AKYLLY GYZ (Hekaýa).
Durmuş gurup maşgala bolmak, perzende ýüzüň düşüp, ata bolmak bagtyny arzuw etmeýän ynsan, megerem, dünýä ýüzünde ýok bolsa gerek. Ynha, Söýün hem şeýle arzuw edip, arzuwyna ýeten bagtly ynsanlaryň biri. Dogry, ol özüni öz ýanyndan ata bolan pursatyndan dünýäde iň bagtly adam saýdy. Şol pursat bagtlyýarlyga çendenaşa guwanjyndanmy ýa-da bolmasa iş alada bilen çaga terbiýesi barada pikirlenmedigindenmi, belli däl, dünýä inen perzendiniň geljekdäki ykbaly barada gyzyklanmalydyryn hem öýtmedi. Ýöne durmuşyň öz akymy bar, ol seniň kimdigiňe, käriňe ýa-da ýaş-u-garrydygyňa, baý ýa-da garypdygyňa seredip duranok. Hemmäni öz terezisine salyp görýär. Agramyňy çekibem, kimdigiňi mälim edýär. Özüniň kimdigine, nähili ynsandygyna, diňe şol ölçegde ölçenensoňlar düşünip galýanlar hem az däl. Ine, Söýün hem diňe, ogly Eziz ýokary synp okuwçysy bolanyndan soň, çaga diýlen zadyň ezizdigini, terbiýesiniň ondan hem ezizdigini, bu mesela sowuk-sala seretseň, soňunyň garaşylmadyk, baş çykarmasy kyn köçelere eltýändigine magat göz ýetirdi. Göz ýetirmesine ýetirdem, ýöne bu kyn ahwaldan neneň baş alyp çykjagyny bilmän, baý oda-köze düşdä. Ýene-de baryp maňlaýyny kakasy Gurban aga diredi. Köpi gören Gurban aga ogluny giň göwrümlilik, sabyrlylyk bilen diňläp:
Şeý diýsene, onsoň sen ogluň on sekize gadam goýýança onuň bilen, okaýşy, nämä gyzyklanyşy bilen hiç bir gyzyklanyp durmadyňmy ? Onuň bilen gürrüňleşip, käte ata hökmünde, käte bir dost hökmünde pikir alşyp duraňokmydyň ? – diýip sorady.
Aý, kaka, men-ä şü gije-gündiz iş diýip, oglumyň soňky synpa baranynam duýmandyryn. Onuň terbiýeçisem, maslahatçysam ejesi boldy – diýip, Söýün aşak bakyp oturyşyna ýuwaşja seslendi.
Ine, sen gördüňmi nirede ýalňyşan ekeniň. Çagalygyndan ogluň bilen pikirdeş bolan bolsaň, ol hem seni diňlemäge, diýeniňi ýerine ýetirmäge endik eden bolsa, sen bu günlere düşüp ýörmezdiň. Bolýa, «Zeleliň ýaryndan gaýtmak hem peýda» diýipdirler. Sen entegem ogluň bilen ýakyn dost hökmünde bir gürleşip gör. Öz durmuşyňdan mysallar getirip, geljekde oňa hem nähili ykbalyň garaşýandygy barada düşündirjek bol. Emma ganygyzgynlyga ýol berme, soňy has mojuk zatlara eltmegi mümkin. Juda bolmasa, onuň «halaşýan» diýip ýören gyzynyň ene-atasy bilen gürleşip görüň. Eger gürleşeniň peýda bermese, galanyny soň bile akyllaşyp iş tutarys.
Bolýa, kaka, men Eziz jan bilen ýene-de bir gürleşip göreýin. Aý, ýöne hiç hili üýtgän zat bolmasa gerek. Onuň dünýägaraýşy, düşünjesi düýpgöter başgaça. Men wagtynda gaty uly ýalňyşypdyryn, indi düzedip biläýsem ýagşy.
Darygyberme, enşalla düzeler, çünki her kim bolsada aslyna çekýändir, biziň aňrymyzda entek atasyny diňlemeýän, tersýoňka çykan ýokdur. Gaty bir tersiňe zyňyberse-de, gaharlanyp özbaşdak bir hokga çykarjak bolma-da, göni meniň ýanyma gel. Bileleşip, bir alajyny taparys. Söýün kakasy bilen hoşlaşyp gaýtdy. Öýüne gelse, ogly bezenip-beslenip bir ýere ugrajak bolup dur. Söýün:
Hawa, oglum, ýol bolsun, nirä ugrajak bolýaň ?
Aý, kaka, neme...bir dostum çagyrypdy, şoňka barýan – diýip, aljyrabrak jogap berdi. Söýün oglunyň ýalan sözleýänini aňsa-da, giňlige saldy.
Häää...şeýlemi ? Bolýa, gitseň gidiber, ýöne wagtragynda dolan. Geleňsoň, seň bilen maslahatlaşmaly möhüm bir mesele bar, gürleşdikmi ?
Bolýa, kaka.
Ogly gidensoň, Söýün aşhanada biş-düş işlerine gümra bolup ýören aýaly Gülsenemiň ýanyna bardy...