senorita
29.12.2024 14:14
Iş wagtynda ukynyň tutmagy hemmämize mälim ýagdaý bolsa gerek. Kämahal şeýleräk pursatlar bolýar, iş wagtynda gözleriňiz özüňize boýun egmeýär. Şeýle pursatlarda uky bilen göreşmek üçin näme etmeli?

▪︎ Sowuk suw. Kofe dal, sowuk suw (buz aralaşan bolsa has hem gowy) ukudan açylmagyňyza kömek eder. Mundan basga-da, sowuk suw bedeni ýeterlik suw bilen üpjün edýär we metabolizm tizligini artdyrýar.

▪︎ Meditasiýa. Meditasiýa ukudan açylmak üçin iň gowy usullaryň biri bolsa gerek. 15 minutlyk dem alyş maşklary beýnä dynç bermek, bedeni kislorod bilen üpjün etmek we iş wagty ünsüňi jemlemek üçin ýeterlik bolar.

▪︎ Narpyzly süýjüler. Möhüm işleri ýerine ýetirýän wagtyňyzda narpyzly süýjüler ýa-da narpyz tagamly sakgyjy agzyňyza atyň, şonda ýadawlygy hem-de ýaltalygy aradan aýyrýandygyna șaýat bolarsyňyz.

▪︎ Hereket etmeli. Yeriňizden turup, haýsy-da bolsa bir beden maşklaryny ýerine ýetiriň Gan beden agzalaryňyzy doldurýar we metabolik ýagdaýlaryny ýola goýýar, bu bolsa öz gezeginde, bedeniň we beýniň işlemegine mejbur edýär. Binanyň daș-töweregindäki gysga wagtlaýyn gezelenç hem garaşylmadyk ukyny kowar.

▪︎ Beýniňizi oýandyrmaly. Ýaltalyk edýän beýnä şu pursat işlemegiň zerurdygyny düşündiriň. Krossword ýa-da şoňa meňzeş beýnini oýandyrýan tapmaçadyr meseleleri çözmäge synanyşyň. Akyl zähmeti ukyny ýeňmäge kömek eder.

▪︎ Özüňizi ynandyrmaly. Uklamak hakynda pikirlenmegiň deregine güýç-kuwwata eýedigiňiz we işlemek üçin jan edýändigiňiz hakynda özüňizi ynandyryň. Dogry, bu size biraz üýtgeşik eşidilmegi mümkin, ýöne siz synanyşyp görüň we bu usulyň peýdasynyň bardygyna göz ýetirersiňiz.
9
73
graff
Monday 23:36 wagtda
@senorita, barlap gormane yaltanyana
senorita
30 Dekabr 2024
@graff, Barlap gõrmãn bilip bolmaz )
graff
30 Dekabr 2024
@senorita, bularyn hemmesinden uky ustin cykjak yaly bolup dur☺
senorita
30 Dekabr 2024
@graff, ýokarda ýazylanlardan haýsy bolsa-da birini barlap gõrüñ )
graff
30 Dekabr 2024
parada yatmaz yaly nam etmelika
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.