small_poet✍️
15.03.2025 21:06
Ýaşamasyn adam hiç wagt arzuwsyz,
Edilmesin arzuwlar hem umytsyz,
Boş durmasyn sallançaklar bäbeksiz,
Bezesin çagalar mydam dünýäni.

"Tik tok" diýen kesel degdi ýaşlara,
Samsyk hyýallary saldy başlara,
Kitap almak ýatdyr käbir ellere,
Goldajak men hemme kitap söýýäni.


Elden gelse bir - biregi goldalyň,
Kalplarmyza ýaman niýet salmalyň,
Dünýäň gözelligine goşant goşalyň,
Parahatlyk eýelesin asmany.

Diýip bilersiňiz maňa sen "kimaý",
Başarsaň başarmasaň ýazýaň goşgyny,
Danasyrap ile berýäň akyly,
Ýöne men sizlere aýdýan pikrimi.

Çaryýewa Maýa
7
59
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.