💮 Jasmin gülleri bu ýurtda örän uly meşhurlyga eýedir. Bu güller çaganyň dünýä inmegi mynasybetli geçirilýän dabaralardan bașlap, ähli çärelerde giňden ulanylýar. Gülüň ýakymly ysy has-da özüne çekýär. Şonuň üçin zenanlar has-da gözel görünmek maksady bilen jasmin güllerinden dakynýarlar. Asylly ynanja görä, jasmin gülleri päk söýgini we bagty aňladýar. Lukmançylykda bolsa bu gülden efir ýagy taýýarlanylýar.
🌸 Plýumeriýa güllerine başgaça ybadathana gülleri diýlip atlandyrylýar. Gülleriň gözel keşbi hindi heýkeltaraşlyk sungatynda, bezeglerde we şaý-seplerde giňden ulanylýar.
Rowaýata görä, Plýumeri atly bir fransuz ýigit altyn teňňeleriň gaçýan jadyly agajyny gözläp, Hindistana barypdyr. Gijäniñ bir çagynda birden ýakymly ysly gülleri bolan agaja gözi düşüpdir. Agajy synlap durşuna owadan güller aýaklarynyň aşagynda çogdam bolup ýaýrapdyr. Şonda bu agajyň güllerinden altyn teňňeler däl-de, hoşboý ysly gül pyntyklarynyň dökülýändigini görüpdir. Şoňa görä-de, bu agaç bakylygyň agajy, gülleri bolsa söýgä wepalylygyň alamaty bolupdyr.