small_poet✍️
09.05.2025 20:40
Mert ýigitleň gany damdy topraga,
Ýeňiş baýramyňyz mübärek bolsun!
Gerçek ärlerimize beýikdir sarpa,
Ýeňiş baýramyňyz mübärek bolsun!

Bütün dünýä doldy erkinligimiz,
Gazandyk ömürlik bitaraplygymyz,
Urra, urra gazandyk biz ýeňşimiz,
Ýeňiş baýramyňyz mübärek bolsun!

Frontçylarymyzy ýatlap hemişe,
Ýeke - ýeke adyn salyp töwire,
Türkmenligiňe buýsanmaly hemişe,
Ýeňiş baýramyňyz mübärek bolsun!

Çaryýewa Maýa
0
8
small_poet✍️
17.03.2025 20:46
Gussaly günümde şatlygym bolup,
Nije gijäň çirim etmän geçirip,
Adam etdiň, şu günlere ýetirdiň,
Tä ölinçäm saňa bergili eje!

Gözümiň guwanjy kyblam ikiňiz,
Ýüzümiň ýylgyrşy siziň bilendir,
Çagalarňyz saýaňyzda bagtlydyr,
Tä ölinçäm size bergili eje!

Dertden gorap, boldum öňüme galkan,
Elmydama hudaý tarapyn ýalkan,
Seň bilen üýtgeşik dünýäniň görkem,
Tä ölinçäm saňa bergili eje!

Baryňyzda gyş günlerim bolýar ýaz,
"Oglum" diýen sözüň iň bir şirin saz,
Üstüňde jennediň ajap ysy bar,
Tä ölinçäm saňa bergili eje!

Çaryýewa Maýa
4
51
small_poet✍️
16.03.2025 17:21
Çaryýewa Maýa
6
67
small_poet✍️
15.03.2025 21:06
Ýaşamasyn adam hiç wagt arzuwsyz,
Edilmesin arzuwlar hem umytsyz,
Boş durmasyn sallançaklar bäbeksiz,
Bezesin çagalar mydam dünýäni.

"Tik tok" diýen kesel degdi ýaşlara,
Samsyk hyýallary saldy başlara,
Kitap almak ýatdyr käbir ellere,
Goldajak men hemme kitap söýýäni.


Elden gelse bir - biregi goldalyň,
Kalplarmyza ýaman niýet salmalyň,
Dünýäň gözelligine goşant goşalyň,
Parahatlyk eýelesin asmany.

Diýip bilersiňiz maňa sen "kimaý",
Başarsaň başarmasaň ýazýaň goşgyny,
Danasyrap ile berýäň akyly,
Ýöne men sizlere aýdýan pikrimi.

Çaryýewa Maýa
7
59
small_poet✍️
13.03.2025 05:24
Bagyşla eje (islegler esasynda)

Ýalňyşmaýan ynsan barmy durmuşda,
Ýalňyşlyk goýberdim jahyl ýaşymda,
Göçme ýürek indi müň bur puşmanda,
Bagyşla ejemjan bagyşla meni.

Söz berýärin indi ýalňyşmajagyma,
Ol belent başyňy egdirmejegime,
Ýaş bolmasyn măhir doly gözleňde,
Bagyşla ejemjan bagyşla meni

Şeýtanyň ýolundan ýöredim şol gün,
Dideleňde çäksiz gussany gördüm,
Beren ynamyňy ödäp bilmedim,
Bagyşla ejemjan bagyşla meni.

Birje mümkinçilik bersene maňa,
Ökünýärin ähli eden zatlaryma,
Tä ölinçäm bolar kalbym armanda,
Bagyşla ejemjan bagyşla meni.
7
33
small_poet✍️
24.08.2024 09:10
Apple ilkinji gezek flagman iPhone Pro seriýasynyň önümçiligini Hindistandaky kärhanalaryna ynanar diýip, Bloomberg habar berýär.

Taýwanyň Foxconn Technology Group kompaniýasy iPhone Pro-nyň we iPhone Pro Max-yň täze neslini ýylyň aýagyna çenli ýurduň günortasyndaky Tamilnad ştatynda ýola goýup başlar. Esasy maksat - Hindistanda gurnalan iPhone 16 Pro-nyň we iPhone 16 Pro Max-yň dünýä bazaryna öz wagtynda eltilmegini üpjün etmek.
Geçen ýyl Apple Hindistanda 14 milliard dollarlyk smartfon öndürdi we bu iPhone-nyň umumy önümçiliginiň 1/7 bölegini üpjün etdi. Şeýle-de bolsa, şu wagta çenli diňe başlangyç derejeli modeller ýygnalýardy. Bu ýyl Apple flagman modellerine bolan islegi kanagatlandyrmak üçin Hindistanda önümçiligini giňeltmek kararyna geldi.
Geljekde Apple hindi bazarynyň iPhone Pro-a bolan islegini doly kanagatlandyrmagy, şeýle-de, önümiň ep-esli bölegini eksport etmegi meýilleşdirýär. Bloomberg-iň seljerijileriniň çaklamasyna görä, Apple-iň Hindistandaky girdejisi onýyllygyň ahyryna çenli 33 milliard dollara ýetip biler.
Önümçiligi giňeltmegiň meýilleşdirilýändigine garamazdan, bölek şaýlara we elektronika gümrük pajynyň ýokarydygy sebäpli Hindistanda ýygnalan iPhone beýleki ýurtlardaka garanyňda has gymmat bolar.
12
23
small_poet✍️
23.08.2024 15:06
Süýji ýatlamalar kalbymda baky,
Gelejegim aýdyň ýollarym ýagty,
Mekdepde öwrendim şeýle köp zady,
Şeýle bir gyzykly mekdep döwrümiz.

Çagalygymyň hezil günleri geçdi,
Synpdaşlarym dostum-doganym boldy,
Mugallymlarymyz ene-atamyz boldy,
Şeýle bir üýtgeşik mekdep döwrümiz.

Käýeleýäris käte mugallymlardan,
Duýduryş kän alýas mekdep müdirden,
Bu günler hiç haçan çykmaz ýadymdan,
Şeýle bir ajaýyp mekdep döwrümiz.

Atypdyrys eýýäm on ýyly arka,
Günler hezil geçýär synpdaşlam barka,
Wagtymam tiz geçýär gün günden barha,
Şeýle bir täsindir mekdep döwrümiz.

Synpymyzyň ady mekdebe belli,
"Hababam sinifi diýip at hem goýuldy,
Her kimde bir başgaça zehin bardy,
Şeýle bir täsirli mekdep döwrümiz.

"Şahyr, artist" adym boldy mekdepde,
"Aýdymçy, suratçy hem bar tikinçi,
"Wäşilerem" kändir prikol tutujy,
Hijem ýatdan çykmaz okuwçy döwrüm.

Çaryýewa Maýa
11
50
small_poet✍️
29.06.2024 11:00

Beýik Allam bardyr senden dilegim

Balasyny enesinden aýyrma!

Watan diýip urýar meniň ýüregim,

Meni eziz Watanymdan aýyrma!


"Guş ganatsyz bolmaz adam arzuwsyz",

Adamyň her ýaşan güni arzuwly,

Guşam uçýar al - asmanda ganatly,

Hiç bir zady gereginden aýyrma!


Adama gerekdir on iki süňňi hem,

Şolaň barlygynda alýarys biz dem,

Esasy zerurdyr sagdyn ýürek hem,

Allam bizi şol zatlardan aýyrma!

Çaryýewa Maýa

16
33
small_poet✍️
26.06.2024 21:57
Bu owadan dünýäme,bagt nurun çaýyp,
Gülüm meniň bagtym bolup doguldyň,
Şar gara owadan saçlaryňy ýaýyp,
Bu aşyk kalbymda yşk odun ýakdyň.

Owadan gözleriňe maýyl elmydam,
Üşeýän men gel mährimden ýyladaý,
Saňa wepaly ýar boljak men mydam,
Gülüm maňa ynan meň ýarym bolaý.

Durmyşyma geldiň boldum diwana,
Ömürboýy seň daşyňda perwana,
Rehmin insin indi bu aşyk ýara,
Torümi bezejek gelinim bolaý.
15
33
small_poet✍️
25.06.2024 14:50
1. Ol zady ýerden galdyrmak örän aňsat ýöne uzaga zyňmak juda kyn ol zat näme?
2. Bir maşgaladan bir adam bir ada gezelenje gidýär. Maşgalada üç çaga her çagada bir pişik her pişigiň hem üç çagasy bar. Sorag: Ada jemi näçe jandar gezelenje gidýär?
3. Bütün ýurtlarda ulanylýan söz, bütün ýurtda-da şol bir manyny berýär ol haýsy söz?
4. Türkmen dilinde mydama ýalňyş okalýan söz?
5. Bir adam bar ähli organlary abat sagdyn. Ýöne näçe gün bäri hassahanada ýatyr. Bu gün alyp gaýtýarlar ýöne göterip. Näme üçin?
17
132