sahet_ashyrov
07.01.2022 07:57
Dowamy ...

BILBILIŇ LAÇYNA BEREN JOGABY

Sen hiç haçan aşyklyk derdine uçramadyň. Heniz ot bolup ýanyp
göreňok. Tüssä çalym edýärsiň. Aşyklykda ruhuňy gaýyp edýänçäň,
hiç haçan aşykdyr magşuklaryň gadyryny bilmersiň. Diňe özüni
unudan kişi aşyklygyň datly şerabyny noş kylýar. Aşyklygyň alamaty – aň-paýhasyň belentligi, aň-paýhasyň yşk älemindäki ýoly –
paýhassyzlyk. Süleýmana meniň adymdan: «Eý, Hudaýyň ýerdäki wekili! Başymyzdan emir uýanyny aýyr. Diwanalary we aşyklary
ýazgarmagyň gabahatdyr, şonuň üçin hem bizi ýanap bilmersiň» diý.

LAÇYN BILBILI ALYP GAÇÝAR

Bilbil laçynyň süýji sözüne-de, ýalbaryp-ýakarmalaryna-da
özüni aldyrmady. Onsoň gödeklige ýüz urdy. Ol penjeleri bilen bilbili kakyp goýberip, ony howa göteriler ýaly etdi we soňra ýene iki
penjesiniň arasyna alyp, iküç gezek gysdy. Çykalgasynyň ýokdugyna,
özüniň ejizdigine, dostunyň hem gözünden gaýyp bolandygyna akyl
ýetiren bilbil: «Seniň bir eliňde bal, beýleki eliňde neşter bar! Men älem
masgarasy boldum. Örtügi aşak indir! Sen gahrymançylyk görkezen
bolsaň, ululyk etmäge ukyply bolsaň, onda ýolbars ýaly rehimli bol,
ýyrtyjylara mahsus endikleriňden el çek! Süleýmana sowgat eder ýaly,
jan-dilden waspnama taýýarlamagyma rugsat berip, meni öz günüme
goý. Paýhasly ärleriň edähedi şeýle: islendik işde olar soňuna bakýarlar.
Danalar patyşalary zyýarat edenlerinde, olar säherde edýän dogalaryny
goşga salyp aýdyp berýärler. Kimiň eli boş bolsa, görümsizlikden gutulmaz. Patyşalara ýakynlamagyň üç ýoly bar: sungat, pul, suhangöýlik.
Meniň sungatym hem, pulum hem ýok. Diňe söz baýlygym bar. Şonyda sowgat etmekçi» diýip seslendi. Laçyn hem öz gezeginde bilbile
ýüzlendi: «Ýeri bolýar, waspnamaňy taýýarla-da, tizräk ýola düş, bar
güýjüňi tijäp uç! Ýol bize garaşýar. Biz näme üçin gijä galýarys? Ýa
ganatlarymyz ýadadymy, aýaklarymyz baglangymy? Uçaly, derrew ganatlarymyzy ýaýaly-da, bu ýoly başymyz bilen ölçäli».

BILBIL ÝAZ ŞEMALYNY ÇEMENZARLYGA
ÇAPAR EDIP ÝOLLAÝAR

Olar dagyň gerşine çykan mahallary ýaz şemaly çemenzarlyga
tarap öwüsmäge başlady. Bilbil dostlarynyň hatyrasyna iki eli bilen
onuň syýnynyndan ýapyşdy-da, ýalbarmaga başlady: «Sen uçup gitde, baryp söýgülimiň syýnyndan ýapyş! Soňra meniň adymdan oňa
şeýle diý: «Mensiz rahat gezip bilýärmiň? Senden aýrylyp, ýüregim
bir damja gana döndi. Eý, kalbymyň rahatlygy! Aýralygyň maňa näme edenini aýdaýynmy? Mende sabyr-da, akyl-da, rahatlyk-da
galmady. Kalbym süýji durmuşy ýadyndan çykaryp, saňa baglandy.
Onuň söýgüsi Hysrawyň Şirine bolan söýgüsini ýada salýar. Seni
ýene bir gezejik görüp bilsem, bir pursatjyk seniň bilen ikiçäk otursam, onda dünýäniň ähli betbagtlygy meniň üçin üns bereniňe degmeýän zada öwrülerdi. Şol pursada çenli diri galsam, onda ölüm kär
etmeýän birine öwrülerin. Diňe ýakynlaryň nazary gül ýüzüňe düşüp
dursa bolýar, adamlaryň çekýän hasraty seniň köçäňe sowulmasa bolýar! Eger takdyrymda ýaşamak bar bolsa, diri galaryn, bolmasa-da,
senden uzakda jan bererin».

Dowamy bar...
Garasyalar👍 we teswirlerde
7
193
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.