senorita
14.09.2024 23:46
V

Bar sary töwerek șeýle ajaýyp,
Seniňem ajaýyp bolasyň gelýär.
Bu ýagşy dünýäniň üstünde gaýyp,
Ölseň-de, bu dünýä gelesiň gelýär.

Emma ýagşy sözi beýan etme kyn,
Ýaksaň-da oň üçin günüň, ýyl, aýyň.
Erbet söz jezasyn çekmeklik mümkin,
Ýagsy söz jebrine neneň çydaýyn.

Ol edil topraga düşen tohum dek,
Ezýär ýüregimi Jepasy kändir.
Eger bir gün goýsa urmasyn ýürek—
Aýdylmadyk ýagşy söze büdrändir.

Misli bir arassa, manyly göwün.
Bar sary töwerek ýalaňaç bu gün.

VI

Bar sary töwerek ýalaňaç bu gün,
Ol säherden, hatda bahardanam päk,
Ol misli tersine çöwürlen göwün,
Onuň asyl durky. Hile-aly ýok.

Güýze, güýze meňzäň, pikirlerim meň,
Güýzüň dürs sapagyn okaýan bu gün
Neneň edip eredip bor ýürekleň
Demirgazyk buzly okeanlygyn?!

Sen, pikirim, özüňçe bol iň bolman
Bu kyn asyr etjek işleriň kändir.
Özüňçe bol, iň bolmanda umman bol,
Çünki her bir ynsan giden ummandyr.

Ýörme gökde özüň perişde saýyp,
Bu tämiz, manyly görnüșe gaýyp.


✍️ Gurbannazar Ezizow
18
75
senorita
15 Sentýabr 2024
@gula, Ýok, biri bilen çalşdyñyz õýtýãn )
gula
15 Sentýabr 2024
@senorita, siz Reina-my
senorita
15 Sentýabr 2024
senorita
15 Sentýabr 2024
@gula, hawa 🌼💛
gula
14 Sentýabr 2024
Owadan peýzaź :) Goşgy has hem...)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.