senorita
04.02.2025 21:42
Mal­ta – ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­riň meka­ny

Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky ki­çi­jik ada döw­le­ti bolan Mal­ta çüý­şe ýa­ly göm-gök suw­lary, la­gu­na­la­ry we ta­ry­hy gö­zel­lik­le­ri bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çekýär. ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sanawyna gi­ri­zi­len. Mal­ta­da ga­ýyk­ly ge­ze­lenç­ler gurap, paý­tagt şä­her Wal­let­ta­nyň reňk­li kö­çe­le­rin­de se­ýil edip, şä­he­riň ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni syn­lap bolýar.

Mal­ta dün­ýä­niň iň ki­çi ýurt­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, Gü­nor­ta Ýew­ro­pa­da­ky ada­da, Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­na­ryn­da, Sisi­li­ýa­nyň gü­nor­ta­syn­da ýer­leş­ýär. 316 ine­dör­dül kilo­metr meý­da­ny eýe­le­ýän Mal­ta 3 ada­ny (Mal­ta, Gozo we Ko­mi­no) özün­de jem­le­ýär. Bu­la­ryň için­de Mal­ta ada­sy iň meş­hu­ry bo­lup, te­bi­gy gö­zel­lik­le­re we ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­re baý­dyr. Gä­mi­ler ada­la­ryň arasyn­da ulag üp­jün­çi­li­gi­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler.

Mal­ta­da ir­ki ýyl­lar­da dür­li halk­lar ýa­şap­dyr. Ýur­duň çä­gin­de 320 ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik, 7 me­ga­li­tik ybadathana, dün­ýä­niň iň ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­le­ri, Wallet­ta şä­he­rin­de, Mal­ta we Go­zo ada­la­ryn­da birnäçe ta­ry­hy mu­zeý­ler bar. Mal­ta ýa­ly ki­çi­jik ýurt­da ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­riň köp bol­ma­gy ta­ry­hyň dowamynda bu ýur­duň esa­sy mer­kez­le­ri­niň bi­ri bolan­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär. ÝU­NES­KO-nyň ba­ha berme­gi­ne gö­rä, Mal­ta dün­ýä­niň iň gür ta­ry­hy ýe­ri ha­sap­lan­ýar.

Asyr­lar­bo­ýy Ýew­ro­pa­nyň me­de­ni ojak­la­ry­nyň bir bölegi bo­lan Mal­ta­da fran­suz, iň­lis we af­ri­ka me­de­ni­ýe­ti­niň nus­ga­la­ry­ny gör­mek bol­ýar. Mal­ta we iňlisdille­ri ýur­duň res­mi di­li bo­lup, 500 müň­den gowrak ilat bi­len dü­şü­niş­mek örän aň­sat. Se­bä­bi ýurduň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň äh­li­si di­ýen ýa­ly iň­lis­çe bil­ýär. Ýurt­da is­pan, ital­ýan na­har bi­şir­mek usul­la­ryn­da dürli ta­gam­lar taý­ýar­la­nyl­ýar. Fran­suz, iň­lis aşhanasyn­dan göz­baş al­ýan ta­gam­la­ryň kö­pü­si­ni bu ýer­de da­dyp bol­ýar. Al­jot­ta (de­ňiz, gök önüm­li çorba), lam­pu­ki (bug­la­nan ba­lyk), bra­gio­li (içi gök önüm­li düýr­le­nen et), pas­tiz­zi (içi hu­ruş­ly kö­ke) ýurduň meş­hur ta­gam­la­ry ha­sap­lan­ýar.

Ýur­da asu­da ke­nar­la­ryn­da dynç al­mak we ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni syn­la­mak üçin her ýyl 900 müň­den gowrak sy­ýa­hat­çy bar­ýar. Rif­ler, için­den suw ak­ýan go­wak­lar bi­len gur­şa­lan de­pe­ler, ma­wy la­gu­na­lar, kiçijik aý­lag­lar ýur­duň iň gö­zel ýer­le­ri ha­sap­lan­ýar. Mal­ta «Gla­dia­tor», «Tro­ýa» film­le­rin­dä­ki sah­na­la­ry, asu­da ke­nar­la­ry, ga­dy­my ar­te­fakt­la­ry we syr­ly gowakla­ry bi­len dün­ýä­niň meş­hur ýer­le­ri­niň bi­ri­dir.
9
99
senorita
04.02.2025 14:30
Sarılmak lazım,
yarın ölecekmiş gibi sarılmak,
bazen de itmek lazım,
canını yakıyorsa gitmek,
merhametliyse bırakmamak lazım.
Denemek lazım,
olmayanı bilsen bile denemek lazım.
Sorunu bulmak lazım,
sorgulayıp bazen hâkim olmak lazım,
olmayacak duaya amin dememek lazım.
Her zaman iyi olmak lazım,
yeri gelince taş kesip donmak lazım,
kimine kış, kimine yaz olmak lazım.
Bazen bir kuş olmak lazım,
uçmayı bilmek lazım.


📚 Keşke tanımasaydım seni
8
79
senorita
03.02.2025 12:13
Bazen susmak lazım,
yeniden başlayıp bir yerde
durmak lazım.
Tam olmak lazım, kendi içimizde
koşup yeniden ders almak lazım.
Tanımak lazım,
başka yollardan gidip
yine de öğrenmek lazım.
Korkmak lazım,
her an gidebilir mi diye korkmak,
ya da olduğu gibi bırakıp gitmek lazım. Düşünmemek lazım,
doyasıya yaşamak lazım.
Yaşayıp gülmek,
bazen de ağlamak lazım.
Yutmak lazım,
bazen bize söylenen yalanları yutmak
ya da yutarmış gibi yapmak lazım.


📚 Keşke tanımasaydım seni
8
79
senorita
02.01.2025 01:16
Meñ, tãze ýyl, saña kãn haýyşym ýok,
Şatlyk hem bagtymyñ õñküsem ýeter.
Gussa-gaýgym bolmasy-na diýemok,
Ýõne kõp bolmasyn õñküden beter.

✍️🏻 Gurbannazar Ezizow



Salam agzalar 🙋🏻‍♀️ Hemmãñiziñ Tãze ýylyñyz gutly bolsun! Õñki ýyllarda ýetip bilmedik arzuwlaryñyza 2025-nji ýylda ýetmek nesip etsin 🤗
13
137
senorita
29.12.2024 14:14
Iş wagtynda ukynyň tutmagy hemmämize mälim ýagdaý bolsa gerek. Kämahal şeýleräk pursatlar bolýar, iş wagtynda gözleriňiz özüňize boýun egmeýär. Şeýle pursatlarda uky bilen göreşmek üçin näme etmeli?

▪︎ Sowuk suw. Kofe dal, sowuk suw (buz aralaşan bolsa has hem gowy) ukudan açylmagyňyza kömek eder. Mundan basga-da, sowuk suw bedeni ýeterlik suw bilen üpjün edýär we metabolizm tizligini artdyrýar.

▪︎ Meditasiýa. Meditasiýa ukudan açylmak üçin iň gowy usullaryň biri bolsa gerek. 15 minutlyk dem alyş maşklary beýnä dynç bermek, bedeni kislorod bilen üpjün etmek we iş wagty ünsüňi jemlemek üçin ýeterlik bolar.

▪︎ Narpyzly süýjüler. Möhüm işleri ýerine ýetirýän wagtyňyzda narpyzly süýjüler ýa-da narpyz tagamly sakgyjy agzyňyza atyň, şonda ýadawlygy hem-de ýaltalygy aradan aýyrýandygyna șaýat bolarsyňyz.

▪︎ Hereket etmeli. Yeriňizden turup, haýsy-da bolsa bir beden maşklaryny ýerine ýetiriň Gan beden agzalaryňyzy doldurýar we metabolik ýagdaýlaryny ýola goýýar, bu bolsa öz gezeginde, bedeniň we beýniň işlemegine mejbur edýär. Binanyň daș-töweregindäki gysga wagtlaýyn gezelenç hem garaşylmadyk ukyny kowar.

▪︎ Beýniňizi oýandyrmaly. Ýaltalyk edýän beýnä şu pursat işlemegiň zerurdygyny düşündiriň. Krossword ýa-da şoňa meňzeş beýnini oýandyrýan tapmaçadyr meseleleri çözmäge synanyşyň. Akyl zähmeti ukyny ýeňmäge kömek eder.

▪︎ Özüňizi ynandyrmaly. Uklamak hakynda pikirlenmegiň deregine güýç-kuwwata eýedigiňiz we işlemek üçin jan edýändigiňiz hakynda özüňizi ynandyryň. Dogry, bu size biraz üýtgeşik eşidilmegi mümkin, ýöne siz synanyşyp görüň we bu usulyň peýdasynyň bardygyna göz ýetirersiňiz.
9
80
senorita
23.12.2024 21:11
💮 Jasmin gülleri bu ýurtda örän uly meşhurlyga eýedir. Bu güller çaganyň dünýä inmegi mynasybetli geçirilýän dabaralardan bașlap, ähli çärelerde giňden ulanylýar. Gülüň ýakymly ysy has-da özüne çekýär. Şonuň üçin zenanlar has-da gözel görünmek maksady bilen jasmin güllerinden dakynýarlar. Asylly ynanja görä, jasmin gülleri päk söýgini we bagty aňladýar. Lukmançylykda bolsa bu gülden efir ýagy taýýarlanylýar.

🌸 Plýumeriýa güllerine başgaça ybadathana gülleri diýlip atlandyrylýar. Gülleriň gözel keşbi hindi heýkeltaraşlyk sungatynda, bezeglerde we şaý-seplerde giňden ulanylýar.
Rowaýata görä, Plýumeri atly bir fransuz ýigit altyn teňňeleriň gaçýan jadyly agajyny gözläp, Hindistana barypdyr. Gijäniñ bir çagynda birden ýakymly ysly gülleri bolan agaja gözi düşüpdir. Agajy synlap durşuna owadan güller aýaklarynyň aşagynda çogdam bolup ýaýrapdyr. Şonda bu agajyň güllerinden altyn teňňeler däl-de, hoşboý ysly gül pyntyklarynyň dökülýändigini görüpdir. Şoňa görä-de, bu agaç bakylygyň agajy, gülleri bolsa söýgä wepalylygyň alamaty bolupdyr.
7
78
senorita
23.12.2024 16:01
Hindistanda baýramçylyklar, toýlar, doglan günler gül bezeglerisiz geçirilmeýär. Mysal üçin, hindi toýlarynda gelniň we ýigidiň töweregine gül bezegi goýulmasa ýa-da gül ýapraklary ýuwulmasa, däpleriň doly ýerine ýetirilmeýändigini görkezýär.

🪷 Lotos – hindileriň milli güli hasaplanýar. Ynanja görä, hindiler bu täsin güle suwuň mukaddes güli hökmünde garaýarlar. Şeýle-de bu güle Hytaýda, Ýaponiýada Müsürde, Şri-Lankada duş gelmek bolýar. Lotosyň hindi lukmançylygynda ulanylýandygyny aýratyn bellemelidiris. Onuň düzüminde ýüzüň ýygyrdyny aýyrýan ýag bar. Lotos gülüni suwuň ýüzüni, howuzlary bezemek üçin ulanýarlar. Bu gül iýul-awgust aýlarynda gülläp başlaýar.

🏵 Barhatsy güli bilen hindi gelin-gyzlary saçlaryny bezeýärler. Mahmal ýaly ýakymly gül hindi toýlarynda ýörgünli ulanylýar. Asylly däbe görä, ýaş çatynjalar bu güli biri-biriniň boýnundan asyp, däp-dessurlaryny berjaý edýärler. Hindi lukmançylygynda giňden ulanylýan bu gülden teniňde galan yzlary bejerýän ýag alynýar.
5
87
senorita
21.12.2024 20:07
Germaniýaly Jerominleriň maşgalasy öz öýlerinde 605 sany tãze ýyl arçasyny bezäp, dünýä rekordyny goýdy. Olar 2023-nji ýylda hem 555 sany arça bezäp, rekord goýupdyrlar.

Bu gezek 605 arçany bezemek üçin olara 120 müň sany oýunjak we 50 müň sany bezeg çyrajyklary gerek boldy. Olar her arça üçin özbaşdak bezeg oýlap tapdylar. Indi Jerominleriň tutuş öýünde bezegli arçajyklar bar.
8
157
senorita
28.11.2024 13:50
Orkestri dirižýorsyz göz öňüne getirip bolmaýar. Islendik simfoniki orkestriň baş gahrymany elmydama ortarada duran - eli taýajykly kişi. Ýöne biziň köpimizde şeýle sowal bar: «Eger-de sazanda öz notalaryny özi okap bilýän bolsa, onda dirižýor näme üçin gerek?»

«Dirižýor» sözi fransuz dilinden terjime edilende, «ugrukdyrmak», «gönükdirmek», «ýolbaşçylyk etmek» diýen manylary aňladýar. Ol orkestr we hor bilen ýerine ýetirilýän eserleri öwrenmekde hem-de diňleýjilere hödürlemekde esasy adamdyr. Saz eseriniň çeperçiligi gönüden-göni dirižýora bagly bolup, ol ansambl tarapynyň sazlaşygyny hem-de ýerine ýetirilişiň tehniki kämilligini üpjün edýär. Dirižýor diře orkestrdäki sazandalaryň sazlaşygyny üpjün etmän, eýsem, olara haýsy wagt nähili tizlikde çalmalydygyny-da aýdýar. Eseriň häsiýetini, manysyny düşündirmek hem oňa baglydyr. Ol notalary üýtgedip bilenok, emma eseriň tizligine görä dürli öwüşginleri çaýyp bilýär.

Eger-de eser gadymy bolsa, dirižýoryň işi kynlaşýar, çünki onuň hakyky heňini tapyp bilýänler örän az. Saz eserlerini kompozitoryň ýaşan döwrüne laýyk ýerine ýetirmek dirižýordan, ilkinji nobatda, ussatlygy we çuňňur sowatlylygy talap edýär. Diňe ussat dirižýorlar döwrüň ruhuny duýup, adaty nota ýazgylaryny janly mukama öwürmegi başarýar

Meşhur dirižýorlaryň biri Pawel Oparowskiniň aýtmagyna görä, dirižýorçylyk saz sungatynda iň juwan hünär bolup durýar. Ol XIX asyryň ortalarynda döräp, şol döwürdäki 100-den gowrak ýerine ýetirijiden ybarat häzirki orkestriň döreýşi bilen baglanyşyklydyr. Şol döwürde eseriň ýerine ýetirilişine gapdaldan seredip ýolbaşçylyk etjek adam gerek bolupdyr.

Orkestrleriň düzüminiň giňemegi hem-de eserleriň çylsyrymlaşmagy bilen, ýörite ritmi sazlaýjy adamlaryň zerurlygy ýüze çykypdyr Dirižýorlar munuň üçin ilkibaşlarda battutadan - ullakan hasadan peýdalanypdyrlar. Battuta her dürli materiallardan ýasalypdyr. Hatda ýokary derejeli konsertlerde altyndan ýasalan battutadan hem peýdalanylypdyr. Orkestriň ýolbaşçylary battuta bilen ýere urup, ritmi sazlapdyrlar. Emma bu usul käbir kynçylyklaryň hem döremegine getiripdir. Birinjiden, eser ýaňlananda goşmaça galmagal döräpdir, ikinjiden, käte dirižýorlar saz gyzyşanda ýalňyşlyk bilen öz aýaklaryna urupdyrlar. Şonuň üçin, mümkinçilik bolan ýagdaýynda, skripkaçynyň baş atmasy ýa-da kemençe urgulary bilen tutuş eseriň ritmini sazlapdyrlar.

Simfoniki sazyň kämilleşmegi we orkestriň düzüminiň artmagy bilen XVIII asyryň soňlarynda dirižýor orkestriň düzüminden aýrylýar. XIX asyrdan başlap dirižýoryň elinde uly bolmadyk agaç taýajyk peýda bolýar. 1812-nji ýylda Ignas fon Mozel ilkinji bolup häzirki dirižýor taýajygyny ulanýar $ol döwürlerde kompozitorlaryň özleri orkestre ýolbaşçylyk edipdir. Soňlugy bilen dirižýorlyk aýratyn bir hünäre öwrülipdir. Dirižýorlygyň öz düzgünleri kemala gelipdir Anyk belli bolmasa-da, ilkinji gezek G.Berlioz ýa-da R.Wagner öz döwrüniň düzgünlerinden çykyp, orkestri märekä arkasyny öwrüp dolandyrýar. Orkestre baş bolmak sungatynda bu taryhy özgeriş bolup, ol dirižýora orkestriň artistleri bilen hakyky döredijilik gatnaşygyny üpjün etmäge ýol açýar.

Görnüşi ýaly, şeýle taryhy ýoly geçen dirižýorlyk sungaty orkestriň ýüregidir. Onuň ukyp-başarnygy, gözýetimi, jogapkärçilik duýgusy diňleýjileriň iň söýgüli eserlerini ýerine ýetirmekde örän ähmiýetlidir.


📌 «Nesil» gazeti
12
112
senorita
13.11.2024 09:24
Bu guralyň oba hojalyk ekinleriniň ýapraklaryny, däneli ekinleriň başyny, agaç ýapraklaryny, gyzgyn çüýşäni, kagyzy, matany, hatda polat simi kesmek ýaly dürli maksatlar üçin ulanylýan onlarça görnüşi bar. Okuw esbaby hökmünde ulanylýan gaýçylaryň çagalara niýetlenen has howpsuz edilip ýasalanlary hem bar. Çagalar üçin niýetlenen gaýçylaryă dürli reňklisi we şekillisi onuň has-da özüneçekiji bolmagyna sebäp bolýar. Eýsem, häzirki wagtda dürli maksatlar üçin ulanylýan bu guralyň ilkinji nusgasy haçan peýda bolduka? Ol näme maksat bilen ulanyldyka?

Taryhçylaryň çaklamalaryna görã, ilkinji gaýçylar Bürünç eýýamynda çykan bolmaly. C şekilli gaýçylara berkidilen keserli gaýçylar miladydan ozalky 1500-nji ýyllarda Müsürde sungat eserlerini ýasamakda peýdalanylypdyr. Bu gural bitewi bürünç böleginden ybarat bolup, gyrkylyga meňzeş bolupdyr.
Rimlileriň hem bürünçden gaýçy ýasandyklary barada maglumatlar bar. Bu guraly müsürliler hem-de rimliler yzygiderli kämilleşdiripdirler. Soňky ýyllarda Rimde demir gaýçylar hem peýda bolupdyr. Bürünçden we demirden ýasalan gaýçylar gadymy Rim bilen bir hatarda Aziýanyň käbir ýerlerinde hem ýasalypdyr. XVI asyrda Ýewropada ulanylan gaýçylar hem has irki döwürlerde ýasalan bu gurallara meňzeş bolupdyr. Gaýça meňzeş bolan bu gurallar demri döwmek arkaly işlemegiň täze usullarynyň peýda bolmagy bilen kämilleşipdir. 1761-nji ýylda angliýaly Robert Hinklif «Sheffield» atly guraly oýlap tapýar. Bu gaýçy guýma demirden ýasalypdyr. Şol döwürde beýleki metal gurallar ýaly gaýçy hem demri döwmek arkaly ýasalýan eken. Emma Hinklif demri guýmak arkaly gaýçynyň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmagyň usulyny tapypdyr. Şondan soňra gaýçynyň has ýönekeý görnüşleri peýda bolupdyr.
Häzirki wagtda has kiçi çagalar üçin ýasalýan gaýçylar plastmassadan ýasalýan bolsa, lukmançylyk maksady bilen ulanylýan gaýçylar poslamaýan polatdan ýasalýar. Gündelik durmuşda ulanylýan gaýçylar bolsa, ýumşak polatdan ýasalýar.
Goýun, geçi we ş.m. öý haywanlaryň ýüňüni gyrkmak üçin ulanylýan, synda meñzeş uzyn demir gaýça gyrkylyk diýilýär.
Haly dokalanda çitilen çitimi gyrkyp, halynyň ýüzüni tekizlemek üçin ulanylýan ulurak gaýça syndy diýilýãr.
9
99