senorita
10.11.2024 22:19
Elektrik energiýasyndan ýagtylyk almagy başaran ilkinji adam Tomas Edison hasaplanýan hem bolsa, soňky ýyllarda çyralaryň örän köp görnüşi peýda bolýar. Șeýle oýlap tapyşlaryň biri hem stoluň üstünde goýulýan çyra hasaplanýar.

Çyranyň bu görnüșini iňlis dizaýneri Jorj Karwardin oýlap tapýar. Üns beren bolsaňyz «Pixar» multfilmleriniň başynda hem șeýle çyra peýda bolýar. Karwardin bu lampany oýlap tapanynda adamyň golunyň hereketlerinden «ylham alypdyr».
Ol bu önüm üçin 1931-nji ýylda patent alan hem bol- sa, bir ýyldan soňra ony has-da kämilleşdirýär. Awtoulag önümçilik kärhanasynda işleýän Karwardin islän ýeriňde wagtlaýyn üýtgedip bolýan, işiñ bitenden soňra hemişeki ýerine aňsatlyk bilen gidýän çyra zerurlyk duýýar. Ol özüne gerek bolan çyrany ýasamak üçin ýaýly «tirsege» lampany dakýar. Şeýlelik-de, ony islän tarapyna aýlap bolýar. Çyranyň gulpuny açandan soňra bolsa, ol hemişelik ýerine barypdyr. Karwardin bu lampany ussahanasynda ulanmak maksady bilen oýlap tapan hem bolsa, onuň beýleki ýerlerde hem peýdalanylyp bilinjekdigine göz ýetirýär. Lampanyň dașyndaky gorag bolsa, şöhläni şol bir ýere serpikdirip, az energiýa bilen has köp ýagtylygy döretmäge mümkinçilik beripdir. Ony islendik tarapa öwrüp bolýandygy güýçli ýagtylygyň gözüňi gamaşdyrmazlygyny üpjün edipdir. Bu gyralar adatça 60 watlyk lampanyň ýagtylygyny 25 watlyk lampa bilen üpjün edipdir. Şeýlelik-de, bu enjam wagtyň geçmegi bilen dürli iș ýerlerinde kitaphanalarda giňden ulanylyp bașlanýar. Häzirki wagtda hem giňden ulanylýan bu enjamyň ululy-kiçili dürli görnüşleri bar. Näçe wagt geçen hem bolsa, häzirki wagtdaky stol çyralary hem köp babatda ilki başdakysyna meňzeýär.
5
112
senorita
08.11.2024 17:56
Gü­nor­ta ýa­rym şa­ryň güýz gö­zel­li­gi, Gü­nor­ta ada. Dün­ýä­niň köp ýe­ri sent­ýabr-okt­ýabr aý­la­ryn­da güýz pas­ly­na bes­len­ýän bol­sa, Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň Günor­ta ada­sy ap­rel-maý aý­la­ryn­da sa­ry do­na bürenýär. Bu ada güýz ja­dy­sy­ny gör­mek üçin müňlerçe sy­ýa­hat­çy bar­ýar. Al­tyn­sow we gyz­gylt ýaprak­ly agaç­lar bi­len ör­tü­len, ta­ry­hy kö­çe­le­ri bi­len tanal­ýan Arrowta­un oba­sy ada­nyň iň özü­ne çe­ki­ji ýerle­ri­niň bi­ri­dir. Şeý­le hem Gü­nor­ta ada­syn­da­ky Teka­po kö­li çüý­şe ýa­ly du­ry su­wy, daş-tö­we­re­gi­ni örtýän gyr­my­zy agaç­la­ryň saz­la­şy­gy bi­len owa­dan güýz sah­na­sy­ny eme­le ge­tir­ýär. Ga­ýa­lar­dan aşak inýän Mil­ford şarlawu­gy ada­nyň iň owa­dan ýer­le­ri­niň bi­ri­dir.
11
55
senorita
08.11.2024 11:19
Te­bi­gat­da­ky aja­ýyp gö­zel­lik, Hy­taý. ÝU­NES­KO-nyň Bütin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň bir bö­le­gi bo­lan Szýuç­žaý­gou jül­ge­si reňk­li köl­le­riň, şag­la­wuk­la­ryň we owa­dan tokaý­lyk­la­ryň jem­le­nen ýe­ri­dir. Bu jül­ge güýz paslynda ha­ky­ky sun­gat ese­ri­ne öw­rül­ýär. Jül­ge­dä­ki düý­bi görnüp du­ran Aý­na kö­li we beý­le­ki aras­sa suwly köller sa­ry ýap­rak­lar bi­len be­ze­lip, aja­ýyp görnü­şi eme­le ge­tir­ýär. Dün­ýä­niň seý­rek duş gel­ýän jandarlary­nyň bi­ri bo­lan pan­da­la­ry hem bu jül­ge­de syn­lap bol­ýar.
10
84
senorita
28.10.2024 10:42
🟠 Aja­ýyp gö­zel­lik, Wer­mont. ABŞ-nyň de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ryn­da­ky bu şä­her­dä­ki obalar güýz pas­lyn­da sy­ýa­hat edil­me­li esa­sy ýer­le­riň bi­ri­dir. Wer­mont sa­ry do­na bü­re­nen oba­la­ry, altynsow ýap­rak­lar bi­len ör­tü­len köp­rü­le­ri we aýlawly de­pe­le­ri bi­len ja­dy­ly dün­ýä­ni eme­le ge­tir­ýär. Wer­mon­ta bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar gy­zyl, mä­mi­şi we sary ýap­rak­lar bi­len ör­tü­len üs­ti üçek­li köp­rü­le­ri şäheriň ny­şa­ny ha­sap­la­ýar­lar. Şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry güýz pas­lyn­da agaç­la­ryň şi­re­sin­den ak­ja şer­bet­le­ri taý­ýar­la­ýar­lar. Ada­ma güýç-kuw­wat ber­ýän bu içginiň taý­ýar­la­ny­ly­şy uly da­ba­ra­lar bi­len bel­le­ni­lip geçil­ýär.

🟠 Er­te­ki peý­zaž­la­ry, Ba­wa­ri­ýa. Ger­ma­ni­ýa­nyň iň uly lande­ri bo­lan Ba­wa­ri­ýa­nyň özü­ne çe­ki­ji peýzaž­la­ry güýz pas­lyn­da ha­sam gö­zel­leş­ýär. Aý­law­ly de­pe­le­ri, Or­ta asyr­da gur­lan ga­la­la­ry we Alp dag­la­ry­nyň etegindä­ki özü­ne çe­ki­ji reňk­li oba­la­ry güýz pas­lyn­da ge­ze­len­je çyk­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çekýär. Er­te­ki­le­ri ýa­dy­ňa sal­ýan Noýş­wanş­taýn galasy güýz pas­ly­nyň keş­bin­de şä­he­ri has-da owadan gör­kez­ýär. Ba­wa­ri­ýa bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar üsti gar bi­len ör­tü­len Alp dag­la­ry­na çy­kyp, gyz­gylt-sary jül­ge­ler­de ýa­ba­ny te­bi­gat­da dynç alyp bil­ýär­ler.

🟠 Güýz gö­zel­li­gi we üzüm­çi­lik­le­ri, Tos­ka­na. Ita­li­ýa­nyň aý­law­ly de­pe­le­ri, üzüm meý­dan­la­ry we özü­ne çe­ki­ji oba­la­ry bi­len ta­nal­ýan Tos­ka­na se­bi­ti güýz­de romantik peý­za­žy dö­red­ýär. Se­bit­dä­ki San Jiminýano we Mon­te­pul­ça­no ýa­ly Or­ta asyr şäherlerin­de aý­la­nyp, ýa­ýy­lyp ýa­tan al­tyn­sow ýaprakly üzüm meý­dan­la­ry­ny syn­lap bol­ýar. Tos­ka­na­ güýz pas­ly­nyň asu­da gö­zel­li­gi­ni syn­la­mak üçin iň ajaýyp ýer­le­riň bi­ri­dir.


📌
1-nji surat – Wer­mont
2-nji surat – Bawariýa
3-nji surat – Toskana
5
50
senorita
22.10.2024 18:33
🟠 Reňk­le­riň sim­fo­ni­ýa­sy, Kýo­to. Ga­dy­my ybadathanalary we gür bag­la­ry bo­lan Ýa­po­ni­ýa­nyň Kýo­to şä­he­ri güýz pas­lyn­da has-da gö­zel­leş­ýär. Bu pa­syl­da şähere bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar öz­le­ri­ni ja­dy­ly dün­ýä düşen ýa­ly duý­ýar­lar. Şä­her­dä­ki ýa­pon mo­mi­ji agaçlary, Ki­ýo­mi­zude­ra we To­fu­kuji bag­la­ry gyrmyzy we al­tyn­sow reňk­le­riň saz­la­şy­gy­ny eme­le ge­tir­ýär. Şeý­le hem güýz pas­lyn­da Kýo­to şä­he­rin­dä­ki Araşiýama bam­buk to­kaý­lyk­la­ry özü­ne çe­ki­ji görnüşe eýe bol­ýar. Şeý­le hem bu şä­her­de ýap­rak­lar bi­len be­ze­len «çaý öý­le­rin­de» myh­man­çy­lyk­da bolup, mat­ça ça­ýyn­dan lez­zet alyp bol­ýar.

🟠 Güýz aja­ýyp­ly­gy, Se­ul. Ko­re­ýa­ Respublikasynyň gülläp ös­ýän paý­tag­ty güýz pas­lyn­da aja­ýyp gör­nü­şe eýe bol­ýar. Se­ul­da­ky döw­re­bap bi­na­la­ryň, köp şa­ha­ly kö­çe­le­riň ara­syn­da­ky se­ýil­gäh­le­ri we ta­ry­hy ýer­le­ri güýz aja­ýyp­ly­gy gur­şap al­ýar. Şä­her­dä­ki mil­li däp-dessur­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­ri bo­lan Kýon­bok­kun köşk top­lu­my sa­ry ýap­rak­lar bi­len ör­tül­ýär. Güýz pas­lyn­da şä­he­re bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar ko­reý­le­riň mil­li ly­ba­sy bolan han­bok ge­ýip, Nam­san we Olim­pi­ýa seýilgähindä­ki al­tyn­sow ýap­rak­la­ryň ara­syn­da surata düş­ýärler.


📌
1-nji surat – Kýo­to
2-nji surat – Seul
12
95
senorita
22.10.2024 12:52
El telefonlarynyň çykmagy bilen goşar sagady azalan hem bolsa, dakynýanlar häzirem az däl. Goşar sagatlarynyň uludan kiçä hemmeler üçin niýetlenen birnäçe görnüşi bar. Şeýle-de, bu sagatlaryň sagady, minuty we sekundy dil bilen görkezýän adaty görnüşleriniň bolşy ýaly, san bilen görkezýänleri hem bar. Mundan başga-da, goşar sagatlarynyň käbir görnüşi diňe sagady däl, eýsem, hepdäniň gününi, senäni we ýyly hem görkezýär. Eýsem, wagty sanlar bilen görkezýän elektron sagatlar haçan peýda bolduka?!

Geçen asyryň ikinji ýarymynda kompýuterler peýda bolup başlaýar. llkibaşda laboratoriýalar, senagat kärhanalary ýa-da ylym-bilim merkezleri üçin niýetlenen kompýuterler öndürilen hem bolsa, soňlugy bilen iş ýerlerinde we öýde ulanmak üçin niýetlenen kompýuterler öndürilýär. Bu bolsa elektron senagatynyň ösmegine görnetin goșant goşdy. 1970-nji ýylda «Hamilton» atly kompaniýa «Pulsar» atly wagty san bilen görkezýän ilkinji goşar sagadyny öndürýär. Daşyna altyn çaýylan gyzyl reňkli LED panelli bu sagatda wagty görmek üçin düwmejige basmaly bolupdyr. Enjam bahasynyň gymmatdygyna garamazdan, ýokary islegden peýdalanýar. Bu sagat satuwa çykan wagty köp adam adaty mehaniki sagatlaryň möwritiniň tamamlanandygyny pikir edipdir. Emma birnäçe ýyl geçen hem bolsa, häzirki wagtda-da dilli sagatlar giňden ulanylýar. Aslynda, kompaniýa 1968-nji ýylda Stenli Kubrigiň režissýorlyk etmeginde surata düșü- rilen «2001: A Space Odyssey» atly filmiň baş gahrymany üçin hem elektron sagady işläp taýýarlaýar. Bu filmiň meșhurlyk gazanmagy bilen șeýle sagadyň köpçülikleýin öndürilmegine badalga berilýär. Wagty san bilen görkezýän ikinji sagady bolsa, «Texas Instruments» atly kompaniýa satuwa çykarýar. 1975-nji ýylda satuwa çykarylan plastik bagjykly bu sagat örän arzan bahadan satylýar. Netijede, elektron sagatlar hemmeler üçin elýeterli bolýar.
Ýokarda bellenilişi ýaly, ilkinji sagadyň ekrany öçük durýan eken, ony diňe wagty görjek wagtyň düwmä basyp açmalydy. Munuň sebäbi LED çyraly ekranlaryňköp energiýa talap edýändigi bilen bag- lydyr. Soňky ýyllarda bolsa, energiýany tygşytlaýan tehnologiýanyň ösmegi bilen, hemişe açyk durýan ekranly sagatlar peýda bolýar. 1980-nji ýyllarda bol- sa, düwmesine basaňda wagty ses bilen eşitdirýän, termometrli, hasaplaýyş maşynly we beýleki aýratynlyklary bolan sagatlar öndürilýär. Hatda telewizor hökmünde ulanyp bolýan sagatlar hem çykýar.
14
147
senorita
07.10.2024 11:34
Aýdýarmy nã, durmuş kã kyn boljagyn,
Gõzden akan ýaşlaryň kõl boljagyn,
Bilen bolsam ýitgileñ kän boljagyn,
Beýdip seni sõýüp bilmezdim, güýzüm!

Günãm nã, yșk–serhet bozmadyk bolsa?!
Gõzýaşlardan desse bogmadyk bolsa,
Bizde bir meñzeşlik bolmadyk bolsa,
Seni beýdip sõýüp bilmezdim güýzüm!

Guşlar gonan wagty kõñül kõşgüme,
Çaýylardy Aýyñ nury keşbime,
Õwrülip bilmese sõýgim yşkyma,
Beýdip seni sõýüp bilmezdim güýzüm!

Gowy bordy – syrym ýaýmadyk bolsam,
Yşkymdan asyl dil ýarmadyk bolsam,
Wah, diñe õz paslym saýmadyk bolsam,
Seni beýdip sõýüp bilmezdim güýzüm!

Gowy – kã ýürekleñ aýrydyklary,
Gõwnüm güllãr, guşlar saýradyklary,
Peşgeş berjek bolsañ aýralyklary,
Beýdip seni sõýüp bilmezdim güýzüm!

✍️ Ogultãç Oraztaganowa
9
46
senorita
16.09.2024 19:33
XI

Saklasam ruhumda geljek ýazy men,
Indiki ýazlaryň dänelerini.
Bereketli, mährem zemin ýaly men,
Arzuw etsem dänäň känelerini.

Ine, biz aýlanyp ýörüs ýollarda,
Şatlanýarys. Gam çekmänem bolanok
Ýöne ýaşar ýaly uzak ýyllarda
Hemmämizde şol ýaryljak däne ýok.

Owal-başda seni döredip zemin,
Ekläp, saklap, söýüp, ýola besläpdir.
Çaga höziriniň görülşi kimin,
Ol seň ýazyň bilen joşmak isläpdir.

Saklamasaň ýaşadygyň däl bu gün,
Şat baharyň ol hamyla gämigin.

XII

Şat baharyň ol hamyla gämigin.
Götereliň ruhumyzda biz merdem.
Gögem ýapynypdyr başa ýaglygyn,
Gyşyň ysy gelýär uzak bir ýerden.

Emaý bilen çökýär zemine duman,
Asman wada berýär bir giden ýagşy,
Bilýän, öz ýazyma ýetjegim bilýän,
Ýöne haçan? Gijä galmasam ýagşy...

Seret, gökde kakyp ýeňil ganatyn,
Awara durnalar edýärler owaz.
Güýz-- bu kämilligiň alamatydyr,
Kämillikden dogan sadalykdyr ýaz.

Düşünmäge agyryňa döwür seň,
Güýz paýhasy bilen pikir öwürseň.


XIII

Güýz paýhasy bilen pikir öwürseň,
Ýamany kül edip sowurmak üçin.
Ynamsyzlyk köprüsini çöwürseň,
Ynam köprüsine öwürmek üçin.

Görýän weli, entek iş kän dünýäde,
Alajyň nä, närazylyk örtese.
Meň umydym, meniň iň bir zyýada
Kämilligim, șun geljekmi, erte, sen?!

Eger bir gün saňa ýetmän ölsem-de,
Çekmen tüm aşakda derdi-azary.
Otuz üç ýyl gijä galyp gelseň-de,
Gelseň bor ilimiň bory üçin razy.

Herhal dirilikde azarly ýörsem,
Ýazym gelse, ýagty pikir dogursam.

XIV

Ýazym gelse, ýagty pikir dogursam,
Gitsem türkmen ýaýlalarnyň içine,
Gurujylar bile binalar gursam,
Gül bolup örülsem gyzlaň saçyna.

Awara șemala meňzeş gyratyň,
Ýallaryn sypalap, sährama sürsem.
Ýoklugymda boljak ähli hormatyň,
Dirilikde ýeke birini görsem.

Işlesem, bilmesem öler-galarym,
Ajalam birsellem golaýma gelmez.
Ahyrsoňy, ahyrsoňy ölerin,
Ýöne giç. Ol meniň öldügim bolmaz.

Meni tohum kimin ýygnar bu toprak.
Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak.


✍️ Gurbannazar Ezizow
14
66
senorita
15.09.2024 15:16
VII

Bu tämiz, manyly görnüşe gaýyp
Ýörmekde many ýok. Ynsan söýülsin. Barlygymda pikrim bolsun ajaýyp,
Gidemden soň gidenligim duýulsyn.

Toý, mydam mähirli sazlar çalaýyn,
Şo saz bilen mährem duýgy oýansyn.
Meň özüm raketaň sesi bolaýyn,
Pikrim raketa deý özümden ozsun,

Pikrim gylyç bolsun ýowuz günlerde,
Gorasyn bu ýagty günleň sarpasyn,
Orak bolsun ak asmanly günlerde,
Orsun meýdanlaryň bugdaý-arpasyn.

Bassyn elmydama şer işleň howun,
Şoňa telwas edýär bu däli göwün.

VIII

Şoňa telwas edýär bu däli göwün,
Şoňa — şer işleriň sumat bolarna,
Erteki ýeňişleň erte däl, şu gün,
Şu günki ýeňişleň şu wagt bolarna.

Pikirim kök urup ýurek teýine,
Öz çykarny, öz ýazyny küýseýär.
Ähli durkum dört-bäş aýlyk geline
Çalym edýän tämiz güýze meňzeýär.

Güýz diýilen zada gutarma ýokdur.
Güýz bolsa, toprakdan hasyl önmeli.
Meniň, güýzüm, ýollarymyz uzakdyr,
Sen ruhumdan dömüp, ýaza dönmeli.

Öz ähli mazmunym açsadym menem,
Ine, şu bag kimin ussatlyk bilen.

IX

Ine, şu bag kimin ussatlyk bilen
Ähli mazmunymy açsadym eger,
Mähribanym, diýar, sen paýhas bilen
Ilki pata, ondan soňra pursat ber,

Ýogum üçin meni gynama, diýar,
Ähli güýç-kuwwaty senden alaryn.
Özüm ýerde, gökde parlaýar hyýal,
Men şindi ýok. Ýok, men indi bolaryn.

«Biziň kärimizde ýagşy niýetiň
Ýarym döwlet däldigini» bilsem-de,
Niýetsiz ýaşamak çetin, ah, çetin,
Ýagşy niýet edýän wagty il senden.

Gögüň sypyrşy deý bulut — ýaglygyn Sypyrsam pikrimiň ähli gabygyn.

X

Sypyrsam pikrimiň ähli gabygyn,
Il-günüň ýüzüne müýnsüz garasam. Magtymgulyň çaýlar içen çäýnegin, Ýuwup-süpürmäge hukuk gazansam,

Il-günüňi söýmek uly iş, bilýän,
Ili söýsem söýşi kimin şol äriň.
Ýekeje setirim, bir sözüm bilen Harlamaweräýin Pyragyň kärin.

Eý, pikirim, haçan dömjek, et aýan.
Ýogsa, senden bu ýürege takat ýok,
Seni wagtyndan öň aýtmak isleýän,
Men Seni wagtyndan öň aýdyp bilemok.

Gije ýolsuz ýerden ýörýän ýaly men,
Saklasam ruhumda geljek ýazy men.

✍🏻 Gurbannazar Ezizow
13
28
senorita
14.09.2024 23:46
V

Bar sary töwerek șeýle ajaýyp,
Seniňem ajaýyp bolasyň gelýär.
Bu ýagşy dünýäniň üstünde gaýyp,
Ölseň-de, bu dünýä gelesiň gelýär.

Emma ýagşy sözi beýan etme kyn,
Ýaksaň-da oň üçin günüň, ýyl, aýyň.
Erbet söz jezasyn çekmeklik mümkin,
Ýagsy söz jebrine neneň çydaýyn.

Ol edil topraga düşen tohum dek,
Ezýär ýüregimi Jepasy kändir.
Eger bir gün goýsa urmasyn ýürek—
Aýdylmadyk ýagşy söze büdrändir.

Misli bir arassa, manyly göwün.
Bar sary töwerek ýalaňaç bu gün.

VI

Bar sary töwerek ýalaňaç bu gün,
Ol säherden, hatda bahardanam päk,
Ol misli tersine çöwürlen göwün,
Onuň asyl durky. Hile-aly ýok.

Güýze, güýze meňzäň, pikirlerim meň,
Güýzüň dürs sapagyn okaýan bu gün
Neneň edip eredip bor ýürekleň
Demirgazyk buzly okeanlygyn?!

Sen, pikirim, özüňçe bol iň bolman
Bu kyn asyr etjek işleriň kändir.
Özüňçe bol, iň bolmanda umman bol,
Çünki her bir ynsan giden ummandyr.

Ýörme gökde özüň perişde saýyp,
Bu tämiz, manyly görnüșe gaýyp.


✍️ Gurbannazar Ezizow
18
76