Dowamy...
BÄGÜLIŇ WE BILBILIŇ
HOŞLAŞYK PURSADY
Bilbil bägüle garap şeýle diýdi: «Eý, ýüregi nurlandyrýan,
hoşniýetlilik şamçyragyny ýak! Ýör, gideli! Bu gije – mähir-muhabbet
gijesi. Gije – aýýüzli gözelleriň zülpi ýaly uzyn. Dostuň bilen daňdana
çenli bile bolmagy bagtyň saý. Säher wagtyna çenli syr alşyp, syr berşeris. Iki mähriban dost syrlaryny açmak islän mahallary geçen günlerden söz
açýarlar. Bu pursat – soňsuz jennet, emma ol hemme kişä elýeterli däl.
Bir gije keseki dodaklardan we dişlerden uzakda seniň dodaklaryňdan dişimi aýyrmadym. Bagban gelip, saňa: «Aýtsana, şu
gije seni kim söýdi? Kim ajaýyp ýüzüňden örtügini syrdy, lagyl
dodaklaryňa kim agyz saldy? Sen ýaz şemalynyň öwüsgininden ganyp, gowy açylypsyň. Sen çem gelene şam bolaýmaly däl ahyryn»
diýen sözler bilen ýüzlendi. Jogabyň nagt boldy: «Daňdana çenli dodaklarymy gyraw nemlendirdi, şemal öwsüp, agzymy altyndan doldurdy. Agzym bilbiliň ganyna boýaldy. Şol ganyň damjalary dodaklarymda şu mahal hem dur».
Wepaly boljagyň barada beren wadaňy unutma, janym, gelip gujagyma dol. Men ýaly ömrüni aýagyňyň astyna atan müňlerçe guluň
bar. Emma seniň ýalyny dünýäde tapjak gümanym ýok. Bir pursat hem
ynjalyp, oturyp bilemok, seni bagryma basmaga ymtylýaryn. Menden has gowy müňlerçe aşygyň bar, emma ajaýyp ýüzüňi görmesem,
maňa ýaşamakdan agyr zat ýok. Dodaklarym gurap galdy, gözlerimden dynman ýaş akýar. Ýagyş gatap galan topraga ömür bagyşlaýar
ahyryn. Men pelekden, onuň edýän her bir öwrüminden gorkýaryn: ol
erbet adamlary bagtly edip, gowy adamlary kemsitdi. Ol bir öwrüm
edende, başga bir zada öwrülip, şol wagt aralygynda müňlerçe ýagşy-
-ýaman işler hasyl bolýar. Seni lowlap duran küräniň içine atarlar,
meniň kalbymda-da ot tutaşdyrarlar. Seni ýaz şemaly dymmaga mejbur edýär, meni aramyza düşen aýralyk buza dönderýär. Sensiz aý-
günüm dogmasyn! Seniň wysalyňa ýetilýän gijä gündiziň kölegesi
düşmesin!»
Olar daňdana çenli şunuň ýaly pikirlere gark bolup, ykbalyň gelen kararyny bütinleý unutdylar. Emma gündiziň goşuny garasyny
görkezip-görkezmänkä, ykbalyň emri bilen aralaryna aýralyk girip,
biri-birinden jyda düşmeli boldular.
Dowamyna garasyanlar 👍 we teswir...