Durmuşyňyz bir boluşly ýaly görünse-de, edýän işleriňiziň beýleki adamlar üçin hakyky gymmatlykdygyny we möhümdigini ýadyňyzdan çykarmaň!
Şu günki günüň çagalary ertirki dünýäni has gowy we bagtly mekana öwürmelidirler.
Ýelizaweta II.
***
Dünýäde adamlar üçin iň bolmanda bir damja ýagşylyk etmekden has gowy duýgy ýokdur.
Durmuşyň manysynyň iň gysga beýany şeýle bolup biler: dünýä hereket edýär we kämilleşýär. Esasy wezipe bu herekete goşant goşmak we hyzmatdaşlyk etmekdir.
Her kim dünýäni üýtgetmegi arzuw edýär, ýöne hiç kim özüni üýtgetmegi maksat edinmeýär.
Lew Tolstoý.
***
Parahatçylyk, bagt, adamlaryň doganlygy – ine bu dünýäde bize gerek iň esasy zat.
Mark Twen.
***
Parahatçylyk – adamlaryň bu durmuşda isleýän iň ýokary eşretidir.
Migel de Serwantes.
Eger-de biz bütin dünýäde parahatçylyk gazanmak islesek, ony çagalarymyzdan başlamaly.
Mahatma Gandi.
***
Dünýäde hiç kim bütinleý kämil bolup dünýä inmeýär, ýöne onuň bütin ömri hemişe hereket edýän ösüşden, üznüksiz kämilleşmekden başga bir zat däldir.
W. G. Belinskiý.
***
Adamlar bilen agzybirlikde ýaşamak üçin ilki özüň bilen ylalaşykda ýaşamaly.
Harper Li.
***
Adam adam bolmaga tagalla edende adam bolýar.
Aleksandr Gelman.
***
Adam üçin dünýäde adamlardan başga has gyzykly zat ýok.
Wilgelm Gumboldt.
***
Adamyň maksady ýagşylyk etmekdir.
Wladimir Dal.
***
Durmuşa iň sagdyn jogap şatlykdyr.
Dipak Çopra.
***