small_poet✍️
29.06.2024 11:00

Beýik Allam bardyr senden dilegim

Balasyny enesinden aýyrma!

Watan diýip urýar meniň ýüregim,

Meni eziz Watanymdan aýyrma!


"Guş ganatsyz bolmaz adam arzuwsyz",

Adamyň her ýaşan güni arzuwly,

Guşam uçýar al - asmanda ganatly,

Hiç bir zady gereginden aýyrma!


Adama gerekdir on iki süňňi hem,

Şolaň barlygynda alýarys biz dem,

Esasy zerurdyr sagdyn ýürek hem,

Allam bizi şol zatlardan aýyrma!

Çaryýewa Maýa

15
29
idabdy
29 Iýun 2024
Sen düzzüňmi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.