdy.
Üstünligiň syry seýifimizde duran däl, kalbymyzda we beýnimizdäki bolan zatlardyr.
Başga ýerden gözlemeklik hökman däl!
20
68
smiling_
02.08.2024 08:59
Özüni mata ýaly duýýan gyz.
- Iň gowusy maňa eliňizem, diliňizem degirmeseňizläň, gelineje!
- Men nä biläýin gyz, suratlarda gaşsyz ýaly bolup duraňsoň biraz reňkläýjekdim...
- Reňklemäň! Nä size sypatymdan zeýrendimmi?Ýa gelýän-gidýänler, soraýan-ideýänler, gyzyňyzyň gaşy hilal, ýöne biz galyň gaşlylary halaýas diýäýýämi?
Maňa indi ullakan gyz bolupdyr diýýäler. Gowy gyz diýýämişler, temek diýýänlerem barmyş. Garaz birgiden myş-mişler. Ýöne men özümi soňky wagtlar mata hasaplaýan. Hamala kimdir biri meni nätanyş ülkeden, köne döwürden getirip, öýi elmydama akan-dökän bolan tikinçiň öýüne arzan pakediň içine salypdyr-da, bir çüňke oklapdyr.
- Menem indi il ýaly gyzymy yzyma tirkäp toýa gidesim gelýär, “gitjek däliňi” bilemok, tur derrew!
- Menem saňa: “Ýüwel aýal gyzyny toýa äkider”—diýýän-dä. Ýüwelleşesiň gelýäm-aý eje, özem, saçyňdan ak girip başlandan soň?!
- Howwa, ýüwelleşesim gelýä, akyl öwretme...
Bu ýerde mata köp, üsti-üstine eplenip duranlaram bar, tikinçiň okuwçylarynyň paketleň içine düýrläp dykanlaram kän. Gyýkyndylar-a hapaly karopka dolansoň, göni zibile. Içinde aglaşýanlary-da bar: “Bolmanda, begeýik hökmünde bir ulanaýyň meni”—diýip. Ozal-ebetde matalaň maňlaý ýazgysy şeýle ýazylandyr-da, ilki çyrpyl, soň ütük, soň biçüw, soň tikim, soň ütük, galan ýerlerem iru-giç zibile.
- Şolar maňa gelen bolsa, men-ä barardym.
- Näme üçin?! Diñe biraz puly köp diýipmi?!
- Pulam köp, sypatam erbet däl-ä gyz!
- Akmaklygyñam nesilden-nesile geçýänini bilýäñmi?! Çöññeligiñ... Soñrak... aý, bolýa-la.... Mata bolmagam aňsat däl, her kim galyňmy ýa ýuwkalygy, arzanmy ýa
gymmatlygy bilen gyzyklanýar. Haýsy moda görä tikilmeli? Haýsy tikinçilik öýüniň ýa-da haýsy artistiň stiline öýkünjegini pikirlenýär köplenç tikinçi.
“öýkünsemem men has gowy çykardym”—diýip, eslije pul almaň derdindedir.
Eýesi näme? Eýesem toýda iň owadan boljakdan, iň del, gaňrylyp seretdirýän
we.şm. ýüregedüşgünç “eýdeli-beýdelileň” içinde mataň pikiri bilen gyzyklanýanam ýok. Näçe gygyranda näme “Aslynda men eýle-beýle tikilmeli”— diýip, diňleýji ker bolsa. Belkem, ilkem diňlejek bolýanam ýokdyr biz mata görgülileň halyny.
- ...gyzym, ýaşlyk etme, ataňam menden bäş ýaş kiçi. Kösenip oň ýaly gowy jaý
salmagam aňsat däl bu zamanda...
- Ene! Adam garradygyça iki zada bolan söýgüsi artýarmyş: mal-baýlyga hem
ýaşaýyşa. Mata bolmak hakda kän gürlän ýaly bolup durun. Mata-da matadyr welin, şeýle bir ýagdaý bar. Seň halamaýan mataňy alyp, halamaýan tikinçiňe seni ölçetmäge äkidýärler. Halamaýan stiliňde köýnek dikdirýärler. Halamaýan toýuňa äkidýärler. Toýda halamaýan kişileriñ, halamaýan hereketlerňe eliňden çekip, arkaňdan itekläp, ugrykdyrjak bolýarlar. Şonda mata bolmak ýene has aňsadyrak ýaly görünýär gözüme. Ýa-da mata bolmak bilen bu ikisi bir zatmy? Aslynda halanmaly däl kişi, gelinejemiň ýaňzydyşy, köne goňşyň aýdyşy ýaly belkem, mendirin? Labirintiň içinde taşlanylyp gidilen mata ýaly, ýok.... kiçijik gyzjagaz ýaly duýýan özümi.
©Jan Jennet
30
360
smiling_
02.08.2024 00:03
Akylly gyz 5 final.
Bu gezek Maral onuň sözüni böldi... Gürrüň diňe bir toý tutmakda däl, Eziz.
Eýsem gürrüň nämede ?
Biz durmuş gurmaga taýýarmy ýa ýok ? Gürrüň, ine şunda.
Bu näme diýdigiň bolýa. Men-ä şu güne çenli sen meni söýýämikäň öýdüp ýördüm. Ýa-da men ýalňyşypdyrynmy ?
Ýok, bu babatda sen ýalňyşaňok. Meniň ýüregimde senden başga orun ýok. Ýöne meniň öz arzuwlarym hem bar. Men okamagy, lukman bolmagy ýüregimde besläpdim. Sen hem hökman okamaly, ýokary bolmasa-da, orta bolsa-da, bir hünäri ele almaly. Ikimiz hem durmuşdaky ornumyzy tapmaly, ana, şondan soň durmuş gursak biz bagtly bolup bileris. Çünki, ynsan öz esasy bagtyny diňe zähmetden tapýandyr. Şonuň üçin, sen hem şu wagt mümkinçilik barka, belli bir hünäri saýla.
Be, sen hem indi şeýle diýdiň-ow – diýip, Eziz dymdy. Dymyşlyk uzaga çekdi. Ahyry dymyşlygy Maral bozdy:
Eziz dymdyň-la beýle, ýa-da meniň diýenimiň nädogry ýeri barmy? Men-ä gaýtmakçy sen hem ýat, tur oýlanyp gör. Meniň bilen ylalaşman hem bilersiň, ýöne men öz pikrimden dänmekçi däl. Sen hem özüň bil, men hem saňa ýagşylylykdan başga zady islämok. Hoş, sagbol. Eziz oňa «Sagbol» hem diýmedi.
Hemişe şadyýan ýylgyryp, hiňlenip gapydan girýän Eziziň bu gün dymyp, keýpsiz geleninden ejesidir kakasy nämedir bir üýtgeşikligiň bolanyny aňdylar. Ýöne, sebäbini soramaga howlukmadylar. Eziz aýtjagam bolmady. Onuň keýpsiz, hiç kim bilen gürleşmän gezmegi, öz tamyndan çykman gözüni bir nokada dikip ýatmagy, iki hepde dagy dowam etdi. Ahyry bir netijä gelendir-dä. Ir bilen çaý içip oturan kakasyna ýüzlendi: Kaka, arada men seni diňlemän göwnüňe degen ekenim, meni bagyşla – diýdi. Indi birnäçe wagtdan bäri hiç ynjalygy bolman ýören Söýüniň ýüregi ýerine gelen ýaly boldy.
Hawa, ogul, indiki mesele ?
Indimi, kaka öňi bilen-ä okuwymy oňat tamamlajak. Soňam ýokary okuwa synanyşjak. Girip bilsem-ä okaryn, girip bilmesem hem güýzde harby gulluga gitjek. Ýöne, gullugy tamamlanymdan soň hem, hökman okamaly diýen karara geldim.
Berekella, oglum, ine, munyň hakyky ýigidiň gürrüňi boldy – diýip, Söýün guwançly seslendi. Häliden bäri bularyň gürrüňine goşulman oturan Gülsenem gelneje:
Oglum, bu pikiri özüň tapdyňmy ýa Maral jan salgy beräýdimi ? – diýip, ýylgyrdy. Kakasy hem güldi. Eziziň ýüzi çapaty ýaly gyzardy.
Ýa, eje, senem oňarýaň-ow – diýip, turup gitdi. Söýün:
Bolsa-da, ol gyz akylly gyz ekeni – diýdi. Öz garaşan netijesi çykan Gülsenem:
Dursun gelnejäniň terbiýesini alan gyzyň başgaça bolmaga haky hem ýok diýdi.
Kemal SABYROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
21
77
smiling_
01.08.2024 19:37
Akylly gyz 4
Agşamlyk maňa bellisini aýt... Ertirlik çaýy şunuň bilen içildi, Söýün işine gitdi, Eziz mekdebe. Ikisinem ugradyp, Gülsenem hem Dursun gelnejelere ugrady. Dursun gelneje obadaşyny gadyrly garşylady:
-Gülsenem, bu senmi asyl ? Geleweri, töre geç, şeýdip arasynda oturmaga dagy gelip durarlar. Öz obamyň gyzyny görsem, edil obamy gören ýaly bolaýýan. Düşek ýazyldy, orta saçak ýazylyp, çaý getirildi. Gülsenem ýuwaşlyk bilen gelmeginiň sebäbini aýtdy. Dursun gelneje birbada oýunlyga saldy: Wiý, asyl çen sawçylyga geldim diýsene, onda näme eliňde iki köke salnan saçak görnenoga ? Ýa-da şähere göçüp gelensoň, obaň däbini unudaýdyňmy gyz ? – diýip, gülüp goýberdi. Gülsenem hem ýylgyrdy.
Dursun gelneje meni-ňä oýun ýadyma düşenok. Bu mesele gaty möhüm we näzik. Özüňiz ýaly bir ýaşulurak adam bilen maslahatlaşaýmasak, biz-ä alajy guradyp oturandyrys.
Mundan soň çynlakaý keşbe geçen Dursun gelneje:
– Hany, ýüregiňi ele alyberme gyz. Gaýa ýok, gopuz ýok, nämä darygyberýäň. Çagajyklarymyz gaty bir biedep däldirler. Ýollaryny üýtgetjek bolsalar hem entek öňlerinde özümiz bardyrys. Hany, sen aýt, näme etsem diýýäň ?
Biz-ä kakasy bilen entek oglumyzy öýermek niýetimiz ýok. Ol entek harby gulluga gitmeli. Soň hem okamaly, bir maşgalany eklär ýaly hünär edinmeli, soň maşgala gurmaly. Eziz bolsa, «Ilki öýlenjek, galanyna soň hem ýetişerin» diýýär. Biz-ä oňlamzok, ol hem bize gulak asmajak bolýar. Indi, siz şu meselede gyzyňyz bilen oňatja gürleşseňiz. Eziz bizi diňlemesede Maral jany diňlär. Siz Maral jana düşündirseňiz, Maral jan bolsa Ezize düşündirse, biziň-ä kakasy bilen gelen netijämiz şu.
Hä, şeýle diýsene, gaty gowy oýlapsyňyz, öňi bilen ýaş wagty okamaly, bir hünär edinmeli, haçana çenli ejesidir kakasynyň gazanjyna daýanmaly. Bolýa, men gyzym bilen özüm oňatja gürleşerin, Maral jan gaty üşükli gyzdyr, özi Ezize oňatja edip düşündirer. Şunlukda, Gülsenem Dursun gelneje bilen hoşlaşyp gaýtdy.
Eziz birnäçe günläp Maral bilen ikiçäk duşuşyp bilmedi. Ahyry duşuşdylar. Hemişe bolşy ýaly Maral dymýardy, Eziz bolsa şol gürläp durdy. Emma Eziz näçe gülküli gürrüňler aýtsa-da, Maralyň ýüzi açylmady. Ahyry Eziz: Maral, saňa näme bolýar, seniň keýpiň ýokla ? – diýip sorady. Maral birbada jogap bermän dymsa-da, soňra gürläp başlady:
– Eziz, men şu gün seniň bilen açyk gürrüň etmekçi. Ikimiz birnäçe wagt bäri halaşyp ýörüs. Basym orta mekdebi hem tamamlaýas. Onsoň, sen gulluga gidersiň. Eziz onuň sözüni böldi: Asyl sen şony gaýgy edýärmidiň ? Biler bolsaň, men gulluga güýzde gidýän. Oňa çenli biz toý tutup ýetişýäs.
Bu gezek Maral onuň sözüni böldi..
24
77
smiling_
01.08.2024 15:14
Akylly gyz 3
Aşak bakyp oturan Eziz... Kaka, ýaňy gitjek wagtym sen meň bilen gürleşjek diýeniňden, men seniň şu meseläni gozgajagyňy aňypdym. Dogrymy aýtsam, kaka, meň sizden gizlin zadym ýok. Ejem-ä çalarak aňýaram, men okamak barada pikir hem edemok. Meniň halaşýanym bar, okuwy tamamlasak, men oňa öýlenmekçi. Galanyny soň görüberýäs, özüň aýdyp otyrsyňa «ýigit çykypsyň» diýip.
Ozalam oglunyň özüni alyp barşyndan nägile bolup ýören Söýüniň gahary geldi, bolsa-da özüni sowukganlylyk bilen saklady. Ogluny çar tarapdan gabamagy ýüregine düwdi: Aý, oglum, ýüregiňdäkini gizlemän aýdýanyňam bir gowy zat. Aýtman, diýmän bir işler goparyp oturyberseň, näderdim. Ýöne bu durmuş seniň göz öňüňe getirişiň ýaly-ha däldir. Hemmesiniň soňy bardyr.
Kaka, saňa akylly bolup görünjek bolamok, ýöne esasy zat, ol gyz meni söýýär, menem ony. Ikimiziň ýüregimiz bir ursa, galanynyň bir alajy bolar.
Ana ähli gep hem şonda ahyry. Siz durmuş gurmaga taýynmy, soňky gün maşgala eklemeli bolaňda nädersiň ? Men orta mekdebi tamamlanymdan soň, harby gulluga gitdim. Gelibem okuwa tabşyrdym, ilki girip bilmedim. Şonda ejem-kakama artykmaç ýük bolmajak bolup gurluşykda işledim, öýümiziň bir agzasy hökmünde goşant goşdum, gijesine ýatman okuwa taýýarlanýardym. Üçünji gezekde okuwa kabul edildim. Diýjek bolýanym, sen soň bir maşgalany eklär ýaly hökman bir hünäri ele almalysyň. Ýogsam soň gaty kösenersiň.
Eziz sähelçe-de oýlanman: Kaka, öýlenensoň hem hünär edinip bolar-a, okabam bolar, ýa ýalňyşmy meň diýýänim ?
Söýün janyýangynlyk bilen: Aý, oglum, näme etjek özüňi özüň kösäp. Öýlenseň, ýanýoldaşly bolarsyň, çagaly bolarsyň. Onsoň olary iýdirmeli, geýdirmeli, men-ä haýran, nädip okajak, hünär edinjek. Şu wagt mümkinçilik barka peýdalan-da, erteki günüňde maşgalaňy arkaýyn dolandyrar ýaly boljak bol. «Soňky puşman özüňe duşman» diýleni, galanyny hen özüň ýatyp-turup oýlanyşyp gör – diýip, Söýün sözüni tamamladym etdi. Eziziň jogaby nagt boldy:
Kaka, biz oýlanyşylan ýaly, eýýäm bir karara gelip goýduk, pikirimi üýtgetmek niýetim ýok.
Ýeňse damarlary gatap, gahary ýetjek derejesine ýetse-de, Söýün gahara erkini bermedi. Eziz hem turup, öz otagyna gitdi.
Gijesi bilen dürli oý-hyýallara üstüni basdyran Söýüniň gözüne uky gelmedi. Emma belli bir bogan sübsesi hem bolmady. Ir bilen çaýyň başynda aýaly: Nätdiň kakasy, agşam ogluň bilen gürleşdiňmi ?
Gürleşmesine-hä gürleşdim welin, ýöne hiç hili netije bolmady. Ogluň şol bir heňi. Meniň-ä başym çaşdy, indi näderimi bilemok.
Kakasy näme etsek hem bir çykalga tapmasak bolanok.
Ol barada men bütin gije oýlandym. Ogluň halaşyp ýören gyzyny, ata-enesini tapmaly-da, bilelikde maslahatlaşyp iş alyp barmaly, şeýtsek bir netije gazanarys. Ýogsa-da, ogluň olary sen tanaýaň diýen ýaly etdi. Kimiň gyzy ol ?
Aý, olar bir tanalmaz ýaly adamlar däl. Gaty bir daşda hem ýaşanoklar. Ejesi-hä meniň obadaşym hem. Ho-ol, täze açylan çagalar bagynyň ýanynda ýaşaýan Tagan aganyň körpe gyzy, ejesi hem Dursun gelneje, özler-ä erbet adamlar däl. Dogrusy, özüm hem bu barada Dursun gelneje bilen gepleşip görsem diýip ýördüm, mazaly pikirimiz bir çykdy.
Gürleşjek bolsaň, haýal etme, şu günden gijä goýma. Agşamlyk maňa bellisini aýt...
27
270
smiling_
01.08.2024 09:39
Akylly gyz 2.
Gülsenemiñ ýanyna bardy...Eziz janyň ejesi, hany, bir çäýnek ajy çaý demle-de, özüň hem ýanyma gel, bir çaý başynda gümür-ýamyr edeli.
Gülsenem adamsynyň aýdanyny derrew ýerine ýetirdi. Demli çäýnegi gaýtaryp oturyşyna, Söýün ýuwaşjadan gürrüňe başlady: Senem, tüweleme, oglumyzam indi ýigit çykypdyr. Ýene-de üç-dört aýdan mekdebi tamamlaýar. Güýzde on sekizi dolýar. Ýöne oglumyzyň ne okuwa gitjek, ne-de bir hünärli boljak diýmän, eýýämden kellesini «Öýlenmek» diýen pikir eýeläpdir. Meniň pikirimçe-hä, onuň bu hereketi ýaşlygyň ýelginine häki bir geldi-geçer höwes bolaýmasa. Çünki, durmuş gurmak oýun oýunjak zat däl ahyry. Iň bir agyr ýeri-de, oňa bu hakykaty düşündirip bolanok. Ol sözüňi soňuna çenli diňlänoga. Bar bilýäni: «Men ol gyzy halaýan, ol hem meni. Halaşýanlara durmuş gurmaga garşy çykmaga hiç kimiň haky ýok» diýmek. Meniň-ä soňky hepdede ýatyp, ukym tutanok. Muňa bir çykalga tapmasak bolmaýar.
Adamsyny mazaly diňlän Gülsenem: Kakasy, şol mesele-hä meni hem rahatlandyranok. Alajyny etmesek, bir gelşiksiz ýagdaýa düşäýmegimiz gaty ahmal. Synp ýolbaşysy Sonagül mugallym «Gelneje, Eziz jana soňky günler bir zad-a bolýar. Ol okuwdan gün-günden sowaşyp barýar» diýensoň-a, meniň gözüme uky gelmedi. Indi bir alaç edäýmeseg-ä, munuň soňunyň nämä eltjegini men-ä bilemok – diýdi.
Men bu mesele barada kakam bilen hem gürleşdim. Kakam-a bar günäni meniň özümde goýdy. Dogrudan hem, oglumy terbiýelemek meselesine wagtynda çynlakaý seretmändirin. Indi bolsa meniň goýberen ýalňyşlygym öz alkymymdan aldy.
Atasy näme diýdi ?
Kakam, «Eziz bilen oturyp mazalyja gürleşip gör, gahara ýol berme, birden göwnüne degseň, bir zadyň üstünden barmagy hem ahmal. Ugruna kowup, onuň içki dünýäsine aralaşjak bol. Eger gürrüňleşeniň hiç netije bermese, onda başga ýol taparys» diýdi. Şunlukda, Söýün bilen Gülsenem Ezize garaşmaga başladylar. Eziz uzak garaşdyrmady. Ol gapydan keýpikök, şadyýan ýagdaýda, hiňlenjiräp girdi. Ejesi bilen kakasyna gözi düşenden ýüzugra habar gatdy:
Otyrmysyňyz, menem eglenmänjik gelendirin, diýdim-ä kaka, kän eglenmen diýip. Kakasy ony ugruna kowdy:
Berekella oglum, senden tamam hem şeýledi, men-ä senden arkaýyndym welin, şu ejeň-dä, biraz gaýgy edip başlapdy, mazaly wagtynda geldiň. Gel, geç, çaý başynda ikimiz bir gürleşeli. Eziz köwşüni çykaryp, elini ýuwup, kakasynyň ýanyna gelip oturdy. Kakasy oňa söýünç bilen seretdi:
Tüweleme, oglum, ýigit çykypsyň. Nähili onsoň okuwlar, oňat okaýaňmy ? Mugallymyň-a, «Eziz soňky günler birhili okuwdan sowaşyp başlady» diýýär. Bu ne beýle ? Sen gaty gowy okamalysyň, meň senden tamam gaty uludyr. Sen geljekde ýokary okuw jaýyna girmeli, uly adam bolmaly. Ýa seň okamak hyýalyň yokmy ? Eziz jogap bermän dymdy.
Oglum, bu ne jogap bereňok ? Sen indi uly adam, her bir adamyň öňünde bir maksady bolýar. Sen geljekde nämeleri meýilleşdirýäň ?
Aşak bakyp oturan Eziz...
24
24
smiling_
31.07.2024 22:35
AKYLLY GYZ (Hekaýa).
Durmuş gurup maşgala bolmak, perzende ýüzüň düşüp, ata bolmak bagtyny arzuw etmeýän ynsan, megerem, dünýä ýüzünde ýok bolsa gerek. Ynha, Söýün hem şeýle arzuw edip, arzuwyna ýeten bagtly ynsanlaryň biri. Dogry, ol özüni öz ýanyndan ata bolan pursatyndan dünýäde iň bagtly adam saýdy. Şol pursat bagtlyýarlyga çendenaşa guwanjyndanmy ýa-da bolmasa iş alada bilen çaga terbiýesi barada pikirlenmedigindenmi, belli däl, dünýä inen perzendiniň geljekdäki ykbaly barada gyzyklanmalydyryn hem öýtmedi. Ýöne durmuşyň öz akymy bar, ol seniň kimdigiňe, käriňe ýa-da ýaş-u-garrydygyňa, baý ýa-da garypdygyňa seredip duranok. Hemmäni öz terezisine salyp görýär. Agramyňy çekibem, kimdigiňi mälim edýär. Özüniň kimdigine, nähili ynsandygyna, diňe şol ölçegde ölçenensoňlar düşünip galýanlar hem az däl. Ine, Söýün hem diňe, ogly Eziz ýokary synp okuwçysy bolanyndan soň, çaga diýlen zadyň ezizdigini, terbiýesiniň ondan hem ezizdigini, bu mesela sowuk-sala seretseň, soňunyň garaşylmadyk, baş çykarmasy kyn köçelere eltýändigine magat göz ýetirdi. Göz ýetirmesine ýetirdem, ýöne bu kyn ahwaldan neneň baş alyp çykjagyny bilmän, baý oda-köze düşdä. Ýene-de baryp maňlaýyny kakasy Gurban aga diredi. Köpi gören Gurban aga ogluny giň göwrümlilik, sabyrlylyk bilen diňläp:
Şeý diýsene, onsoň sen ogluň on sekize gadam goýýança onuň bilen, okaýşy, nämä gyzyklanyşy bilen hiç bir gyzyklanyp durmadyňmy ? Onuň bilen gürrüňleşip, käte ata hökmünde, käte bir dost hökmünde pikir alşyp duraňokmydyň ? – diýip sorady.
Aý, kaka, men-ä şü gije-gündiz iş diýip, oglumyň soňky synpa baranynam duýmandyryn. Onuň terbiýeçisem, maslahatçysam ejesi boldy – diýip, Söýün aşak bakyp oturyşyna ýuwaşja seslendi.
Ine, sen gördüňmi nirede ýalňyşan ekeniň. Çagalygyndan ogluň bilen pikirdeş bolan bolsaň, ol hem seni diňlemäge, diýeniňi ýerine ýetirmäge endik eden bolsa, sen bu günlere düşüp ýörmezdiň. Bolýa, «Zeleliň ýaryndan gaýtmak hem peýda» diýipdirler. Sen entegem ogluň bilen ýakyn dost hökmünde bir gürleşip gör. Öz durmuşyňdan mysallar getirip, geljekde oňa hem nähili ykbalyň garaşýandygy barada düşündirjek bol. Emma ganygyzgynlyga ýol berme, soňy has mojuk zatlara eltmegi mümkin. Juda bolmasa, onuň «halaşýan» diýip ýören gyzynyň ene-atasy bilen gürleşip görüň. Eger gürleşeniň peýda bermese, galanyny soň bile akyllaşyp iş tutarys.
Bolýa, kaka, men Eziz jan bilen ýene-de bir gürleşip göreýin. Aý, ýöne hiç hili üýtgän zat bolmasa gerek. Onuň dünýägaraýşy, düşünjesi düýpgöter başgaça. Men wagtynda gaty uly ýalňyşypdyryn, indi düzedip biläýsem ýagşy.
Darygyberme, enşalla düzeler, çünki her kim bolsada aslyna çekýändir, biziň aňrymyzda entek atasyny diňlemeýän, tersýoňka çykan ýokdur. Gaty bir tersiňe zyňyberse-de, gaharlanyp özbaşdak bir hokga çykarjak bolma-da, göni meniň ýanyma gel. Bileleşip, bir alajyny taparys. Söýün kakasy bilen hoşlaşyp gaýtdy. Öýüne gelse, ogly bezenip-beslenip bir ýere ugrajak bolup dur. Söýün:
Hawa, oglum, ýol bolsun, nirä ugrajak bolýaň ?
Aý, kaka, neme...bir dostum çagyrypdy, şoňka barýan – diýip, aljyrabrak jogap berdi. Söýün oglunyň ýalan sözleýänini aňsa-da, giňlige saldy.
Häää...şeýlemi ? Bolýa, gitseň gidiber, ýöne wagtragynda dolan. Geleňsoň, seň bilen maslahatlaşmaly möhüm bir mesele bar, gürleşdikmi ?
Bolýa, kaka.
Ogly gidensoň, Söýün aşhanada biş-düş işlerine gümra bolup ýören aýaly Gülsenemiň ýanyna bardy...
24
40
smiling_
31.07.2024 15:47
“Dedpul we Rosomaha” prokata üstünlikli başlady: ilkinji günde $96 mln gazandy.
Baş keşpleri Raýan Reýnolds bilen Hýu Jekmanyň ýerine ýetirmeginde “Dedpul we Rosomaha” filmi prokata rekord girdeji bilen başlady. ABŞ-da prokatyň birinji güni film 96 mln dollar ýygnap, 2024-nji ýylda çykan “Tapmaça 2-den” ($62 mln) we beýleki kartinalardan öňe geçdi diýip, Variety ýazýar.
“Dedpul 3” “18+” reýtingli film üçin ilkinji gündäki girdeji ýygymy boýunça täze rekord goýdy, ol ilkinji iki “Dedpuldan”, “Ol” (Оно) we “Joker” filmlerinden öňe geçdi. Lentanyň ilkinji uik-endde 200 mln dollar ýygnajakdygy çaklanylýar, bu hem ýokary reýtingli filmler üçin rekord görkeziji bolup biler.
“Dedpul” we “Rosomaha” “Möý adam: Öýe ýol ýok” filminiň döwründen bäri kinoteatrlarda 1 mlrd dollardan gowrak girdeji ýygnajak ilkinji Marvel filmi bolar diýlip çaklanylýar.
Täze filmiň üstünlikli başlangyjy netijesinde, Marvel Studios-yň kino önüminiň umumy ýygymy 30 mlrd dollardan geçip, bu görkezijä ýeten taryhda ilkinji franşiza boldy.
Girdeji ýygymy boýunça ikinji orny “Möý adam” eýeleýär. Franşizanyň hukuklaryna Sony-nyň eýeçilik edýändigi üçin ol aýratyn hasaplanýar. Sekiz film bilen franşiza 10,61 mlrd dollar gazandy.
Iň girdejili kinofranşizalar:
Marvel kinoälemi - $30 mlrd;
“Möý adam” (Человек-паук) - $10,61 mlrd;
“Ýyldyz söweşijileri” (Звёздные войны) - $10,34 mlrd;
“Garri Potter” - $9,66 mlrd;
“Jeýms Bond” - $7,84 mlrd;
“Forsaž” - $7,33 mlrd
DC filmleriniň ählisi - $7,19 mlrd;
“Betmen” - $6,84 mlrd;
“X adamlar” (Люди икс) - $6,08 mlrd;
“Ýura döwrüniň seýilgähi” (Парк Юрского периода) - $6,01 mlrd.
Çeşme: tmcars.info (29.07.2024)
25
37