Baltasar Grasian şeýle diýipdir…
●Akyl ähli baýlykdan ýokarda durýar.
●Az sözle ¾ paýhas çyragy şudur.
●Tekepbirlik bähbidiň öňüni örtýär.
●Medeniýetsiz adamyň mertebesem ýarpydyr.
●Kän akyl bilen ujypsyz erk ýaly aýylganç zat ýok.
●Ajap zat mydama täkdir, seýrekdir, näme köp bolsa, şonuň gadyry azdyr.
●Dost kim, kim dostlaşyp bilýän bolsa şol dost.
●Hemme kişä degişli bolan özüne-de degişli däldir.
●Ýeňil ýol bilen gazanylan üstünlik hyjuwyň göwnüni awlaýar.
●Bilmek ¾ iň ynamdar goragdyr.
●Oňaryp yza çekilmegem batyr hüjüm edençe bardyr.
●Öwgüli sözlerden gaça dur.
●Öte haýran galmak ýalana ýakyn.
●Höküm etmek talanty berlen adamlar ¾ mynasyp şalardyr.
●Pikir erkanadyr, oňa hiç wagt sütem edilmeli däldir.
●Herki işde kämilligiň naýbaşyna, şol işe belli-külli ynananyňdan soň ýetip bilersiň.
●Şaglap inip duran pikir çeşmesi bolmasa, söz bahym gurap galýar.
●Saýlamagy başarmak, onda-da iň gowy zady saýlamaga türgenlik iki esse zyýadalykdyr.
●Diňe kämil zatlar haýran galdyrýar.
●Başarnygy taryplamak edil gämiçä şemal dek gerekdir.
●Beýik kişi şöhratly işe baş goşýar.
●Akylyň iň gymmatly sypaty haýsy zadyň möhümdigini wagtynda aňýandygy.
●Paýhas öz-özüň hakda oýlanmaga maslahat berýär.
●Süýjüje «ýok» diýleni göwünsiz «bolýadan» has ýakymlydyr.
●Hoş söz ýok işiň ýerini tutar.
●Kynçylygy görmek üçin ep-esli akyl gerek, çykalga tapmak üçin bolsa ondan hem köpräk.
●Aç-açan boýun gaçyrmazlygyň iň sypaýy usuly ¾ gürrüňi başga ýana sowmakdyr.
●Elýetmezlik ¾ özüniň kimdigini bilmeýän adamlaryň aýbydyr.
●Özgäniň şöhraty ýaly adam tekepbirligine gylaw berýän zat ýokdur.
●Iliň ýüregini awlamak ¾ uly sungat.
●Çenden çykmak çyny hem ýalan edýär.
●Ýalaw näçe tiz ýandygyça, şonça tiz ýanyp gutarýar.
●Kimem bolsa biriniň göwnünden turmany üçin kämil zat egsilmez.
●Hakyky razylygyň ölçegi ¾ şöhratly hemem iş bilýän adamlaryň öwgüsidir.
●Az geple ¾ jaý geple.
●Herki hereket hemişe sözden howpludyr.
Çyn akyl nämäni ýazgarsa, şol hem paýhasa çapraz gelýär.
●Gahar çendenaşa köp bolsa, elmydama dogry ýoldan sowýar.
●Dostlaryňy ýitiresiň gelmeýän bolsa, olara gaty uly üstünlik arzuw etme.
●Harytda utulanyňdan bahada utulanyň ýagşy.
●Kime kän bagly bolsaň, şoňa-da köp çydamaly bolýaň.
●Gürrüňçilikde-de edil wesýetnamadaky dek söz az bolsun, ýeňil bolar.
●Bäsdeşiňden ätiýaç edip ägä bol, başgalar bilenem sypaýçylyk üçin ägä bol!
●Aýdylmaýan zatda üýtgeşik bir syr bolýar.
●Kim gürrüňçilikde aňsat içini açsa, ony ynandyrmak hem yz ýanyndan ýeňmek kyn däl.
●Köplenç birileriniň bagty başga birileriniň betbagtlygyna dahylly bolýar.
●Ýeňilýän bolmasa, ýeňýänem bolmazdy.
●Rehimdarlygyň özem bir artykmaçlyk.
●Adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňda aýna ýaly näzik bol!
●Maslahaty diňlemek hem akylyň bardygyna güwä geçýär.
●Hakykaty aýtmak üçin hem, ony gizlemek üçinem ukyp gerek.
●Üstünlik ¾ seýrek bagtdyr.
●Mertebesi uly adamlar ýagşylyk etmegi ýagşylygy kabul edenden zyýada görýärler.
●Bilmeýändigine düşünýän adam bilýändir.
●Yhlas mümkin däl zady hem bitirýär.
●Bilim bulagyň gurap galmazlygy hemem ýagşylygyň paýawlamazlygy üçin, ussatlygyňy paýlaşmagy-da ussatlarça başarmak gerek.
●Wagtynda eglişik etdigiň ¾ ýeňdigiň.
●Asylly adam üçin mugt berlen zady üzmek ýaly gymmatly zat ýok.
●Agraslyk ¾ ýaňralygyň çaklaýşy ýaly, kütek çäklilik däl-de, özüňe ynanmagyň netijesidir.
Toplan Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Bäherden etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.