🟠 Ajaýyp gözellik, Wermont. ABŞ-nyň demirgazyk-gündogaryndaky bu şäherdäki obalar güýz paslynda syýahat edilmeli esasy ýerleriň biridir. Wermont sary dona bürenen obalary, altynsow ýapraklar bilen örtülen köprüleri we aýlawly depeleri bilen jadyly dünýäni emele getirýär. Wermonta barýan syýahatçylar gyzyl, mämişi we sary ýapraklar bilen örtülen üsti üçekli köprüleri şäheriň nyşany hasaplaýarlar. Şäheriň ýaşaýjylary güýz paslynda agaçlaryň şiresinden akja şerbetleri taýýarlaýarlar. Adama güýç-kuwwat berýän bu içginiň taýýarlanylyşy uly dabaralar bilen bellenilip geçilýär.
🟠 Erteki peýzažlary, Bawariýa. Germaniýanyň iň uly landeri bolan Bawariýanyň özüne çekiji peýzažlary güýz paslynda hasam gözelleşýär. Aýlawly depeleri, Orta asyrda gurlan galalary we Alp daglarynyň etegindäki özüne çekiji reňkli obalary güýz paslynda gezelenje çykýan syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Ertekileri ýadyňa salýan Noýşwanştaýn galasy güýz paslynyň keşbinde şäheri has-da owadan görkezýär. Bawariýa barýan syýahatçylar üsti gar bilen örtülen Alp daglaryna çykyp, gyzgylt-sary jülgelerde ýabany tebigatda dynç alyp bilýärler.
🟠 Güýz gözelligi we üzümçilikleri, Toskana. Italiýanyň aýlawly depeleri, üzüm meýdanlary we özüne çekiji obalary bilen tanalýan Toskana sebiti güýzde romantik peýzažy döredýär. Sebitdäki San Jiminýano we Montepulçano ýaly Orta asyr şäherlerinde aýlanyp, ýaýylyp ýatan altynsow ýaprakly üzüm meýdanlaryny synlap bolýar. Toskana güýz paslynyň asuda gözelligini synlamak üçin iň ajaýyp ýerleriň biridir.
📌
1-nji surat – Wermont
2-nji surat – Bawariýa
3-nji surat – Toskana