senorita
15.09.2024 15:16
VII

Bu tämiz, manyly görnüşe gaýyp
Ýörmekde many ýok. Ynsan söýülsin. Barlygymda pikrim bolsun ajaýyp,
Gidemden soň gidenligim duýulsyn.

Toý, mydam mähirli sazlar çalaýyn,
Şo saz bilen mährem duýgy oýansyn.
Meň özüm raketaň sesi bolaýyn,
Pikrim raketa deý özümden ozsun,

Pikrim gylyç bolsun ýowuz günlerde,
Gorasyn bu ýagty günleň sarpasyn,
Orak bolsun ak asmanly günlerde,
Orsun meýdanlaryň bugdaý-arpasyn.

Bassyn elmydama şer işleň howun,
Şoňa telwas edýär bu däli göwün.

VIII

Şoňa telwas edýär bu däli göwün,
Şoňa — şer işleriň sumat bolarna,
Erteki ýeňişleň erte däl, şu gün,
Şu günki ýeňişleň şu wagt bolarna.

Pikirim kök urup ýurek teýine,
Öz çykarny, öz ýazyny küýseýär.
Ähli durkum dört-bäş aýlyk geline
Çalym edýän tämiz güýze meňzeýär.

Güýz diýilen zada gutarma ýokdur.
Güýz bolsa, toprakdan hasyl önmeli.
Meniň, güýzüm, ýollarymyz uzakdyr,
Sen ruhumdan dömüp, ýaza dönmeli.

Öz ähli mazmunym açsadym menem,
Ine, şu bag kimin ussatlyk bilen.

IX

Ine, şu bag kimin ussatlyk bilen
Ähli mazmunymy açsadym eger,
Mähribanym, diýar, sen paýhas bilen
Ilki pata, ondan soňra pursat ber,

Ýogum üçin meni gynama, diýar,
Ähli güýç-kuwwaty senden alaryn.
Özüm ýerde, gökde parlaýar hyýal,
Men şindi ýok. Ýok, men indi bolaryn.

«Biziň kärimizde ýagşy niýetiň
Ýarym döwlet däldigini» bilsem-de,
Niýetsiz ýaşamak çetin, ah, çetin,
Ýagşy niýet edýän wagty il senden.

Gögüň sypyrşy deý bulut — ýaglygyn Sypyrsam pikrimiň ähli gabygyn.

X

Sypyrsam pikrimiň ähli gabygyn,
Il-günüň ýüzüne müýnsüz garasam. Magtymgulyň çaýlar içen çäýnegin, Ýuwup-süpürmäge hukuk gazansam,

Il-günüňi söýmek uly iş, bilýän,
Ili söýsem söýşi kimin şol äriň.
Ýekeje setirim, bir sözüm bilen Harlamaweräýin Pyragyň kärin.

Eý, pikirim, haçan dömjek, et aýan.
Ýogsa, senden bu ýürege takat ýok,
Seni wagtyndan öň aýtmak isleýän,
Men Seni wagtyndan öň aýdyp bilemok.

Gije ýolsuz ýerden ýörýän ýaly men,
Saklasam ruhumda geljek ýazy men.

✍🏻 Gurbannazar Ezizow
13
26
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.