smiling_
02.08.2024 00:03
Akylly gyz 5 final.


Bu gezek Maral onuň sözüni böldi... Gürrüň diňe bir toý tutmakda däl, Eziz.
Eýsem gürrüň nämede ?
Biz durmuş gurmaga taýýarmy ýa ýok ? Gürrüň, ine şunda.
Bu näme diýdigiň bolýa. Men-ä şu güne çenli sen meni söýýämikäň öýdüp ýördüm. Ýa-da men ýalňyşypdyrynmy ?
Ýok, bu babatda sen ýalňyşaňok. Meniň ýüregimde senden başga orun ýok. Ýöne meniň öz arzuwlarym hem bar. Men okamagy, lukman bolmagy ýüregimde besläpdim. Sen hem hökman okamaly, ýokary bolmasa-da, orta bolsa-da, bir hünäri ele almaly. Ikimiz hem durmuşdaky ornumyzy tapmaly, ana, şondan soň durmuş gursak biz bagtly bolup bileris. Çünki, ynsan öz esasy bagtyny diňe zähmetden tapýandyr. Şonuň üçin, sen hem şu wagt mümkinçilik barka, belli bir hünäri saýla.
Be, sen hem indi şeýle diýdiň-ow – diýip, Eziz dymdy. Dymyşlyk uzaga çekdi. Ahyry dymyşlygy Maral bozdy:
Eziz dymdyň-la beýle, ýa-da meniň diýenimiň nädogry ýeri barmy? Men-ä gaýtmakçy sen hem ýat, tur oýlanyp gör. Meniň bilen ylalaşman hem bilersiň, ýöne men öz pikrimden dänmekçi däl. Sen hem özüň bil, men hem saňa ýagşylylykdan başga zady islämok. Hoş, sagbol. Eziz oňa «Sagbol» hem diýmedi.
Hemişe şadyýan ýylgyryp, hiňlenip gapydan girýän Eziziň bu gün dymyp, keýpsiz geleninden ejesidir kakasy nämedir bir üýtgeşikligiň bolanyny aňdylar. Ýöne, sebäbini soramaga howlukmadylar. Eziz aýtjagam bolmady. Onuň keýpsiz, hiç kim bilen gürleşmän gezmegi, öz tamyndan çykman gözüni bir nokada dikip ýatmagy, iki hepde dagy dowam etdi. Ahyry bir netijä gelendir-dä. Ir bilen çaý içip oturan kakasyna ýüzlendi: Kaka, arada men seni diňlemän göwnüňe degen ekenim, meni bagyşla – diýdi. Indi birnäçe wagtdan bäri hiç ynjalygy bolman ýören Söýüniň ýüregi ýerine gelen ýaly boldy.
Hawa, ogul, indiki mesele ?
Indimi, kaka öňi bilen-ä okuwymy oňat tamamlajak. Soňam ýokary okuwa synanyşjak. Girip bilsem-ä okaryn, girip bilmesem hem güýzde harby gulluga gitjek. Ýöne, gullugy tamamlanymdan soň hem, hökman okamaly diýen karara geldim.
Berekella, oglum, ine, munyň hakyky ýigidiň gürrüňi boldy – diýip, Söýün guwançly seslendi. Häliden bäri bularyň gürrüňine goşulman oturan Gülsenem gelneje:
Oglum, bu pikiri özüň tapdyňmy ýa Maral jan salgy beräýdimi ? – diýip, ýylgyrdy. Kakasy hem güldi. Eziziň ýüzi çapaty ýaly gyzardy.
Ýa, eje, senem oňarýaň-ow – diýip, turup gitdi. Söýün:
Bolsa-da, ol gyz akylly gyz ekeni – diýdi. Öz garaşan netijesi çykan Gülsenem:
Dursun gelnejäniň terbiýesini alan gyzyň başgaça bolmaga haky hem ýok diýdi.


Kemal SABYROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
21
77
flowers_
2 Awgust 2024
@Adyl_G, 🙄🤦‍♀️
Adyl_G
2 Awgust 2024
@smiling_, dur yzyna sereda sen, hic zat blenaga entak
Adyl_G
2 Awgust 2024
Okanyma*
Adyl_G
2 Awgust 2024
@smiling_, sonky gezek post okanyna 2,5 yyldagy bolusdy oyidyan 😂😂 dine name edyan
Adyl_G
2 Awgust 2024
@smiling_, ay oza baldyzlamam name name diydi, gorda ozun 😂😂😂
Adyl_G
2 Awgust 2024
@smiling_, menem sony blmakda, sen diydinmi dp sorajak boldum? 🤔
Adyl_G
2 Awgust 2024
@smiling_, blmk mena bir agza hacan gorsen online son un editor boldunmy dp dir
Adyl_G
2 Awgust 2024
@smiling_, onsan o bara, halki
Adyl_G
2 Awgust 2024
@smiling_, gurruncil ekenin 😂😂
Adyl_G
2 Awgust 2024
@smiling_, tobaa senem gepcem dalay 😂😂😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.