smiling_
16.08.2024 13:55
DANALARYŇ AKYL HAKYNDAKY PAÝHASLY SÖZLERI.

Akyl hakykaty aýan edýän güýçdir.

***

Akyl nurdyr.

***

Akyl bedendäki gymmatbaha göwherdir we ynsan keşbiniň aýnasydyr.

***

Akyl ynsana doglanda berlip, tejribe üsti bilen onuň üsti ýetirilýändir.

***

Akyl wezir, köňül patyşadyr.

***

Akyl zerur bolan guraldyr. Akylyň kömegi bilen adamzat etmeli we etmesiz zatlary aýyl-saýyl edýändir

***

Akyl ynsany pyssy-pyjurlyk etmekden saklaýar.

***

Akyl kalpda ýa-da beýnide ýerleşse-de, akyl ynsany haýwandan tapawutlandyrýan esasy häsiýetdir.

***

Ynsany kynçylykdan alyp çykjak we bela-beterden başyny gutarjak akyldyr.

***

Akyl lezzeti ― gymmatbaha lybaslar geýip, ajaýyp tagamlary iýmek lezzetinden hem lezzetlidir.

***

Alymlaryň belli bir topary akyl beýnide ýerleşýär diýse, beýleki bir topary akyl kalpda ýerleşýär diýýärler.

* * *

Zehiniň ýitiligi akylyň, ruhuň kuwwatlylygydyr.

***

Akyl ynsanyň ýaşynyň kämilleşmegi bilen gelýär.

***

Akyl sözi, ýagny gürlemegi azaldar. Eger ynsan köp gürläp başlasa, onuň akyly kemeler.

***

Lukman hekim ogluna: «Eý, oglum! Ähli ýagşy zatlaryň gözbaşy akyldan gaýdar. Meni gulçulykdan azat eden we şu derejä ýetiren akyldyr» diýýär.
20
119
ezizhan_hallyyew
17 Awgust 2024
@smiling_, gorkamasana a gyz 😁😁😁
ezizhan_hallyyew
17 Awgust 2024
@smiling_, mnm oyun etdima 😄😄😄
ezizhan_hallyyew
17 Awgust 2024
@smiling_, ynanmadym diymek ynanmagyn garsy sizi bolyamy
ezizhan_hallyyew
17 Awgust 2024
@smiling_, sen soranyň bari gowy mnm 😁
ezizhan_hallyyew
16 Awgust 2024
@smiling_, gowmy sen
ezizhan_hallyyew
16 Awgust 2024
@smiling_, funduk alpen goldyn yasylynyň icindaki manyz bara 😄
ezizhan_hallyyew
16 Awgust 2024
@smiling_, bala sen yoga sunduk gowmy sn
ezizhan_hallyyew
16 Awgust 2024
@loona_girl, 🧔 dogry aytyan gyzym
loona_girl
16 Awgust 2024
@ezizhan_hallyyew, yo sn dana dala ymama😅
ezizhan_hallyyew
16 Awgust 2024
Danalar diyip meni göz önüne tutdunmy 🙄😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.