senorita
22.10.2024 18:33
🟠 Reňk­le­riň sim­fo­ni­ýa­sy, Kýo­to. Ga­dy­my ybadathanalary we gür bag­la­ry bo­lan Ýa­po­ni­ýa­nyň Kýo­to şä­he­ri güýz pas­lyn­da has-da gö­zel­leş­ýär. Bu pa­syl­da şähere bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar öz­le­ri­ni ja­dy­ly dün­ýä düşen ýa­ly duý­ýar­lar. Şä­her­dä­ki ýa­pon mo­mi­ji agaçlary, Ki­ýo­mi­zude­ra we To­fu­kuji bag­la­ry gyrmyzy we al­tyn­sow reňk­le­riň saz­la­şy­gy­ny eme­le ge­tir­ýär. Şeý­le hem güýz pas­lyn­da Kýo­to şä­he­rin­dä­ki Araşiýama bam­buk to­kaý­lyk­la­ry özü­ne çe­ki­ji görnüşe eýe bol­ýar. Şeý­le hem bu şä­her­de ýap­rak­lar bi­len be­ze­len «çaý öý­le­rin­de» myh­man­çy­lyk­da bolup, mat­ça ça­ýyn­dan lez­zet alyp bol­ýar.

🟠 Güýz aja­ýyp­ly­gy, Se­ul. Ko­re­ýa­ Respublikasynyň gülläp ös­ýän paý­tag­ty güýz pas­lyn­da aja­ýyp gör­nü­şe eýe bol­ýar. Se­ul­da­ky döw­re­bap bi­na­la­ryň, köp şa­ha­ly kö­çe­le­riň ara­syn­da­ky se­ýil­gäh­le­ri we ta­ry­hy ýer­le­ri güýz aja­ýyp­ly­gy gur­şap al­ýar. Şä­her­dä­ki mil­li däp-dessur­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­ri bo­lan Kýon­bok­kun köşk top­lu­my sa­ry ýap­rak­lar bi­len ör­tül­ýär. Güýz pas­lyn­da şä­he­re bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar ko­reý­le­riň mil­li ly­ba­sy bolan han­bok ge­ýip, Nam­san we Olim­pi­ýa seýilgähindä­ki al­tyn­sow ýap­rak­la­ryň ara­syn­da surata düş­ýärler.


📌
1-nji surat – Kýo­to
2-nji surat – Seul
12
91
senorita
28 Oktýabr 2024
Soñky postym pozulypdyr näme üçinkã 🤔
senorita
27 Oktýabr 2024
Açylypdyr ahyry )
okyyjy
24 Oktýabr 2024
@senorita, garaşýas onda
PILOT👮‍♂️✈🛩
23 Oktýabr 2024
👍🙄👍♥️
Karaleva_
23 Oktýabr 2024
@senorita, gowy menem
senorita
23 Oktýabr 2024
@okyyjy, hawa ) ýene bar welin, doly sygmady. Indiki postda nesip bolsa
senorita
23 Oktýabr 2024
@Karaleva_, Salam, şükür Hudaýa gowy ) Gowumy õzüñ?
okyyjy
22 Oktýabr 2024
Owadan ýer eken ikisem
Karaleva_
22 Oktýabr 2024
Salam gowmy 🙋🏻‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.