Süýji ýatlamalar kalbymda baky,
Gelejegim aýdyň ýollarym ýagty,
Mekdepde öwrendim şeýle köp zady,
Şeýle bir gyzykly mekdep döwrümiz.
Çagalygymyň hezil günleri geçdi,
Synpdaşlarym dostum-doganym boldy,
Mugallymlarymyz ene-atamyz boldy,
Şeýle bir üýtgeşik mekdep döwrümiz.
Käýeleýäris käte mugallymlardan,
Duýduryş kän alýas mekdep müdirden,
Bu günler hiç haçan çykmaz ýadymdan,
Şeýle bir ajaýyp mekdep döwrümiz.
Atypdyrys eýýäm on ýyly arka,
Günler hezil geçýär synpdaşlam barka,
Wagtymam tiz geçýär gün günden barha,
Şeýle bir täsindir mekdep döwrümiz.
Synpymyzyň ady mekdebe belli,
"Hababam sinifi diýip at hem goýuldy,
Her kimde bir başgaça zehin bardy,
Şeýle bir täsirli mekdep döwrümiz.
"Şahyr, artist" adym boldy mekdepde,
"Aýdymçy, suratçy hem bar tikinçi,
"Wäşilerem" kändir prikol tutujy,
Hijem ýatdan çykmaz okuwçy döwrüm.
Çaryýewa Maýa