Orkestri dirižýorsyz göz öňüne getirip bolmaýar. Islendik simfoniki orkestriň baş gahrymany elmydama ortarada duran - eli taýajykly kişi. Ýöne biziň köpimizde şeýle sowal bar: «Eger-de sazanda öz notalaryny özi okap bilýän bolsa, onda dirižýor näme üçin gerek?»
«Dirižýor» sözi fransuz dilinden terjime edilende, «ugrukdyrmak», «gönükdirmek», «ýolbaşçylyk etmek» diýen manylary aňladýar. Ol orkestr we hor bilen ýerine ýetirilýän eserleri öwrenmekde hem-de diňleýjilere hödürlemekde esasy adamdyr. Saz eseriniň çeperçiligi gönüden-göni dirižýora bagly bolup, ol ansambl tarapynyň sazlaşygyny hem-de ýerine ýetirilişiň tehniki kämilligini üpjün edýär. Dirižýor diře orkestrdäki sazandalaryň sazlaşygyny üpjün etmän, eýsem, olara haýsy wagt nähili tizlikde çalmalydygyny-da aýdýar. Eseriň häsiýetini, manysyny düşündirmek hem oňa baglydyr. Ol notalary üýtgedip bilenok, emma eseriň tizligine görä dürli öwüşginleri çaýyp bilýär.
Eger-de eser gadymy bolsa, dirižýoryň işi kynlaşýar, çünki onuň hakyky heňini tapyp bilýänler örän az. Saz eserlerini kompozitoryň ýaşan döwrüne laýyk ýerine ýetirmek dirižýordan, ilkinji nobatda, ussatlygy we çuňňur sowatlylygy talap edýär. Diňe ussat dirižýorlar döwrüň ruhuny duýup, adaty nota ýazgylaryny janly mukama öwürmegi başarýar
Meşhur dirižýorlaryň biri Pawel Oparowskiniň aýtmagyna görä, dirižýorçylyk saz sungatynda iň juwan hünär bolup durýar. Ol XIX asyryň ortalarynda döräp, şol döwürdäki 100-den gowrak ýerine ýetirijiden ybarat häzirki orkestriň döreýşi bilen baglanyşyklydyr. Şol döwürde eseriň ýerine ýetirilişine gapdaldan seredip ýolbaşçylyk etjek adam gerek bolupdyr.
Orkestrleriň düzüminiň giňemegi hem-de eserleriň çylsyrymlaşmagy bilen, ýörite ritmi sazlaýjy adamlaryň zerurlygy ýüze çykypdyr Dirižýorlar munuň üçin ilkibaşlarda battutadan - ullakan hasadan peýdalanypdyrlar. Battuta her dürli materiallardan ýasalypdyr. Hatda ýokary derejeli konsertlerde altyndan ýasalan battutadan hem peýdalanylypdyr. Orkestriň ýolbaşçylary battuta bilen ýere urup, ritmi sazlapdyrlar. Emma bu usul käbir kynçylyklaryň hem döremegine getiripdir. Birinjiden, eser ýaňlananda goşmaça galmagal döräpdir, ikinjiden, käte dirižýorlar saz gyzyşanda ýalňyşlyk bilen öz aýaklaryna urupdyrlar. Şonuň üçin, mümkinçilik bolan ýagdaýynda, skripkaçynyň baş atmasy ýa-da kemençe urgulary bilen tutuş eseriň ritmini sazlapdyrlar.
Simfoniki sazyň kämilleşmegi we orkestriň düzüminiň artmagy bilen XVIII asyryň soňlarynda dirižýor orkestriň düzüminden aýrylýar. XIX asyrdan başlap dirižýoryň elinde uly bolmadyk agaç taýajyk peýda bolýar. 1812-nji ýylda Ignas fon Mozel ilkinji bolup häzirki dirižýor taýajygyny ulanýar $ol döwürlerde kompozitorlaryň özleri orkestre ýolbaşçylyk edipdir. Soňlugy bilen dirižýorlyk aýratyn bir hünäre öwrülipdir. Dirižýorlygyň öz düzgünleri kemala gelipdir Anyk belli bolmasa-da, ilkinji gezek G.Berlioz ýa-da R.Wagner öz döwrüniň düzgünlerinden çykyp, orkestri märekä arkasyny öwrüp dolandyrýar. Orkestre baş bolmak sungatynda bu taryhy özgeriş bolup, ol dirižýora orkestriň artistleri bilen hakyky döredijilik gatnaşygyny üpjün etmäge ýol açýar.
Görnüşi ýaly, şeýle taryhy ýoly geçen dirižýorlyk sungaty orkestriň ýüregidir. Onuň ukyp-başarnygy, gözýetimi, jogapkärçilik duýgusy diňleýjileriň iň söýgüli eserlerini ýerine ýetirmekde örän ähmiýetlidir.
📌 «Nesil» gazeti