smiling_
16.08.2024 11:37
TÜRKMEN WE DAŞARY ÝURT ÝAZYJY-ŞAHYRLARYŇ, ALYMLARYŇ MAGTYMGULY PYRAGY HAKYNDA AÝDANLARYNDAN PARÇALAR:


Halkymyz özüniň beýik ogly Magtymgula çäksiz hormat goýýar. Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmajak sütünine öwrüldi.



«Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy. Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar.»

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz.



«Magtymgulynyň şygyrlar ýygyndysy iňňän gyzykly. Onda bir tarapdan, türkmen diliniň arassa nusgasyny görsek, ikinjiden, şu ýygyndyda beýleki Gündogar şahyrlarynyň eserlerinde seýrek duş gelýän zatlar barada jikme-jik aýdylýar.»

Arminiý Wamberi.



«Gökleň urugynyň, gerkez tiresinden bolan Magtymguly şahyr ähli türkmeniň halypasydyr.»

N.Samoýlowiç.



«Magtymgulyny okamda,

Aýdar idim zamanda,

Nogsan baryny, begler, anda,

Sözün togap kylar idim.»

Berdimyrat Berdak.



«Magtymguly ýaly milli şahyrly halk türki halklaryň arasynda diňe türkmenlerdir.»

Wladimir Bartold.



«Biz her sapar ýüzlenenimizde, Magtymguly biziň üçin ähtibarly maslahatçy, halypa bolup durýar.»

Aleksandr Aborskiý.



«Iňlislerde meşhur Wilýam Şekspire deňelen ýekeje şahyr bar. Ol Magtymguly.»

Braýan Oldis.



«Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir, bize diňe onuň hoşasyny çöpläýmek galýar.»

Mämmetweli Kemine.



«Magtymgulyň şygry ýaly,

Kökün ýere uran daglar.»

Kerim Gurbannepesow.



«Türkmen edebiýatynyň beýik klassygy Magtymguly söz bazarynda dellala aýlanyp, many bermekde biçimçä dönüp we gözel şygyr düzmekde çeper ýüwürdiji keşbini oýnap, türkmen halkynyň geçmişi, geljegi we bütin durmuşy hakynda dynuwsyz pikir ýöredip, öz asyrdaşyna we özünden soňraky geljeklere altyn yz galdyrdy.»

Berdi Kerbabaýew.



«Magtymgulynyň ýagty keşbi, mertligi, batyrlygy Watany, söýgüni wasp eden hyjuwly şahyr şeklinde, başarjaň terbiýeçi, wagyz-nesihatçy hökmünde belent dikelip dur. Munuň özi, beýik klassygymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren işiniň çäksizdigini görkezýär.»

Baýmuhammet Garryýew.







Taýýarlan: Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy.
17
35
wolf
16 Awgust 2024
@smiling_, 😄
wolf
16 Awgust 2024
Pãhim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy 🔥👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.