Gussaly günümde şatlygym bolup,
Nije gijäň çirim etmän geçirip,
Adam etdiň, şu günlere ýetirdiň,
Tä ölinçäm saňa bergili eje!
Gözümiň guwanjy kyblam ikiňiz,
Ýüzümiň ýylgyrşy siziň bilendir,
Çagalarňyz saýaňyzda bagtlydyr,
Tä ölinçäm size bergili eje!
Dertden gorap, boldum öňüme galkan,
Elmydama hudaý tarapyn ýalkan,
Seň bilen üýtgeşik dünýäniň görkem,
Tä ölinçäm saňa bergili eje!
Baryňyzda gyş günlerim bolýar ýaz,
"Oglum" diýen sözüň iň bir şirin saz,
Üstüňde jennediň ajap ysy bar,
Tä ölinçäm saňa bergili eje!
Çaryýewa Maýa