Hindistanda baýramçylyklar, toýlar, doglan günler gül bezeglerisiz geçirilmeýär. Mysal üçin, hindi toýlarynda gelniň we ýigidiň töweregine gül bezegi goýulmasa ýa-da gül ýapraklary ýuwulmasa, däpleriň doly ýerine ýetirilmeýändigini görkezýär.
🪷 Lotos – hindileriň milli güli hasaplanýar. Ynanja görä, hindiler bu täsin güle suwuň mukaddes güli hökmünde garaýarlar. Şeýle-de bu güle Hytaýda, Ýaponiýada Müsürde, Şri-Lankada duş gelmek bolýar. Lotosyň hindi lukmançylygynda ulanylýandygyny aýratyn bellemelidiris. Onuň düzüminde ýüzüň ýygyrdyny aýyrýan ýag bar. Lotos gülüni suwuň ýüzüni, howuzlary bezemek üçin ulanýarlar. Bu gül iýul-awgust aýlarynda gülläp başlaýar.
🏵 Barhatsy güli bilen hindi gelin-gyzlary saçlaryny bezeýärler. Mahmal ýaly ýakymly gül hindi toýlarynda ýörgünli ulanylýar. Asylly däbe görä, ýaş çatynjalar bu güli biri-biriniň boýnundan asyp, däp-dessurlaryny berjaý edýärler. Hindi lukmançylygynda giňden ulanylýan bu gülden teniňde galan yzlary bejerýän ýag alynýar.