smiling_
17.08.2024 17:12
Kitaplar dünýäni öwrenmäge, özümizi kämilleşdirmäge we dürli garaýyşlara eýe bolmaga mümkinçilik berýän jadyly gapylardyr. Men 6 ýyl bäri bu gapylardan geçip, Jon Werdon, Dostoýewskiý, Stefan Zweig we Pol Deýwis we başga da ussat ýazyjylaryň eserleri bilen aňymy we ruhumy iýmitlendirýärin. Men bu makalada, okayan temalaryma, halaýan ýazyjylaryma esaslanyp, ylym, aňtawjylyk we şahsy ösüş, goşgylar, pelsepe baradaky kitaplar hakynda pikirlerimi paýlaşaryaryn.

Dostoýewskiý eserlerinde adamyň iň çuňňur duýgularyny, ahlak gapma-garşylyklaryny we barlyk hakynda soraglary ussatlyk bilen görkezýär. "Jenaýat we jeza" romanda adamyň tebigatynyň gowy, erbet taraplaryny öwredýär, jenaýatyň we ahlak jogapkärçiliginiň psihologiki täsirlerini sorag astyna alýar."Beýleki men" eseri ussat ýazyjynyň iň möhüm eserlerinden biri, iki dürli şahsyýetli adamyň içki dünýäsi we gapma-garşylyklary hakda gürrüň berýär. " Ak gijeler" Peterburgyň ak gijelerinde döredilen bu gysga roman, ýalňyz we melanholiki ýigidiň söýgi hekaýasyny gürrüň berýär. Söýgi, ýalňyzlyk we umyt biri-birine bagly bolan bu eser Dostoýewskiniň liriki we emosional tarapyny açýar. Dostoýewski gahrymanlarynyň psihologiki bulaşyklygyny we sosial adalatsyzlygy real dilde suratlandyryp, okyjyda güýçli duýgulary döredýär.

Ylmy fantastiki kitaplar, hyýalymyzy özgertyän, bizi giňişlige, näbelli dünýälere we distopian geljege alyp barýan eserlerdir.

Pol Deýwis ýaly ýazyjylaryň kitaplary älemiň syrlaryny açmaga we adamzadyň geljegi hakda pikirlenmäge kömek edýärler. Carl Sagan hem şeýle.

Aňtawjylyk hakyndaky romanlar gyzykly wakalardan, akylly aňtawjylardan we syrly ganhorluklardan doly dünýäni hödürleýär. Şerlok Holms ýaly meşhur gahrymanlaryň başdan geçirmeleri aňymyzy ulanmaga we logiki pikirleniş ukybymyzy ösdürmäge kömek edýär. Bu temalardaky kitaplar adrenalin bilen doly okamak tejribesini hödürleýär, bizi jenaýat we adalat düşünjeleri hakda oýlanmaga çagyrýar.

Şahsy ösüş kitaplary, özümizi has gowy tanamaga, mümkinçiliklerimizi açmaga we maksatlarymyza ýetmäge kömek edýän kitaplardyr. "Atomik endikler" Jeýms Kleýr tarapyndan ýazylan bu kitap, uly maksatlara ýetmegiň syrynyň ownuk, gündelik endikdigini nygtaýar. Kitapda endikleriň nähili emele gelýändigi, olary nädip üýtgetmelidigi we hemişelik saklanmalydygyny aýdyar. Kitap bize sabyrly bolmagy, disiplinli bolmagy, daşky gurşawymyzy üýtgetmegi ( has akyly, tertipli, peýdaly adamlar) edinmegi we ýykylsak hem turmagy, özümizi kämilleşdirmegi öwredyär.

Goşgy ýazmak hem duýgularyňyzy we pikirleriňizi asyl görnüşde beýan etmäge mümkinçilik berýän ajaýyp sungatdyr.

Fridrih Nietzsche “Adam, gaty köp adam” atly kitaby häzirki zaman adamyň ýalňyzlygyna, kynçylyklaryna we gymmatyny ýitirmegine esaslanyp yazylan eserdir.

"Hâkimiýet islegi" Nietzsche ölenden soň neşir edilen bu eser filosofyň galdyran belliklerinden we garalamalaryndan düzülen. Bu kitapda häkimiýet erk düşünjesini çuňňur öwrenýär.

Nietzsche we Markus Aurelius

Nietzsche we Markus Aurelius dürli döwürlerde ýaşasa-da, pelsepeleriniň arasynda käbir meňzeşlikler bar. Iki filosof hem adamyň içki dünýäsine, ahlaklylyga we ähmiýet berýär. Şeýle-de bolsa, Nietzsche Markus Aureliusyň stoik pelsepesine garanyňda has radikal we tankydy pozisiýa eýeleýär. Aureliusyň "özüme pikirler" kitabynda adamlara dogry pikirleri ýazypdyr, men hem kitaby okan mahalym pikirlerimiziň gabat gelyändigini gördüm, kitaby başgalara hem okamaga berdim, sözlerini hem paylaşdym. Adamlar şeýle kişileriň kitaplaryndan gowy pikirler çykarmaly.

Nietzsche pikirleri pelsepe, psihologiýa, edebiýat we syýasat ýaly köp ugurda çuňňur yz galdyrdy. Esasanam ekzistensializm, nihilizm we postmodernizm ýaly hereketlere uly täsir etdi. Nietzsche eserleri şu günem okalmagyny we ara alnyp maslahatlaşylmagyny dowam etdirýär.


Her bir kitap täze dünýä üçin penjire🛸
27
279
smiling_
16.08.2024 13:55
DANALARYŇ AKYL HAKYNDAKY PAÝHASLY SÖZLERI.

Akyl hakykaty aýan edýän güýçdir.

***

Akyl nurdyr.

***

Akyl bedendäki gymmatbaha göwherdir we ynsan keşbiniň aýnasydyr.

***

Akyl ynsana doglanda berlip, tejribe üsti bilen onuň üsti ýetirilýändir.

***

Akyl wezir, köňül patyşadyr.

***

Akyl zerur bolan guraldyr. Akylyň kömegi bilen adamzat etmeli we etmesiz zatlary aýyl-saýyl edýändir

***

Akyl ynsany pyssy-pyjurlyk etmekden saklaýar.

***

Akyl kalpda ýa-da beýnide ýerleşse-de, akyl ynsany haýwandan tapawutlandyrýan esasy häsiýetdir.

***

Ynsany kynçylykdan alyp çykjak we bela-beterden başyny gutarjak akyldyr.

***

Akyl lezzeti ― gymmatbaha lybaslar geýip, ajaýyp tagamlary iýmek lezzetinden hem lezzetlidir.

***

Alymlaryň belli bir topary akyl beýnide ýerleşýär diýse, beýleki bir topary akyl kalpda ýerleşýär diýýärler.

* * *

Zehiniň ýitiligi akylyň, ruhuň kuwwatlylygydyr.

***

Akyl ynsanyň ýaşynyň kämilleşmegi bilen gelýär.

***

Akyl sözi, ýagny gürlemegi azaldar. Eger ynsan köp gürläp başlasa, onuň akyly kemeler.

***

Lukman hekim ogluna: «Eý, oglum! Ähli ýagşy zatlaryň gözbaşy akyldan gaýdar. Meni gulçulykdan azat eden we şu derejä ýetiren akyldyr» diýýär.
20
119
smiling_
16.08.2024 11:37
TÜRKMEN WE DAŞARY ÝURT ÝAZYJY-ŞAHYRLARYŇ, ALYMLARYŇ MAGTYMGULY PYRAGY HAKYNDA AÝDANLARYNDAN PARÇALAR:


Halkymyz özüniň beýik ogly Magtymgula çäksiz hormat goýýar. Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmajak sütünine öwrüldi.



«Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy. Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar.»

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz.



«Magtymgulynyň şygyrlar ýygyndysy iňňän gyzykly. Onda bir tarapdan, türkmen diliniň arassa nusgasyny görsek, ikinjiden, şu ýygyndyda beýleki Gündogar şahyrlarynyň eserlerinde seýrek duş gelýän zatlar barada jikme-jik aýdylýar.»

Arminiý Wamberi.



«Gökleň urugynyň, gerkez tiresinden bolan Magtymguly şahyr ähli türkmeniň halypasydyr.»

N.Samoýlowiç.



«Magtymgulyny okamda,

Aýdar idim zamanda,

Nogsan baryny, begler, anda,

Sözün togap kylar idim.»

Berdimyrat Berdak.



«Magtymguly ýaly milli şahyrly halk türki halklaryň arasynda diňe türkmenlerdir.»

Wladimir Bartold.



«Biz her sapar ýüzlenenimizde, Magtymguly biziň üçin ähtibarly maslahatçy, halypa bolup durýar.»

Aleksandr Aborskiý.



«Iňlislerde meşhur Wilýam Şekspire deňelen ýekeje şahyr bar. Ol Magtymguly.»

Braýan Oldis.



«Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir, bize diňe onuň hoşasyny çöpläýmek galýar.»

Mämmetweli Kemine.



«Magtymgulyň şygry ýaly,

Kökün ýere uran daglar.»

Kerim Gurbannepesow.



«Türkmen edebiýatynyň beýik klassygy Magtymguly söz bazarynda dellala aýlanyp, many bermekde biçimçä dönüp we gözel şygyr düzmekde çeper ýüwürdiji keşbini oýnap, türkmen halkynyň geçmişi, geljegi we bütin durmuşy hakynda dynuwsyz pikir ýöredip, öz asyrdaşyna we özünden soňraky geljeklere altyn yz galdyrdy.»

Berdi Kerbabaýew.



«Magtymgulynyň ýagty keşbi, mertligi, batyrlygy Watany, söýgüni wasp eden hyjuwly şahyr şeklinde, başarjaň terbiýeçi, wagyz-nesihatçy hökmünde belent dikelip dur. Munuň özi, beýik klassygymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren işiniň çäksizdigini görkezýär.»

Baýmuhammet Garryýew.







Taýýarlan: Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy.
17
35
smiling_
16.08.2024 09:01
Her işde haýyr bar.

Gazaply gyş günleriniň biridi. Kiçiräk bir obadan balykçy gämisi deňze tarap ugrady. Şol barmana deňizde harasat turup, güýçli tolkunlar döredi. Bir salymdan garaňky düşdi. Balykçylar bolsa, yzlaryna dolanyp gelmedi. Eneler, çagalar we aýallar gijesi bilen balykçylaryň sag-aman dolanyp gelmegi üçin dileg etdiler. Olar kenarda gözýetime garap köp garaşdylar. Üstesine, şol gije bir külbede ýangyn döredi. Erkek göbeklileriň bary deňizde bolansoň, aýallara ody söndürmek başartmady. Ertir irden bolsa, balykçylar sag-aman gaýdyp geldiler. Hemmeler begendi. Emma bir aýalyň welin, ýüzi salykdy. Sebäbi olaryň ýaşap oturanja külbesi ýanyp kül bolupdy. Ol deňizden gelen adamsyna:

– Indi biz näme ederis!? Öýümizem ot aldy, bar zadymyz ýandy – diýdi. Adamsy aýalyna şeýle jogap berdi:

– Men-ä kepbämiziň ýananyna şükür edýärin! Entegem oduň ýagtysyny göräýdik, ýogsa biz apy-tupanyň içinde kenaryň haýsy tarapdadygyny hem biljek däldik.


Terjime eden: «MisSy»
21
86
smiling_
15.08.2024 16:49
Dur­mu­şy­ňyz bir bo­luş­ly ýa­ly gö­rün­se-de, ed­ýän iş­le­ri­ňi­ziň beý­le­ki adam­lar üçin ha­ky­ky gym­mat­lyk­dy­gy­ny we mö­hüm­di­gi­ni ýa­dy­ňyz­dan çy­kar­maň!
Şu gün­ki gü­nüň ça­ga­la­ry er­tir­ki dün­ýä­ni has go­wy we bagt­ly me­ka­na öwür­me­li­dir­ler.
Ýe­li­za­we­ta II.

***

Dün­ýä­de adam­lar üçin iň bol­man­da bir dam­ja ýag­şy­lyk etmekden has go­wy duý­gy ýok­dur.
Dur­mu­şyň ma­ny­sy­nyň iň gys­ga be­ýa­ny şeý­le bo­lup bi­ler: dün­ýä he­re­ket ed­ýär we kä­mil­leş­ýär. Esa­sy we­zi­pe bu he­re­ke­te go­şant goş­mak we hyz­mat­daş­lyk et­mek­dir.
Her kim dün­ýä­ni üýt­get­me­gi ar­zuw ed­ýär, ýö­ne hiç kim özü­ni üýt­get­me­gi mak­sat edin­me­ýär.
Lew Tols­toý.

***

Pa­ra­hat­çy­lyk, bagt, adam­la­ryň do­gan­ly­gy – ine bu dün­ýä­de bi­ze ge­rek iň esa­sy zat.
Mark Twen.

***

Pa­ra­hat­çy­lyk – adam­la­ryň bu dur­muş­da is­le­ýän iň ýo­ka­ry eş­re­ti­dir.
Mi­gel de Ser­wan­tes.
Eger­-de biz bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­lyk ga­zan­mak is­le­sek, ony ça­ga­la­ry­myz­dan baş­la­ma­ly.
Ma­hat­ma Gan­di.

***

Dün­ýä­de hiç kim bü­tin­leý kä­mil bo­lup dün­ýä in­me­ýär, ýö­ne onuň bü­tin öm­ri he­mi­şe he­re­ket ed­ýän ösüş­den, üz­nük­siz kä­mil­leş­mek­den baş­ga bir zat däldir.
W. G. Be­lins­kiý.

***

Adam­lar bi­len ag­zy­bir­lik­de ýa­şa­mak üçin il­ki özüň bi­len yla­la­şyk­da ýa­şa­ma­ly.
Harper Li.

***

Adam adam bol­ma­ga ta­gal­la eden­de adam bol­ýar.
Aleksandr Gel­man.

***

Adam üçin dün­ýä­de adam­lar­dan baş­ga has gy­zyk­ly zat ýok.
Wilgelm Gum­boldt.

***

Ada­myň mak­sa­dy ýag­şy­lyk et­mek­dir.
Wladimir Dal.

***

Dur­mu­şa iň sag­dyn jo­gap şat­lyk­dyr.
Di­pak Çop­ra.

***
28
125
smiling_
15.08.2024 11:28
Paýhaslar ummanyna syýahat
Bag ekmek hiç haçan giç däldir: mümkin, hasylyny ýygnamak saňa nesip etmez, ýöne oturdylan nahalyň ilkinji pyntygynyň açylan pursadyndan durmuşyň şatlygy başlanýar.
Konstantin Paustowskiý

***

Durmuşyň bar manysy ýagşylyk etmekden ybaratdyr.
Ýagşylyk etmek üçin, ozaly bilen, oňa eýe bolmaly.
Aristotel

***

Özümizi bagtly edýän ynsanlara minnetdar bolalyň. Çünki olar biziň göwünlerimizi gülledýän bagbanlardyr.
Marsel Praust

***

Ynsan ýeňilmek üçin dünýä inmändir. Ol ýykylyp biler, ýöne ýeňlip däl.
Ernest Hemingweý

***

Ýüpüň ujuna ýeteniňizde, ony daňyňda, ýene-de dowam ediň.
Franklin D.Ruzlwet

***

Öwrenmeklik hiç haçan beýnini ýadatmaýar.
Leonardo Da Winçi

***

Beýik işleri edip bilmeseňiz, kiçijikleri beri beýik ýoldan ýerine ýetiriň.
Napoleon Hil

***

Ýüzüňizi hemişe Güne tarap çoýuň, şonda kölegeler siziň yzyňyzdan garar.
Wolt Witman

***

Müňlerçe menzil ýoluň syýahaty bir ädimden başlanýar.
Lao Tzu

***

Ertire iň gowy taýýarlyk şu günden başlanýar.
H.Jakson Brown

***



Leýli GURBANGYLYJOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
25
133
smiling_
15.08.2024 08:00
Paýhaslar ummany.


Ownuk jikme-jikliklere sabyr etmek, älem ýaly uly eseri kämilleşdirýär.

Jelaleddin Rumy

***

Düýnki hemme zat düýn gitdi, häzirki wagtda täze zatlar aýtmak zerur.

Jelaleddin Rumy

***

Arassa matematika hem öz gezeginde, logiki pikirleriň poeziýasydyr.

Albert Eýnşteýn

***

Hiç haçan ýalňyş goýbermedik adam hiç haçan täze zady synanyşyp görmedi.

Albert Eýnşteýn

***

Mende üýtgeşik zehin ýok. Men diňe höwes bilen gyzyklanýaryn.

Albert Eýnşteýn

***

Durmuş welosiped süren ýalydyr. Deňagramlylygy saklamak üçin hereket etmegi dowam etdirmeli.

Albert Eýnşteýn

***

Sabyr-ajy, ýöne miwesi süýji.

Aristotel

***

Başlangyç eseriň iň möhüm bölegidir.

Platon

***

Adamyň özüni alyp barşy esasy üç çeşmeden: isleg, duýgy we bilimden akýar.

Platon

***

Bilim – gämi doldurmak däl-de, alawyň ýakylmagydyr.

Platon

***

Atomlardan we boş ýerden başga hiç zat döremeýär, galan zatlaryň hemmesi pikirdir

Demokrit





Iňlis dilinden terjime eden:

Agajanowa Gülälek,

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň

“Iňlis dili we edebiýaty” hünäriniň talyby.
24
82
smiling_
14.08.2024 16:25
Paýhaslar ummanyna syýahat
Bag ekmek hiç haçan giç däldir: mümkin, hasylyny ýygnamak saňa nesip etmez, ýöne oturdylan nahalyň ilkinji pyntygynyň açylan pursadyndan durmuşyň şatlygy başlanýar.
Konstantin Paustowskiý
***

Durmuşyň bar manysy ýagşylyk etmekden ybaratdyr.
Ýagşylyk etmek üçin, ozaly bilen, oňa eýe bolmaly.
Aristotel
***

Özümizi bagtly edýän ynsanlara minnetdar bolalyň. Çünki olar biziň göwünlerimizi gülledýän bagbanlardyr.
Marsel Praust
***

Ynsan ýeňilmek üçin dünýä inmändir. Ol ýykylyp biler, ýöne ýeňlip däl.
Ernest Hemingweý
***

Ýüpüň ujuna ýeteniňizde, ony daňyňda, ýene-de dowam ediň.
Franklin D.Ruzlwet
***

Öwrenmeklik hiç haçan beýnini ýadatmaýar.
Leonardo Da Winçi
***

Beýik işleri edip bilmeseňiz, kiçijikleri beri beýik ýoldan ýerine ýetiriň.
Napoleon Hil
***

Ýüzüňizi hemişe Güne tarap çoýuň, şonda kölegeler siziň yzyňyzdan garar.
Wolt Witman
***

Müňlerçe menzil ýoluň syýahaty bir ädimden başlanýar.
Lao Tzu
***

Ertire iň gowy taýýarlyk şu günden başlanýar.
H.Jakson Brown
***


Leýli GURBANGYLYJOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
22
39
smiling_
14.08.2024 11:41
Üs­tün­li­ge däl-de, onuň ber­ýän gym­mat­lyk­la­ryna ymtylyň!
Al­bert Eýnş­teýn.

Iň kyn zat – gi­riş­mek, ga­lan zat­lar bol­sa, di­ňe er­jel­li­gi­ňe bag­ly.
Ame­li­ýa Er­hart.

Dur­muş me­ýil­na­ma düz­ýän wag­tyňyz sizde bo­lup geç­ýän zat­lar­dyr.
Jon Len­non.

Üs­tün­li­giň 80 gö­te­ri­mi ze­rur wag­tyn­da ze­rur ýe­rin­de peý­da bol­mak­dyr.
Wu­di Al­len.

Si­ziň wag­ty­ňyz çäk­li, baş­ga bi­ri­niň dur­mu­şyn­da ýa­şap, wag­ty­ňy­zy boş ýe­re sarp et­mäň!
Stiw Jobs.

Ýe­ňiş hem­me zat däl. Ýe­ňiş he­mi­şe ýeň­mä­ge bo­lan is­leg­dir.
Wins Lom­bar­di.

Me­niň söz­lü­gim­de «müm­kin däl» diýen söz ýok.
Na­po­le­on Bo­na­part.

Eger-de siz ba­tyr­lyk edip, ke­na­ry göz­den ýi­tir­me­se­ňiz, hiç ha­çan um­ma­ny aşyp bil­mer­si­ňiz.
Hris­to­for Ko­lumb.

Eger-de siz özü­ňi­zi bir za­da ukyp­ly di­ýip pi­kir ed­ýän bol­sa­ňyz, dog­ry aýd­ýar­sy­ňyz; eger-de siz özü­ňi­zi hiç za­dyň al­nyn­dan däl di­ýip ha­sap ed­ýän bol­sa­ňyz, dog­ry aýd­ýar­sy­ňyz.
Gen­ri Ford.

Dur­mu­şy­ňyz­da­ky iň mö­hüm iki gün: dog­lan gü­nü­ňiz we mu­nuň se­bä­bi­ne dü­şü­nen gü­nü­ňiz.
Mark Twen.

Äh­li iş aň-dü­şün­je­de. Aň-dü­şün­je hem­me za­dyň baş­lan­gy­jy­dyr. Şo­nuň üçin aň-dü­şün­jä­ňiziň üs­tün­de iş­läp, ony kä­mil­leş­diriň!
Lew Tols­toý.

Ar­zuw­la­ry­ňy­za ta­rap ynam­ly ýö­räň! Öz dö­re­den dur­mu­şy­ňy­zda ýa­şaň!
Gen­ri De­wid To­ro.

Has uly ne­ti­jä umyt et­mek­den go­wy ne­ti­jä ynan­mak has go­wu­dyr.
Wor­ren Baf­fet.

Kä­bir zat­lar ün­sü­ňi­zi çe­kip bi­ler, ýö­ne ýü­re­gi­ňi­zi özü­ne çek­ýän zat­la­ra üns be­riň.
Hin­di na­ky­ly.

Ba­şar­jak­dy­gy­ňyza bo­lan ynam – eý­ýäm mak­sa­dy­ňy­zyň ýa­ry­na ýet­di­gi­ňiz­dir.
Teo­dor Ruz­welt.

Her ki­miň öz gö­zel­li­gi bar, ýö­ne her kim ony gö­rüp bil­me­ýär.
Kon­fu­siý.

Mak­sa­dy kes­git­le­mek äh­li üs­tün­lik­le­riň baş­lan­gyç no­ka­dy­dyr.
Wil­ýam Kle­ment Stoun.
32
73
smiling_
14.08.2024 08:53
Baltasar Grasian şeýle diýipdir…

●Akyl ähli baýlykdan ýokarda durýar.

●Az sözle ¾ paýhas çyragy şudur.

●Tekepbirlik bähbidiň öňüni örtýär.

●Medeniýetsiz adamyň mertebesem ýarpydyr.

●Kän akyl bilen ujypsyz erk ýaly aýylganç zat ýok.

●Ajap zat mydama täkdir, seýrekdir, näme köp bolsa, şonuň gadyry azdyr.

●Dost kim, kim dostlaşyp bilýän bolsa şol dost.

●Hemme kişä degişli bolan özüne-de degişli däldir.

●Ýeňil ýol bilen gazanylan üstünlik hyjuwyň göwnüni awlaýar.

●Bilmek ¾ iň ynamdar goragdyr.

●Oňaryp yza çekilmegem batyr hüjüm edençe bardyr.

●Öwgüli sözlerden gaça dur.

●Öte haýran galmak ýalana ýakyn.

●Höküm etmek talanty berlen adamlar ¾ mynasyp şalardyr.

●Pikir erkanadyr, oňa hiç wagt sütem edilmeli däldir.

●Herki işde kämilligiň naýbaşyna, şol işe belli-külli ynananyňdan soň ýetip bilersiň.

●Şaglap inip duran pikir çeşmesi bolmasa, söz bahym gurap galýar.

●Saýlamagy başarmak, onda-da iň gowy zady saýlamaga türgenlik iki esse zyýadalykdyr.

●Diňe kämil zatlar haýran galdyrýar.

●Başarnygy taryplamak edil gämiçä şemal dek gerekdir.

●Beýik kişi şöhratly işe baş goşýar.

●Akylyň iň gymmatly sypaty haýsy zadyň möhümdigini wagtynda aňýandygy.

●Paýhas öz-özüň hakda oýlanmaga maslahat berýär.

●Süýjüje «ýok» diýleni göwünsiz «bolýadan» has ýakymlydyr.

●Hoş söz ýok işiň ýerini tutar.

●Kynçylygy görmek üçin ep-esli akyl gerek, çykalga tapmak üçin bolsa ondan hem köpräk.

●Aç-açan boýun gaçyrmazlygyň iň sypaýy usuly ¾ gürrüňi başga ýana sowmakdyr.

●Elýetmezlik ¾ özüniň kimdigini bilmeýän adamlaryň aýbydyr.

●Özgäniň şöhraty ýaly adam tekepbirligine gylaw berýän zat ýokdur.

●Iliň ýüregini awlamak ¾ uly sungat.

●Çenden çykmak çyny hem ýalan edýär.

●Ýalaw näçe tiz ýandygyça, şonça tiz ýanyp gutarýar.

●Kimem bolsa biriniň göwnünden turmany üçin kämil zat egsilmez.

●Hakyky razylygyň ölçegi ¾ şöhratly hemem iş bilýän adamlaryň öwgüsidir.

●Az geple ¾ jaý geple.

●Herki hereket hemişe sözden howpludyr.
Çyn akyl nämäni ýazgarsa, şol hem paýhasa çapraz gelýär.

●Gahar çendenaşa köp bolsa, elmydama dogry ýoldan sowýar.

●Dostlaryňy ýitiresiň gelmeýän bolsa, olara gaty uly üstünlik arzuw etme.

●Harytda utulanyňdan bahada utulanyň ýagşy.

●Kime kän bagly bolsaň, şoňa-da köp çydamaly bolýaň.

●Gürrüňçilikde-de edil wesýetnamadaky dek söz az bolsun, ýeňil bolar.

●Bäsdeşiňden ätiýaç edip ägä bol, başgalar bilenem sypaýçylyk üçin ägä bol!

●Aýdylmaýan zatda üýtgeşik bir syr bolýar.

●Kim gürrüňçilikde aňsat içini açsa, ony ynandyrmak hem yz ýanyndan ýeňmek kyn däl.

●Köplenç birileriniň bagty başga birileriniň betbagtlygyna dahylly bolýar.

●Ýeňilýän bolmasa, ýeňýänem bolmazdy.

●Rehimdarlygyň özem bir artykmaçlyk.

●Adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňda aýna ýaly näzik bol!

●Maslahaty diňlemek hem akylyň bardygyna güwä geçýär.

●Hakykaty aýtmak üçin hem, ony gizlemek üçinem ukyp gerek.

●Üstünlik ¾ seýrek bagtdyr.

●Mertebesi uly adamlar ýagşylyk etmegi ýagşylygy kabul edenden zyýada görýärler.

●Bilmeýändigine düşünýän adam bilýändir.

●Yhlas mümkin däl zady hem bitirýär.

●Bilim bulagyň gurap galmazlygy hemem ýagşylygyň paýawlamazlygy üçin, ussatlygyňy paýlaşmagy-da ussatlarça başarmak gerek.

●Wagtynda eglişik etdigiň ¾ ýeňdigiň.

●Asylly adam üçin mugt berlen zady üzmek ýaly gymmatly zat ýok.

●Agraslyk ¾ ýaňralygyň çaklaýşy ýaly, kütek çäklilik däl-de, özüňe ynanmagyň netijesidir.


Toplan Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Bäherden etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
26
98