Dowamy...
SÜLEÝMAN BILBILI ALYP GELMEK
ÜÇIN LAÇYNY UGRADÝAR.
Guşlaryň aýdanyny eşidip, Süleýman gaharlanypdyr, janyna jaý
tapman, gygyrmaga başlapdyr. Ara wagt salman hem laçyna emir
edip, şeýle diýipdir: «Ot ýaly bolup, çaltrak öňe okduryl, tüsse ýaly
bolup hem yzyňa dolan! Guşlaryň ählisini dady-perýat etdiren guşy
synap gör. Onuň akyl-paýhasdan paý alandygyny ýa-da almandygyny anykla. Ol şeýle uly güýje eýemikä? Ondan köpçüligi ýigrenmeginiň
sebäbini, özüni ýeke-täk saýmaga haky nireden alanyny sora. Näme
üçin bilbil bizi bir pursat hem ýatlamaýarka, näme üçin hyzmat kemerini biline baglamaýarka? Belki, ol telbedir, serhoşdyr? Mydama
haýry şerden tapawutlandyrmagy unutmagy hem şonuň üçinmikä?
Onuň bedeniniň ejizjedigini, tapsyzjadygyny aýdýarlar, iňňildisi bolsa
bägül düýpleriniň arasyndan dynman eşidilip durmuş. Onuň ýanyna
golaýlaňda ýylgyr, bolmasa gorkudan ýaňa, Hudaý saklasyn, onuň jan
beräýmegi hem ahmaldyr... Onuň bilen gödek gürleşme, barmagyňy
agzyňa tutup habar gat, çüňküňi we dyrnaklaryňy ondan gizle».
Ýüwrük laçyn howany gulaçlap ugrady (onuň örän güýçli çüňki
bardy), azarsyz-bizarsyz görgüli bilbiliň ganyna suwsap gitdi. Ol
çüňküni we dyrnaklaryny zähere çümdürip çykaryp, haýbat bilen
ganatlaryny gerdi. Soltana hyzmat etmegiň halysyny ogşap, boýdan-
-başa sowuda bürendi.
Gowy hyzmatkär işe girişmezden ozal ony nämeden başlamalydygyny bilýänligi bilen tapawutlanýar. Hökümdarlaryň paýy –
höküm etmek, pes kärdäkileriň paýy – olaryň tabşyrygyny ýerine
ýetirmek üçin jan etmek. Ine, laçyn özüne berlen buýruga boýun
egip, gülzarlygyň çetinden girdi. Bilbil serhoş ýaly bolup, bagda
iňňildeýärdi. Bagyň gözelligi – kölegesiniň bollugy, bilbiliň iňňildisi
– ejir çekmeginiň alamaty. Bilbiliň ahy-zary laçynyň gulagyna
hoş ýakdy, bägüliň reňki we ysy bolsa gözlerine süýji göründi. Bir
pursadyň özünde yşk laçynyň başyny gök diretdi – yşk gahrymanlaryň
ählisiniň dillerini duşaklap goýýar ahyryn!..
Laçyn başagaýlykdan aýňalanyndan soň, bilbili jezalandyrmaga
girişdi.
Dowamy bar...
Garsyanlar 👍 we teswir