Dowamy...
LAÇYN BILBILE HABARYNY AÝDÝAR
Laçyn bilbile ýüzlenip şeýle diýdi: «Betbagt diýsäni, ýör, ýola
düşeli. Ganatlarymdan ýapyş! Käbäni görmek isleýän garynjalar laçynlaryň iň iri ýelekleriniň aşagyna girip oturýarlar. Süleýman seni
kazyýete çagyrýar. Özüňde bar bolan degerli subutnamalaryň ählisini aňyňda aýlajak bol. Sen oňa näme diýmekçi, kim diýip özüňi
tanatmakçy? Sen dünýäde gaýgy-gamsyz selpäp ýörsüň, bägüliň
reňki we ysy gözüňi gapyp, Süleýmandan daşlaşypsyň. Pany gözellige guwanmaň näme? Hökümdarlaryň emirlerine näme üçin garşy
çykýarsyň? Patyşanyň tagtyndan ýüzüňi sowma, çünki şeýle etmek
bilen aýaklaryňa özüň gandal urarsyň. Dünýäde özüňe gowy diýdirjek
bolsaň, häkimiýet eýeleriniň ýöreýän ýodasyndan ýöremäge çalyş!»
HEKAÝAT
Bir ýer urup, ýerde galan aljyraňňy garyp görgüli niredesiň Şirwan
diýip, ýola rowana bolupdyr. Ol baryp, welaýatyň hökümdarynyň
öýüniň derwezesine ýanaşyp duran külbejikde ýaşamaga başlapdyr.
Ol bir ýyldan hem gowrak wagtyň dowamynda gününi hökümdaryň
öýüniň diwaryna ýaplanyp geçiripdir. Ahyry patyşanyň ýakynlarynyň
biriniň oňa gözi düşüp, onuň syryny dünýä ýaýyp oturyberipdir. Ony
görmek üçin daşary çykan hökümdar garyp kişiden: «Ýoluň ugrunda
guma bulaşyp ýatmak bilen näme gazanmak isleýäň?» diýip sorapdyr.
Garyp: «Haçanda bolsa bir wagt meni köşgüňe goýberersiň öýdüp, diwara arkamy berip oturyşym» diýip jogap beripdir. Bu jogap hökümdaryň
gulagyna ýarapdyr we garybyň etegidir agzyny altyndan doldurypdyr.
Şeýlelik bilen, hälki garyp kişi hökümdaryň ýakyn adamyna öwrülipdir. Hökümdar oňa şeýlebir uly hormat goýupdyr welin, onuň buýruklary Şirwanyň ähli ýerinde gep-gürrüňsiz berjaý edilipdir.
Dowamyna garaşyañyzmy?
Onda 👍