smiling_
15.08.2024 08:00
Paýhaslar ummany.


Ownuk jikme-jikliklere sabyr etmek, älem ýaly uly eseri kämilleşdirýär.

Jelaleddin Rumy

***

Düýnki hemme zat düýn gitdi, häzirki wagtda täze zatlar aýtmak zerur.

Jelaleddin Rumy

***

Arassa matematika hem öz gezeginde, logiki pikirleriň poeziýasydyr.

Albert Eýnşteýn

***

Hiç haçan ýalňyş goýbermedik adam hiç haçan täze zady synanyşyp görmedi.

Albert Eýnşteýn

***

Mende üýtgeşik zehin ýok. Men diňe höwes bilen gyzyklanýaryn.

Albert Eýnşteýn

***

Durmuş welosiped süren ýalydyr. Deňagramlylygy saklamak üçin hereket etmegi dowam etdirmeli.

Albert Eýnşteýn

***

Sabyr-ajy, ýöne miwesi süýji.

Aristotel

***

Başlangyç eseriň iň möhüm bölegidir.

Platon

***

Adamyň özüni alyp barşy esasy üç çeşmeden: isleg, duýgy we bilimden akýar.

Platon

***

Bilim – gämi doldurmak däl-de, alawyň ýakylmagydyr.

Platon

***

Atomlardan we boş ýerden başga hiç zat döremeýär, galan zatlaryň hemmesi pikirdir

Demokrit





Iňlis dilinden terjime eden:

Agajanowa Gülälek,

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň

“Iňlis dili we edebiýaty” hünäriniň talyby.
24
82
wolf
15 Awgust 2024
@smiling_, gowy pikir 😅
wolf
15 Awgust 2024
@smiling_, grasias mi amigo 🙃
wolf
15 Awgust 2024
@smiling_, 🤔
PILOT👮‍♂️✈🛩
15 Awgust 2024
@smiling_, 😸✌düşündim.
PILOT👮‍♂️✈🛩
15 Awgust 2024
@smiling_, 🤦‍♂️😂 yok şol mana unut diyen yok. Duyn giden zat geljekden geldi geljekden gelen zadam düýne yagny taryha geçyâr.😶 yanky aydyşyñ yaly. Geçmişinden sapak alp yaşamaly👍 bary bir gecdi diyip bolmaz geljekde yene şol ýagdaý duşmagy mumkin🤷‍♂️
wolf
15 Awgust 2024
@smiling_, bildimdã 😌
wolf
15 Awgust 2024
@smiling_, "minnetdar jenap" diýmek öýdýãn bulam 😁
wolf
15 Awgust 2024
@smiling_, senem erveda ispança ýazyp 😄 hemmesinem haladym, içlerinden iñ gowy görenimem ýazdym 🙂
PILOT👮‍♂️✈🛩
15 Awgust 2024
2 njide dunki zat duynde gitdi dyip geçmişi unutmalymy😐
wolf
15 Awgust 2024
@smiling_, bu nãme indi 😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.