senorita
16.09.2024 19:33
XI

Saklasam ruhumda geljek ýazy men,
Indiki ýazlaryň dänelerini.
Bereketli, mährem zemin ýaly men,
Arzuw etsem dänäň känelerini.

Ine, biz aýlanyp ýörüs ýollarda,
Şatlanýarys. Gam çekmänem bolanok
Ýöne ýaşar ýaly uzak ýyllarda
Hemmämizde şol ýaryljak däne ýok.

Owal-başda seni döredip zemin,
Ekläp, saklap, söýüp, ýola besläpdir.
Çaga höziriniň görülşi kimin,
Ol seň ýazyň bilen joşmak isläpdir.

Saklamasaň ýaşadygyň däl bu gün,
Şat baharyň ol hamyla gämigin.

XII

Şat baharyň ol hamyla gämigin.
Götereliň ruhumyzda biz merdem.
Gögem ýapynypdyr başa ýaglygyn,
Gyşyň ysy gelýär uzak bir ýerden.

Emaý bilen çökýär zemine duman,
Asman wada berýär bir giden ýagşy,
Bilýän, öz ýazyma ýetjegim bilýän,
Ýöne haçan? Gijä galmasam ýagşy...

Seret, gökde kakyp ýeňil ganatyn,
Awara durnalar edýärler owaz.
Güýz-- bu kämilligiň alamatydyr,
Kämillikden dogan sadalykdyr ýaz.

Düşünmäge agyryňa döwür seň,
Güýz paýhasy bilen pikir öwürseň.


XIII

Güýz paýhasy bilen pikir öwürseň,
Ýamany kül edip sowurmak üçin.
Ynamsyzlyk köprüsini çöwürseň,
Ynam köprüsine öwürmek üçin.

Görýän weli, entek iş kän dünýäde,
Alajyň nä, närazylyk örtese.
Meň umydym, meniň iň bir zyýada
Kämilligim, șun geljekmi, erte, sen?!

Eger bir gün saňa ýetmän ölsem-de,
Çekmen tüm aşakda derdi-azary.
Otuz üç ýyl gijä galyp gelseň-de,
Gelseň bor ilimiň bory üçin razy.

Herhal dirilikde azarly ýörsem,
Ýazym gelse, ýagty pikir dogursam.

XIV

Ýazym gelse, ýagty pikir dogursam,
Gitsem türkmen ýaýlalarnyň içine,
Gurujylar bile binalar gursam,
Gül bolup örülsem gyzlaň saçyna.

Awara șemala meňzeş gyratyň,
Ýallaryn sypalap, sährama sürsem.
Ýoklugymda boljak ähli hormatyň,
Dirilikde ýeke birini görsem.

Işlesem, bilmesem öler-galarym,
Ajalam birsellem golaýma gelmez.
Ahyrsoňy, ahyrsoňy ölerin,
Ýöne giç. Ol meniň öldügim bolmaz.

Meni tohum kimin ýygnar bu toprak.
Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak.


✍️ Gurbannazar Ezizow
14
60
senorita
16 Sentýabr 2024
@Karaleva_, Hemişe gowy bolmak nesip etsin 🤗 Bar bol, õzüñem arma
senorita
16 Sentýabr 2024
@Karaleva_, şükür Hudaýa ) Gowumy õzüñ?
senorita
16 Sentýabr 2024
@Karaleva_, indikide unutmarn ;)
senorita
16 Sentýabr 2024
@Karaleva_, hãã ýatdan çykypdyr 😁💸
senorita
16 Sentýabr 2024
senorita
16 Sentýabr 2024
Soñy. )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.