sahet_ashyrov
21.04.2022 08:31
Yekanme yekan

Bu durmusyn suyjisem bar ajysam
Datmaly bolyarys yekanme yekan
Goz acyp yumanda uytgeyar bar zat
Gormeli bolyarys yekanme yekan

Diydiler bu dunye gezekli cemce
Diydiler gorkezen gormeli bolyar
Saygaryp baslanda yagsy yamany
Yamanlar kopelyar yekanme yekan

Diydiler gyzygyp baylyga mulke
Ylgama ylgadar pul diyilyan zat
Pulun nace bolsa bolsun ey adam
Baylaram gecipdir yekanme yekan

Diydiler kaşañ jay gurañda name
Munupsin puluña iñ sonky ulag
Senden on bay bolup otenlerem bar
Gabyrda yatyrlar yekanme yekan

Bu dunya baky dal bäş gun yalancy
Toba etde okaygyn bäş wagt namazy
Niçe musulmanlar jan Allam diyip
Pygamberler gecdi yekanme yekan

Awtory: Ajayyp eserler
6
59
sahet_ashyrov
20.04.2022 08:33
UKRAIN ÝOMAKLARY

• Ýyljak söz

- Ezizim, meñ bilen juda sowuk gepleşýärsiñ. Iñ bolmanda ýekeje ýyljak söz aýt ahyry - diýip, gyz ýigide nägilelik bildiripdir.
- Possun! - diýip, ýigit ýüzüniñ ugruna jogap beripdir.

• Dogry jogap

- Meniñ pikirimçe, zehinliligiñ özi hem bir keselmikä öýdýän! - diýip, bir ýazyjy dostuna gürrüñ beripdir.
- Gamlanmañ, siz tut ýaly sagdyn ahyry - diýip, dosty oña jogap beripdir.

• Bilip goý

- Eger men saña birden haýwan diýäýsem, näme ederdiñ?
- Maña şek ýetireniñ üçin jogapkärçilige çekdirerdim.
- A, eger-de men sen haýwan diýip, diñe pikir edäýsem näme?
- Onda hiç zadam etmen. Sebäbi hemme kişiñ islän zadyny pikir etmäge haky bar.
- Beýle bolsa, bilip goý: men seni haýwanlaññam nejisi diýip pikir edýän.

• Dyza çökdi

- Aýalyñ bilen düýnki jenjeliñiziñ soñy näme bilen gutardy?
- Aýalym öñümde dyza çöküp, süýndi.
- Be? Ol, onsoñ, saña näme diýip ýalbardy.
- Betbagtyñ çagasy, züwwetdinligiñi etme-de, tiz krowatyñ aşagyndan çyk! - diýdi.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 15.12.1979 ý.
15
123
sahet_ashyrov
19.04.2022 08:15
Güler ýüzüň solmasynla
Eý mähriban janym ejem
Saçlaryňa düşsün çallar
Janym gurban sana her hal
Ýürek sensiz gysar ejem

Haklaşjakdym ak süýdüňi
Emma tapmadym öwezin
Agtyklaryň arasynda
Dünýä dursun ömür dur sen
Güler ýüzlim janym ejem

Awtory: Ajaýyp eserler
6
45
sahet_ashyrov
18.04.2022 08:05
Bezeg beryär makalalar
Seret sen Öwrenmelä
Deñi tayy yokdur onuñ
Günde gir sen Öwrenmelä

Awtory: Ajayyp eserler.
9
64
sahet_ashyrov
27.01.2022 15:13
Gyzlaryň gülküsiniň 3 görnüşi bar:

1. Jaňjagaz ýaly kikirdemek
2. Yaralanan deňiz çaýkasy
3. Bogulup barýan psihopat

********************************
Gyz:
-Ezizim meni ilkinji gezek goreniñ yadyňdamy?

Oglan:
-Elbetde, güneşli howaly gündi, başyma betbagtçylygyň geljegine garaşamokdym.
7
296
sahet_ashyrov
25.01.2022 12:18
Gyz:
- Sen meni çorny spisoga saldyňmy?

Oglan:
- Ýok blýa men seni "Gyzyl" kitaba saldym, ýitip ýok bolup barýan HAÝWANLAŇ arasyna!
10
290
sahet_ashyrov
07.01.2022 07:57
Dowamy ...

BILBILIŇ LAÇYNA BEREN JOGABY

Sen hiç haçan aşyklyk derdine uçramadyň. Heniz ot bolup ýanyp
göreňok. Tüssä çalym edýärsiň. Aşyklykda ruhuňy gaýyp edýänçäň,
hiç haçan aşykdyr magşuklaryň gadyryny bilmersiň. Diňe özüni
unudan kişi aşyklygyň datly şerabyny noş kylýar. Aşyklygyň alamaty – aň-paýhasyň belentligi, aň-paýhasyň yşk älemindäki ýoly –
paýhassyzlyk. Süleýmana meniň adymdan: «Eý, Hudaýyň ýerdäki wekili! Başymyzdan emir uýanyny aýyr. Diwanalary we aşyklary
ýazgarmagyň gabahatdyr, şonuň üçin hem bizi ýanap bilmersiň» diý.

LAÇYN BILBILI ALYP GAÇÝAR

Bilbil laçynyň süýji sözüne-de, ýalbaryp-ýakarmalaryna-da
özüni aldyrmady. Onsoň gödeklige ýüz urdy. Ol penjeleri bilen bilbili kakyp goýberip, ony howa göteriler ýaly etdi we soňra ýene iki
penjesiniň arasyna alyp, iküç gezek gysdy. Çykalgasynyň ýokdugyna,
özüniň ejizdigine, dostunyň hem gözünden gaýyp bolandygyna akyl
ýetiren bilbil: «Seniň bir eliňde bal, beýleki eliňde neşter bar! Men älem
masgarasy boldum. Örtügi aşak indir! Sen gahrymançylyk görkezen
bolsaň, ululyk etmäge ukyply bolsaň, onda ýolbars ýaly rehimli bol,
ýyrtyjylara mahsus endikleriňden el çek! Süleýmana sowgat eder ýaly,
jan-dilden waspnama taýýarlamagyma rugsat berip, meni öz günüme
goý. Paýhasly ärleriň edähedi şeýle: islendik işde olar soňuna bakýarlar.
Danalar patyşalary zyýarat edenlerinde, olar säherde edýän dogalaryny
goşga salyp aýdyp berýärler. Kimiň eli boş bolsa, görümsizlikden gutulmaz. Patyşalara ýakynlamagyň üç ýoly bar: sungat, pul, suhangöýlik.
Meniň sungatym hem, pulum hem ýok. Diňe söz baýlygym bar. Şonyda sowgat etmekçi» diýip seslendi. Laçyn hem öz gezeginde bilbile
ýüzlendi: «Ýeri bolýar, waspnamaňy taýýarla-da, tizräk ýola düş, bar
güýjüňi tijäp uç! Ýol bize garaşýar. Biz näme üçin gijä galýarys? Ýa
ganatlarymyz ýadadymy, aýaklarymyz baglangymy? Uçaly, derrew ganatlarymyzy ýaýaly-da, bu ýoly başymyz bilen ölçäli».

BILBIL ÝAZ ŞEMALYNY ÇEMENZARLYGA
ÇAPAR EDIP ÝOLLAÝAR

Olar dagyň gerşine çykan mahallary ýaz şemaly çemenzarlyga
tarap öwüsmäge başlady. Bilbil dostlarynyň hatyrasyna iki eli bilen
onuň syýnynyndan ýapyşdy-da, ýalbarmaga başlady: «Sen uçup gitde, baryp söýgülimiň syýnyndan ýapyş! Soňra meniň adymdan oňa
şeýle diý: «Mensiz rahat gezip bilýärmiň? Senden aýrylyp, ýüregim
bir damja gana döndi. Eý, kalbymyň rahatlygy! Aýralygyň maňa näme edenini aýdaýynmy? Mende sabyr-da, akyl-da, rahatlyk-da
galmady. Kalbym süýji durmuşy ýadyndan çykaryp, saňa baglandy.
Onuň söýgüsi Hysrawyň Şirine bolan söýgüsini ýada salýar. Seni
ýene bir gezejik görüp bilsem, bir pursatjyk seniň bilen ikiçäk otursam, onda dünýäniň ähli betbagtlygy meniň üçin üns bereniňe degmeýän zada öwrülerdi. Şol pursada çenli diri galsam, onda ölüm kär
etmeýän birine öwrülerin. Diňe ýakynlaryň nazary gül ýüzüňe düşüp
dursa bolýar, adamlaryň çekýän hasraty seniň köçäňe sowulmasa bolýar! Eger takdyrymda ýaşamak bar bolsa, diri galaryn, bolmasa-da,
senden uzakda jan bererin».

Dowamy bar...
Garasyalar👍 we teswirlerde
7
193
sahet_ashyrov
27.12.2021 10:44
Dowamy...

LAÇYN BILBILE HABARYNY AÝDÝAR

Laçyn bilbile ýüzlenip şeýle diýdi: «Betbagt diýsäni, ýör, ýola
düşeli. Ganatlarymdan ýapyş! Käbäni görmek isleýän garynjalar laçynlaryň iň iri ýelekleriniň aşagyna girip oturýarlar. Süleýman seni
kazyýete çagyrýar. Özüňde bar bolan degerli subutnamalaryň ählisini aňyňda aýlajak bol. Sen oňa näme diýmekçi, kim diýip özüňi
tanatmakçy? Sen dünýäde gaýgy-gamsyz selpäp ýörsüň, bägüliň
reňki we ysy gözüňi gapyp, Süleýmandan daşlaşypsyň. Pany gözellige guwanmaň näme? Hökümdarlaryň emirlerine näme üçin garşy
çykýarsyň? Patyşanyň tagtyndan ýüzüňi sowma, çünki şeýle etmek
bilen aýaklaryňa özüň gandal urarsyň. Dünýäde özüňe gowy diýdirjek
bolsaň, häkimiýet eýeleriniň ýöreýän ýodasyndan ýöremäge çalyş!»

HEKAÝAT

Bir ýer urup, ýerde galan aljyraňňy garyp görgüli niredesiň Şirwan
diýip, ýola rowana bolupdyr. Ol baryp, welaýatyň hökümdarynyň
öýüniň derwezesine ýanaşyp duran külbejikde ýaşamaga başlapdyr.
Ol bir ýyldan hem gowrak wagtyň dowamynda gününi hökümdaryň
öýüniň diwaryna ýaplanyp geçiripdir. Ahyry patyşanyň ýakynlarynyň
biriniň oňa gözi düşüp, onuň syryny dünýä ýaýyp oturyberipdir. Ony
görmek üçin daşary çykan hökümdar garyp kişiden: «Ýoluň ugrunda
guma bulaşyp ýatmak bilen näme gazanmak isleýäň?» diýip sorapdyr.
Garyp: «Haçanda bolsa bir wagt meni köşgüňe goýberersiň öýdüp, diwara arkamy berip oturyşym» diýip jogap beripdir. Bu jogap hökümdaryň
gulagyna ýarapdyr we garybyň etegidir agzyny altyndan doldurypdyr.
Şeýlelik bilen, hälki garyp kişi hökümdaryň ýakyn adamyna öwrülipdir. Hökümdar oňa şeýlebir uly hormat goýupdyr welin, onuň buýruklary Şirwanyň ähli ýerinde gep-gürrüňsiz berjaý edilipdir.

Dowamyna garaşyañyzmy?
Onda 👍
7
103
sahet_ashyrov
25.12.2021 11:44
Dowamy...

BÄGÜLIŇ WE BILBILIŇ
HOŞLAŞYK PURSADY

Bilbil bägüle garap şeýle diýdi: «Eý, ýüregi nurlandyrýan,
hoşniýetlilik şamçyragyny ýak! Ýör, gideli! Bu gije – mähir-muhabbet
gijesi. Gije – aýýüzli gözelleriň zülpi ýaly uzyn. Dostuň bilen daňdana
çenli bile bolmagy bagtyň saý. Säher wagtyna çenli syr alşyp, syr berşeris. Iki mähriban dost syrlaryny açmak islän mahallary geçen günlerden söz
açýarlar. Bu pursat – soňsuz jennet, emma ol hemme kişä elýeterli däl.
Bir gije keseki dodaklardan we dişlerden uzakda seniň dodaklaryňdan dişimi aýyrmadym. Bagban gelip, saňa: «Aýtsana, şu
gije seni kim söýdi? Kim ajaýyp ýüzüňden örtügini syrdy, lagyl
dodaklaryňa kim agyz saldy? Sen ýaz şemalynyň öwüsgininden ganyp, gowy açylypsyň. Sen çem gelene şam bolaýmaly däl ahyryn»
diýen sözler bilen ýüzlendi. Jogabyň nagt boldy: «Daňdana çenli dodaklarymy gyraw nemlendirdi, şemal öwsüp, agzymy altyndan doldurdy. Agzym bilbiliň ganyna boýaldy. Şol ganyň damjalary dodaklarymda şu mahal hem dur».
Wepaly boljagyň barada beren wadaňy unutma, janym, gelip gujagyma dol. Men ýaly ömrüni aýagyňyň astyna atan müňlerçe guluň
bar. Emma seniň ýalyny dünýäde tapjak gümanym ýok. Bir pursat hem
ynjalyp, oturyp bilemok, seni bagryma basmaga ymtylýaryn. Menden has gowy müňlerçe aşygyň bar, emma ajaýyp ýüzüňi görmesem,
maňa ýaşamakdan agyr zat ýok. Dodaklarym gurap galdy, gözlerimden dynman ýaş akýar. Ýagyş gatap galan topraga ömür bagyşlaýar
ahyryn. Men pelekden, onuň edýän her bir öwrüminden gorkýaryn: ol
erbet adamlary bagtly edip, gowy adamlary kemsitdi. Ol bir öwrüm
edende, başga bir zada öwrülip, şol wagt aralygynda müňlerçe ýagşy-
-ýaman işler hasyl bolýar. Seni lowlap duran küräniň içine atarlar,
meniň kalbymda-da ot tutaşdyrarlar. Seni ýaz şemaly dymmaga mejbur edýär, meni aramyza düşen aýralyk buza dönderýär. Sensiz aý-
günüm dogmasyn! Seniň wysalyňa ýetilýän gijä gündiziň kölegesi
düşmesin!»
Olar daňdana çenli şunuň ýaly pikirlere gark bolup, ykbalyň gelen kararyny bütinleý unutdylar. Emma gündiziň goşuny garasyny
görkezip-görkezmänkä, ykbalyň emri bilen aralaryna aýralyk girip,
biri-birinden jyda düşmeli boldular.

Dowamyna garasyanlar 👍 we teswir...
9
192
sahet_ashyrov
24.12.2021 09:32
Dowamy...

SÜLEÝMAN BILBILI ALYP GELMEK
ÜÇIN LAÇYNY UGRADÝAR.

Guşlaryň aýdanyny eşidip, Süleýman gaharlanypdyr, janyna jaý
tapman, gygyrmaga başlapdyr. Ara wagt salman hem laçyna emir
edip, şeýle diýipdir: «Ot ýaly bolup, çaltrak öňe okduryl, tüsse ýaly
bolup hem yzyňa dolan! Guşlaryň ählisini dady-perýat etdiren guşy
synap gör. Onuň akyl-paýhasdan paý alandygyny ýa-da almandygyny anykla. Ol şeýle uly güýje eýemikä? Ondan köpçüligi ýigrenmeginiň
sebäbini, özüni ýeke-täk saýmaga haky nireden alanyny sora. Näme
üçin bilbil bizi bir pursat hem ýatlamaýarka, näme üçin hyzmat kemerini biline baglamaýarka? Belki, ol telbedir, serhoşdyr? Mydama
haýry şerden tapawutlandyrmagy unutmagy hem şonuň üçinmikä?
Onuň bedeniniň ejizjedigini, tapsyzjadygyny aýdýarlar, iňňildisi bolsa
bägül düýpleriniň arasyndan dynman eşidilip durmuş. Onuň ýanyna
golaýlaňda ýylgyr, bolmasa gorkudan ýaňa, Hudaý saklasyn, onuň jan
beräýmegi hem ahmaldyr... Onuň bilen gödek gürleşme, barmagyňy
agzyňa tutup habar gat, çüňküňi we dyrnaklaryňy ondan gizle».
Ýüwrük laçyn howany gulaçlap ugrady (onuň örän güýçli çüňki
bardy), azarsyz-bizarsyz görgüli bilbiliň ganyna suwsap gitdi. Ol
çüňküni we dyrnaklaryny zähere çümdürip çykaryp, haýbat bilen
ganatlaryny gerdi. Soltana hyzmat etmegiň halysyny ogşap, boýdan-
-başa sowuda bürendi.
Gowy hyzmatkär işe girişmezden ozal ony nämeden başlamalydygyny bilýänligi bilen tapawutlanýar. Hökümdarlaryň paýy –
höküm etmek, pes kärdäkileriň paýy – olaryň tabşyrygyny ýerine
ýetirmek üçin jan etmek. Ine, laçyn özüne berlen buýruga boýun
egip, gülzarlygyň çetinden girdi. Bilbil serhoş ýaly bolup, bagda
iňňildeýärdi. Bagyň gözelligi – kölegesiniň bollugy, bilbiliň iňňildisi
– ejir çekmeginiň alamaty. Bilbiliň ahy-zary laçynyň gulagyna
hoş ýakdy, bägüliň reňki we ysy bolsa gözlerine süýji göründi. Bir
pursadyň özünde yşk laçynyň başyny gök diretdi – yşk gahrymanlaryň
ählisiniň dillerini duşaklap goýýar ahyryn!..
Laçyn başagaýlykdan aýňalanyndan soň, bilbili jezalandyrmaga
girişdi.

Dowamy bar...

Garsyanlar 👍 we teswir
9
113