Akylly gyz 2.
Gülsenemiñ ýanyna bardy...Eziz janyň ejesi, hany, bir çäýnek ajy çaý demle-de, özüň hem ýanyma gel, bir çaý başynda gümür-ýamyr edeli.
Gülsenem adamsynyň aýdanyny derrew ýerine ýetirdi. Demli çäýnegi gaýtaryp oturyşyna, Söýün ýuwaşjadan gürrüňe başlady: Senem, tüweleme, oglumyzam indi ýigit çykypdyr. Ýene-de üç-dört aýdan mekdebi tamamlaýar. Güýzde on sekizi dolýar. Ýöne oglumyzyň ne okuwa gitjek, ne-de bir hünärli boljak diýmän, eýýämden kellesini «Öýlenmek» diýen pikir eýeläpdir. Meniň pikirimçe-hä, onuň bu hereketi ýaşlygyň ýelginine häki bir geldi-geçer höwes bolaýmasa. Çünki, durmuş gurmak oýun oýunjak zat däl ahyry. Iň bir agyr ýeri-de, oňa bu hakykaty düşündirip bolanok. Ol sözüňi soňuna çenli diňlänoga. Bar bilýäni: «Men ol gyzy halaýan, ol hem meni. Halaşýanlara durmuş gurmaga garşy çykmaga hiç kimiň haky ýok» diýmek. Meniň-ä soňky hepdede ýatyp, ukym tutanok. Muňa bir çykalga tapmasak bolmaýar.
Adamsyny mazaly diňlän Gülsenem: Kakasy, şol mesele-hä meni hem rahatlandyranok. Alajyny etmesek, bir gelşiksiz ýagdaýa düşäýmegimiz gaty ahmal. Synp ýolbaşysy Sonagül mugallym «Gelneje, Eziz jana soňky günler bir zad-a bolýar. Ol okuwdan gün-günden sowaşyp barýar» diýensoň-a, meniň gözüme uky gelmedi. Indi bir alaç edäýmeseg-ä, munuň soňunyň nämä eltjegini men-ä bilemok – diýdi.
Men bu mesele barada kakam bilen hem gürleşdim. Kakam-a bar günäni meniň özümde goýdy. Dogrudan hem, oglumy terbiýelemek meselesine wagtynda çynlakaý seretmändirin. Indi bolsa meniň goýberen ýalňyşlygym öz alkymymdan aldy.
Atasy näme diýdi ?
Kakam, «Eziz bilen oturyp mazalyja gürleşip gör, gahara ýol berme, birden göwnüne degseň, bir zadyň üstünden barmagy hem ahmal. Ugruna kowup, onuň içki dünýäsine aralaşjak bol. Eger gürrüňleşeniň hiç netije bermese, onda başga ýol taparys» diýdi. Şunlukda, Söýün bilen Gülsenem Ezize garaşmaga başladylar. Eziz uzak garaşdyrmady. Ol gapydan keýpikök, şadyýan ýagdaýda, hiňlenjiräp girdi. Ejesi bilen kakasyna gözi düşenden ýüzugra habar gatdy:
Otyrmysyňyz, menem eglenmänjik gelendirin, diýdim-ä kaka, kän eglenmen diýip. Kakasy ony ugruna kowdy:
Berekella oglum, senden tamam hem şeýledi, men-ä senden arkaýyndym welin, şu ejeň-dä, biraz gaýgy edip başlapdy, mazaly wagtynda geldiň. Gel, geç, çaý başynda ikimiz bir gürleşeli. Eziz köwşüni çykaryp, elini ýuwup, kakasynyň ýanyna gelip oturdy. Kakasy oňa söýünç bilen seretdi:
Tüweleme, oglum, ýigit çykypsyň. Nähili onsoň okuwlar, oňat okaýaňmy ? Mugallymyň-a, «Eziz soňky günler birhili okuwdan sowaşyp başlady» diýýär. Bu ne beýle ? Sen gaty gowy okamalysyň, meň senden tamam gaty uludyr. Sen geljekde ýokary okuw jaýyna girmeli, uly adam bolmaly. Ýa seň okamak hyýalyň yokmy ? Eziz jogap bermän dymdy.
Oglum, bu ne jogap bereňok ? Sen indi uly adam, her bir adamyň öňünde bir maksady bolýar. Sen geljekde nämeleri meýilleşdirýäň ?
Aşak bakyp oturan Eziz...