Bu guralyň oba hojalyk ekinleriniň ýapraklaryny, däneli ekinleriň başyny, agaç ýapraklaryny, gyzgyn çüýşäni, kagyzy, matany, hatda polat simi kesmek ýaly dürli maksatlar üçin ulanylýan onlarça görnüşi bar. Okuw esbaby hökmünde ulanylýan gaýçylaryň çagalara niýetlenen has howpsuz edilip ýasalanlary hem bar. Çagalar üçin niýetlenen gaýçylaryă dürli reňklisi we şekillisi onuň has-da özüneçekiji bolmagyna sebäp bolýar. Eýsem, häzirki wagtda dürli maksatlar üçin ulanylýan bu guralyň ilkinji nusgasy haçan peýda bolduka? Ol näme maksat bilen ulanyldyka?
Taryhçylaryň çaklamalaryna görã, ilkinji gaýçylar Bürünç eýýamynda çykan bolmaly. C şekilli gaýçylara berkidilen keserli gaýçylar miladydan ozalky 1500-nji ýyllarda Müsürde sungat eserlerini ýasamakda peýdalanylypdyr. Bu gural bitewi bürünç böleginden ybarat bolup, gyrkylyga meňzeş bolupdyr.
Rimlileriň hem bürünçden gaýçy ýasandyklary barada maglumatlar bar. Bu guraly müsürliler hem-de rimliler yzygiderli kämilleşdiripdirler. Soňky ýyllarda Rimde demir gaýçylar hem peýda bolupdyr. Bürünçden we demirden ýasalan gaýçylar gadymy Rim bilen bir hatarda Aziýanyň käbir ýerlerinde hem ýasalypdyr. XVI asyrda Ýewropada ulanylan gaýçylar hem has irki döwürlerde ýasalan bu gurallara meňzeş bolupdyr. Gaýça meňzeş bolan bu gurallar demri döwmek arkaly işlemegiň täze usullarynyň peýda bolmagy bilen kämilleşipdir. 1761-nji ýylda angliýaly Robert Hinklif «Sheffield» atly guraly oýlap tapýar. Bu gaýçy guýma demirden ýasalypdyr. Şol döwürde beýleki metal gurallar ýaly gaýçy hem demri döwmek arkaly ýasalýan eken. Emma Hinklif demri guýmak arkaly gaýçynyň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmagyň usulyny tapypdyr. Şondan soňra gaýçynyň has ýönekeý görnüşleri peýda bolupdyr.
Häzirki wagtda has kiçi çagalar üçin ýasalýan gaýçylar plastmassadan ýasalýan bolsa, lukmançylyk maksady bilen ulanylýan gaýçylar poslamaýan polatdan ýasalýar. Gündelik durmuşda ulanylýan gaýçylar bolsa, ýumşak polatdan ýasalýar.
Goýun, geçi we ş.m. öý haywanlaryň ýüňüni gyrkmak üçin ulanylýan, synda meñzeş uzyn demir gaýça gyrkylyk diýilýär.
Haly dokalanda çitilen çitimi gyrkyp, halynyň ýüzüni tekizlemek üçin ulanylýan ulurak gaýça syndy diýilýãr.