smiling_
02.08.2024 08:59
Özüni mata ýaly duýýan gyz.


- Iň gowusy maňa eliňizem, diliňizem degirmeseňizläň, gelineje!
- Men nä biläýin gyz, suratlarda gaşsyz ýaly bolup duraňsoň biraz reňkläýjekdim...
- Reňklemäň! Nä size sypatymdan zeýrendimmi?Ýa gelýän-gidýänler, soraýan-ideýänler, gyzyňyzyň gaşy hilal, ýöne biz galyň gaşlylary halaýas diýäýýämi?
Maňa indi ullakan gyz bolupdyr diýýäler. Gowy gyz diýýämişler, temek diýýänlerem barmyş. Garaz birgiden myş-mişler. Ýöne men özümi soňky wagtlar mata hasaplaýan. Hamala kimdir biri meni nätanyş ülkeden, köne döwürden getirip, öýi elmydama akan-dökän bolan tikinçiň öýüne arzan pakediň içine salypdyr-da, bir çüňke oklapdyr.
- Menem indi il ýaly gyzymy yzyma tirkäp toýa gidesim gelýär, “gitjek däliňi” bilemok, tur derrew!
- Menem saňa: “Ýüwel aýal gyzyny toýa äkider”—diýýän-dä. Ýüwelleşesiň gelýäm-aý eje, özem, saçyňdan ak girip başlandan soň?!
- Howwa, ýüwelleşesim gelýä, akyl öwretme...
Bu ýerde mata köp, üsti-üstine eplenip duranlaram bar, tikinçiň okuwçylarynyň paketleň içine düýrläp dykanlaram kän. Gyýkyndylar-a hapaly karopka dolansoň, göni zibile. Içinde aglaşýanlary-da bar: “Bolmanda, begeýik hökmünde bir ulanaýyň meni”—diýip. Ozal-ebetde matalaň maňlaý ýazgysy şeýle ýazylandyr-da, ilki çyrpyl, soň ütük, soň biçüw, soň tikim, soň ütük, galan ýerlerem iru-giç zibile.
- Şolar maňa gelen bolsa, men-ä barardym.
- Näme üçin?! Diñe biraz puly köp diýipmi?!
- Pulam köp, sypatam erbet däl-ä gyz!
- Akmaklygyñam nesilden-nesile geçýänini bilýäñmi?! Çöññeligiñ... Soñrak... aý, bolýa-la.... Mata bolmagam aňsat däl, her kim galyňmy ýa ýuwkalygy, arzanmy ýa
gymmatlygy bilen gyzyklanýar. Haýsy moda görä tikilmeli? Haýsy tikinçilik öýüniň ýa-da haýsy artistiň stiline öýkünjegini pikirlenýär köplenç tikinçi.
“öýkünsemem men has gowy çykardym”—diýip, eslije pul almaň derdindedir.
Eýesi näme? Eýesem toýda iň owadan boljakdan, iň del, gaňrylyp seretdirýän
we.şm. ýüregedüşgünç “eýdeli-beýdelileň” içinde mataň pikiri bilen gyzyklanýanam ýok. Näçe gygyranda näme “Aslynda men eýle-beýle tikilmeli”— diýip, diňleýji ker bolsa. Belkem, ilkem diňlejek bolýanam ýokdyr biz mata görgülileň halyny.
- ...gyzym, ýaşlyk etme, ataňam menden bäş ýaş kiçi. Kösenip oň ýaly gowy jaý
salmagam aňsat däl bu zamanda...
- Ene! Adam garradygyça iki zada bolan söýgüsi artýarmyş: mal-baýlyga hem
ýaşaýyşa. Mata bolmak hakda kän gürlän ýaly bolup durun. Mata-da matadyr welin, şeýle bir ýagdaý bar. Seň halamaýan mataňy alyp, halamaýan tikinçiňe seni ölçetmäge äkidýärler. Halamaýan stiliňde köýnek dikdirýärler. Halamaýan toýuňa äkidýärler. Toýda halamaýan kişileriñ, halamaýan hereketlerňe eliňden çekip, arkaňdan itekläp, ugrykdyrjak bolýarlar. Şonda mata bolmak ýene has aňsadyrak ýaly görünýär gözüme. Ýa-da mata bolmak bilen bu ikisi bir zatmy? Aslynda halanmaly däl kişi, gelinejemiň ýaňzydyşy, köne goňşyň aýdyşy ýaly belkem, mendirin? Labirintiň içinde taşlanylyp gidilen mata ýaly, ýok.... kiçijik gyzjagaz ýaly duýýan özümi.

©Jan Jennet
30
360
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.