Akylly gyz 4
Agşamlyk maňa bellisini aýt... Ertirlik çaýy şunuň bilen içildi, Söýün işine gitdi, Eziz mekdebe. Ikisinem ugradyp, Gülsenem hem Dursun gelnejelere ugrady. Dursun gelneje obadaşyny gadyrly garşylady:
-Gülsenem, bu senmi asyl ? Geleweri, töre geç, şeýdip arasynda oturmaga dagy gelip durarlar. Öz obamyň gyzyny görsem, edil obamy gören ýaly bolaýýan. Düşek ýazyldy, orta saçak ýazylyp, çaý getirildi. Gülsenem ýuwaşlyk bilen gelmeginiň sebäbini aýtdy. Dursun gelneje birbada oýunlyga saldy: Wiý, asyl çen sawçylyga geldim diýsene, onda näme eliňde iki köke salnan saçak görnenoga ? Ýa-da şähere göçüp gelensoň, obaň däbini unudaýdyňmy gyz ? – diýip, gülüp goýberdi. Gülsenem hem ýylgyrdy.
Dursun gelneje meni-ňä oýun ýadyma düşenok. Bu mesele gaty möhüm we näzik. Özüňiz ýaly bir ýaşulurak adam bilen maslahatlaşaýmasak, biz-ä alajy guradyp oturandyrys.
Mundan soň çynlakaý keşbe geçen Dursun gelneje:
– Hany, ýüregiňi ele alyberme gyz. Gaýa ýok, gopuz ýok, nämä darygyberýäň. Çagajyklarymyz gaty bir biedep däldirler. Ýollaryny üýtgetjek bolsalar hem entek öňlerinde özümiz bardyrys. Hany, sen aýt, näme etsem diýýäň ?
Biz-ä kakasy bilen entek oglumyzy öýermek niýetimiz ýok. Ol entek harby gulluga gitmeli. Soň hem okamaly, bir maşgalany eklär ýaly hünär edinmeli, soň maşgala gurmaly. Eziz bolsa, «Ilki öýlenjek, galanyna soň hem ýetişerin» diýýär. Biz-ä oňlamzok, ol hem bize gulak asmajak bolýar. Indi, siz şu meselede gyzyňyz bilen oňatja gürleşseňiz. Eziz bizi diňlemesede Maral jany diňlär. Siz Maral jana düşündirseňiz, Maral jan bolsa Ezize düşündirse, biziň-ä kakasy bilen gelen netijämiz şu.
Hä, şeýle diýsene, gaty gowy oýlapsyňyz, öňi bilen ýaş wagty okamaly, bir hünär edinmeli, haçana çenli ejesidir kakasynyň gazanjyna daýanmaly. Bolýa, men gyzym bilen özüm oňatja gürleşerin, Maral jan gaty üşükli gyzdyr, özi Ezize oňatja edip düşündirer. Şunlukda, Gülsenem Dursun gelneje bilen hoşlaşyp gaýtdy.
Eziz birnäçe günläp Maral bilen ikiçäk duşuşyp bilmedi. Ahyry duşuşdylar. Hemişe bolşy ýaly Maral dymýardy, Eziz bolsa şol gürläp durdy. Emma Eziz näçe gülküli gürrüňler aýtsa-da, Maralyň ýüzi açylmady. Ahyry Eziz: Maral, saňa näme bolýar, seniň keýpiň ýokla ? – diýip sorady. Maral birbada jogap bermän dymsa-da, soňra gürläp başlady:
– Eziz, men şu gün seniň bilen açyk gürrüň etmekçi. Ikimiz birnäçe wagt bäri halaşyp ýörüs. Basym orta mekdebi hem tamamlaýas. Onsoň, sen gulluga gidersiň. Eziz onuň sözüni böldi: Asyl sen şony gaýgy edýärmidiň ? Biler bolsaň, men gulluga güýzde gidýän. Oňa çenli biz toý tutup ýetişýäs.
Bu gezek Maral onuň sözüni böldi..