small_poet✍️
26.06.2024 21:57
Bu owadan dünýäme,bagt nurun çaýyp,
Gülüm meniň bagtym bolup doguldyň,
Şar gara owadan saçlaryňy ýaýyp,
Bu aşyk kalbymda yşk odun ýakdyň.

Owadan gözleriňe maýyl elmydam,
Üşeýän men gel mährimden ýyladaý,
Saňa wepaly ýar boljak men mydam,
Gülüm maňa ynan meň ýarym bolaý.

Durmyşyma geldiň boldum diwana,
Ömürboýy seň daşyňda perwana,
Rehmin insin indi bu aşyk ýara,
Torümi bezejek gelinim bolaý.
15
28
idabdy
27 Iýun 2024
Iň soňky topbagy owadan bolupdur sen ýazzyňmy
Karaleva_
26 Iýun 2024
awtory kim 🤔 söz yok gosga
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.