sahero
16.04.2024 00:11
Dünyä yagsy yer bolsady dogulan wagtymyz aglamazdyk.

Ya$an wagtymyz tämiz bolsadyk ölen wagtymyz yuwulmazdyk......
#Necip Fazil Kisakürek.

Yolbarslar iymezmi$ yolbarsyñ etin,
Mojekler hem iymezmi$ möjegiñ etin.
Yone näme üçindir mydam gapymda,
Meni adamlardan gorap yör itim.
19
33
sahero
15.04.2024 21:37

ADAM MAÝMYNDAN DÖRÄPMI?


Mugallymçylyk tejribämde hemişe sowallara ähmiýet beripdim. Şonuň üçin, okuwçylarym öwrenmek islän maglumatlaryny çekinmän soraýardylar. Bilşiňiz ýaly, eliňizdäki bu “Bellikler” kitaby-da şol sowallara berlen jogaplardan ybarat. Ýöne käbir sowallar dersimizde ençeme gezek soraldy. Ine, şolardan biri hem “Adam, hakykatdan-da, maýmyndan döräpmi?” diýen soragdyr.


Elbetde, sorag berlen badyna, synpdaky okuwçylar öz aralarynda jedelleşip başlaýardylar. Biri ýerinden turup: “Dostlarymyz geçen dersimize düşünmändirler. Imanyň alty şertiniň biri – pygamberlere ynanmak. Ilkinji adam we ilkinji pygamber bolsa, Adam atadyr” diýýär.


Beýleki biri: “Ýöne ylym maýmyndan gelip çykandygymyzy aýdýar” diýip, ensiklopediýanyň bir jildini çykarýar-da, ondaky suratlary görkezýär.


Ýene biri bolsa: “Mugallym, ylma ynanmalymy ýa-da dine?” diýip sorag berýär.


Bir gezek şeýle sowal beren okuwçynyň özünden soradym:


– Sen haýsyna ynanýarsyň?


Çaga näme jogap berjegini bilmän, ep–esli oýlanandan soň:


− Ikisine-de ynanýaryn. Hem ylma, hem-de dine – diýdi.


Bu jogaby eşidenleriň köpüsi gülmage başlady. Gülki ep–esli wagt dowam etdi. Men bu jogabyň hakykata yşarat edýändigini aýdanymda, okuwçylar haýran galdy.


− Hawa – diýdim. – Biziň dinimiz ylmy taýdan subut edilen ähli hakykaty kabul edýär. Bu nukdaýnazardan dinimiz ylym bilen hiç wagt çapraz gelmeýär. Akyla we ylma uýýan bolsa, bu onuň hak dindigini görkezýän subutnamadyr.


Leýla atly okuwçy rugsat sorap:


– Mugallym, biz indi maýmynlar maşgalasyndan dörändigimize ynanmalymy? – diýdi.


− Ýok, men beýle diýemok.


− Ýöne “Ylmy taýdan subut edilen maglumatlary dinimiz kabul edýär” diýdiňiz. Ylym bolsa maýmyndan dörändigimizi aýdýar.


− Dogry, Leýla, ylmy taýdan subut edilen ähli zady dinimiz kabul edýär. Ýöne maýmyndan dörändigimizi kabul etmeýär. Sebäbi, bu ylmy taýdan subut edilen hakykat däldir.


Pelsepeçi Mämmet düşündirýär:


− Mugallym, maýmynçylyk yzda galdy. Ne dinde ýeri bar, ne-de ylymda. Beýle bolýan bolsa, bu gürrüň nireden çykdy?


− Indi meni üns bilen diňleseňiz, Mämmediň “maýmynçylyk” diýýän şol meselesini çözeris. Size bolsa hakykaty düşündireýin:


“Ewolýusiýa teoriýasy ylmy sistemamy ýa-da ynanç sistemasymy? Şeýle ýagdaýda ewolýusiýa teoriýasy ynanç sistemasydyr. Sebäbi, ol delillere esaslanman, duýgulara, oýlanmalara daýanýar.” (Iňlis biology – ewolýusiýaçy MAT HEWS)

21
273
sahero
14.04.2024 19:21
SAGYMÇY GYZYÑ ARZUWLARY

Sagymçy gyz sagan süydini mü$derlere eltip bermek üçin köçe bilen baryardy. Ol süytli çelegini kellesinde göterip baryardy. Yolda ol öz içini $eyle arzuwlar bilen gepledyär :" Men bu süydi sataryn we onuñ pulna yumurtga satyn alaryn. Yumurtga bolsa maña köööp towuk berer. Towuklary hem satyp, yüpek köynek satyn alaryn. Men köynegi geyip, örän owadan bolaryn. Birnäçe görmegey yigitler durmu$a çykmagym üçin maña söz aydarlar. Men bolsa kellami yaykap, " YOK" jogabyny bererin."
Ol özüniñ aydy$y yaly edip, çyndan kellesini yaykady. Süytli çelek kellesinden a$ak gaçyp, süyt yere döküldi. Bu bolsa yumurtgalaryñ, towuklaryñ, yüpek köynegiñ we görmegey yigitleriñ soñy boldy.
15
34
sahero
13.04.2024 13:24
ÄHLIMIZ MILLIARDER

Öňräk bir dertli, aladaly dostum geldi. Üflat ýagdaýda... Megerem, pulsuzlykdan kösenýändir. Bu bolşuň-a bolanok – diýdim. Sen milliarder halyňa, dünýäden zeýrenýäňmi? Sebäpsiz ýere aladalanýarsyň.

Elbetde, haýran galdy.

– Seret! – diýdim – Eger iki goluňa iki milliard baha kesseler, egniňden goparyp aljak diýseler, satarmyň?

– Satmaryn.

– Ýa-da iki gözüňi bir milliarda satarmyň?

– Satmaryn.

– Iki aýagyňy bäş ýüz milliona?

– Satmaryn.

– Onuň ýaly bolsa, şunça baýlyga eýe halyňa, ahlap-uflap durmaň dogrumy? Azajyk pul kynçylygy hemmeleriň başyna düşýär. Taşla onuň ýaly biderek zatlary!

Adam tikenleriň arasynda güli görüp, begenmegiň ýerine, gülleriň arasynda tiken görüp, arza–şikaýat edýär.

Meseläniň düýbi – şol ters düşünjäniň zyňylmagydyr. Muny başarmaýan bolsa, milliardlara (trillionlara) eýe bolsa-da, ökünýändir.

Gürbüz AZAK

(Dostlara hat, 73.sah, Ýeni Asýa Ýaýınları, 1980)
14
82
sahero
12.04.2024 00:49
PUL WE BAGT

Bir gezek syýahatda mahalym ynançsyzdygyny aýdýan bir adama duşdum.

- Siz, hakykatdan-da, ynançsyzmy? Hiç zada ynanmaýarmysyňyz? diýip soradym. Ol adam:

- Hawa, diýdi. “Men hiç zada ynanmaýaryn! Hiç zada bolan ynanjym ýok... Ynanjy bir gyra goý. Bu dünýäde diňe puluňhem-de tanşyň bolmaly. Baýmyň – dabaraňdaglary aşýar; garypmyň – düz ýolda azaşýarsyň. Puluň güýji ähli zada ýetýär. Maňa ynanç däl-de pul gerek, pul!

Bu betbagt adam hem özüni ynançsyz hasaplaýar, ýöne aslynda pula ynanýardy. Üstesine-de, pula berk ynanýardy, göýä puluň guly bolupdyr.

Aslynda bolsa puluň, adamy bagtly etmeýändigini elmydama eşidip, görüp, şaýady bolup durýarys. Bu temany şu söz nähili oňat düşündirýär: “Pul köp zadyňdaşyny berip biler, ýöne içini berip bilmez. Meselem, iýmitimizi berip biler, ýöne işdäni bermez. Derman berip biler, emma saglyk bermez. Tanyş berip biler, ýöne dost bermez. Şatlykly pursatlary berip biler, ýönebagt bermez.”
Dünýäniň her dürli güýç çeşmeleri we keýp abzallary hem adama hakyky bagty berip bilmeýändigi, her gün ençeme adamyň ruhy we nerw sistemasy bilen baglanyşykly hassalyklar bilen keselleýändigi bellidir.

Diňe pulmy? Dünýäniň beýleki güýç çeşmeleri we keýp abzallary hem adama hakyky bagty berip bilmeýär. Şonuň üçin hem nähili baý, keýpi we güýmenjesi bolan meşhur adamlar psihiki keseller bilen göreşýärler. Ruhy we nerw sistemasy bilen baglanyşykly hassalar, lukmanlaryňyzygiderli müşderileri bolýarlar. Hatda käbir meşhur we baý adamlaryň bol-elinlikde hassalanýandyklary we ýaşamak islemeýändiklerini yzynda galdyrýan bir haty bilen düşündirýändirler... Sebäbi daşyndan seredenleriňgözüni dokundyrýan yaşaýyşlaryna özleri çydaman, öz janlaryna kast edýärler.
16
73
sahero
11.04.2024 00:18
OT BOLMADYK BOLSA?

– Ýene bir mysalaýüzleneliň. Ot barada pikir edip görüň. Peýdalymy ýa-da zyýanlymy?

Oduň ýaradylmagy adamlar üçinörän zerur, şeýle dälmi? Ot bolmadyk bolsa, adamzat örän kösenerdi, uly kynçylyklar çekerdi. Ýöne ot adamlar üçin örän peýdaly hem-de zerur zat diýip, onuň içine eliňizi soksaňyz, erbet iş etdigiňiz bolar. Has dogrusy, ody özümiz üçin erbet hem-de ýalňyş görnüşde ulandygymyz bolar. Netijede, adamzat üçin peýdaly bolan ot, siziň üçin zyýanly bolar. Ýagny siziň ýalňyş ulanyşyňyz, ody siziň üçin zyýanly edýär. Aslynda ot hem peýdaly, hem-de zerur zat. Şonuň üçin oduň ýaradylmagy hem ajaýypdyr...

Ot alawa öwrülse, heläkçilik bolar. Emma günä oduň ýaradylmagyndamy ýa-da adamlaryň biperwaýlygynda ýa ätiýaçsyzlygyndamy?
19
85
sahero
10.04.2024 23:17
ÖLÜM BOLMADYK BOLSA

“Ölüm bolmadyk bolsa, durmuşyň hiç bir gymmaty bolmazdy.” (Gogol)

Altynjy synpda perişdelere iman etmek baradaky temany işleýäris. Şonda perişdeler erbetlik, günä iş etmeýärler diýip öwredýäris. Olaryň ähli işi Allaha ybadat hem-de gulluk etmekdir.

– Ýöne, mugallym – diýip, Mähri ýerinden turýar we şeýle sorag berýär:

– Ezraýyl bulara degişli däl gerek?

– Näme üçin beýle pikir edýäň?

– Sebäbi ol ähli adamlaryň janyny alýar. Hemme kişiniň ruhuny teninden sogrup öldürýär. Bu iş hem gowy işleriň hataryndamy?

– Hawa, gyzym, bu-da gowulyk. Ölüm hem ynsanlar üçin haýyrly zatdyr.

Okuwçylaryň barysy çaga bilesigelijiligi bilen, göýä dem alman üns berip diňläp otyr.

– Hawa, ölüm hem gowulykdyr. Allanyň adamlar üçin ýaradan haýyrly işleriniň biridir.

Temany has içginräk düşündirmäge çalşyp oturşyma, esasan-da, gyzlaryň ýüzleriniň reňkiniň üýtgäp durandygyny gördüm. Içlerindäki gorkulary ýüzlerinden bildirýär. Ýöne şonda-da diňleýärler.

– Özüňiz pikir edip görüň. Garrylar hiç ölmese nähili bolardy?

Şu soragdan ugur alyp, düşünjeler bir-birini yzarlamaga başlady:

– Şunça tapdan düşen adama kim seretsin? Işleýän, gazanýan adamlar azalýar; taýyn aşyň eýeleri, işlemäge ukyby bolmaýanlar, üstesine-de idege mätäç adamlar köpelýär. Onsoňam bize şunça kynçylyk döredýän adamlary nädip yzygiderli hormatlap, söýüp bileris? Aslynda olara seretmek, sylamak, söýmek biziň borjumyz ahyry! Soňsuza çenli seretmäge mejbur bolan adamlarymyz üçin bulary başarmak mümkinmi? Sebäbi barha olaryň ýagdaýlary erbetleşer. Elleri titräp, gözleri görmän başlar. Naharlaryny iýip bilmän, suw içip bilmän, çemçe, käse tutup bilmän başlarlar. Naharlaryny üsti-başlaryna döküp-saçyp, suwlaryny ezeneklerinden akdyryp başlarlar. Bular ýene-de ýagşy. Has beteri, hajatlaryny edip bilmeýän ýagdaýa gelerler. Gün-günden durmuş olar üçin has kynlaşyp başlar. Indi siz aýdyň, şular ýaly durmuş gowumy? Ýa-da güýç-gurbatyňy, abyraýyňy ýitirmän ölmekmi? Onsoňam, çagalar, musulmanlarça bir durmuş ýaşap, musulmanlarça ölen adam üçin ölüm erbetmi näme? Dogruçyl, ar-namysly hem-de dindar durmuşdan soň, imanly ölen adam üçin ölüm gorkunç wakamy?

Indi soragyň jogabyny özleri berýär:

– Ýok, mugallym, bular ýaly adam üçin ölüm, şu perişan, aladaly dünýä durmuşyndan halas bolup, gyzykly, gaýgy-gamsyz jennet durmuşyna gitmek diýmekdir.

Şeýdip, gyzygyp giden söhbetimiziň arasynda kösenýän hem-de kynçylyk çekýän ençeme hassalar, garrylar üçin ölümiňhalas bolmagyň bir ýoludygyny düşündirdim. Eger ahyrýeti üçin sogap işler eden bolsa, ebedi bagtyýarlyga, tükenmeýän şatlyga açylýan gapydyr. Diýmek, Ezraýyl erbetlik edenok. Imanly adama, jennetiň pasportyny getirip berýär. Dünýä kösençliginiň dynandygyny, ebedi bagtly durmuşyň başlandygyny habar berýär. Indi siz maňa aýdyň:

– Ezraýyl atly uly perişde, adamlara ýagşylyk edýärmi ýa-da ýamanlyk?
Şol pursat kakylan jaň temamyzyň nokadyny goýdy. Mähri begençden ýylpyldaýan gözlerini gyrpyp, şeýle diýdi:

– Mugallym, indi düşünýärin. Imanly adam üçin ölüm gorkunç hem-de erbet zat däl eken. Alla ähli zady ajaýyp hem-de owadan ýaradypdyr. Ýaradan zatlarynyň ählisi-de peýdaly hem owadan.

Sözlerime Allah şaýatlyk eder,

Meniň janym bu tenime myhmandyr.

Bir gün wagty dolup, çykar-da gider,

Kapasadan uçup giden guş deýin... (Ýunus Emre)
20
78
sahero
09.04.2024 00:13
🤔 S◎®🅰ᵍし@r❓❔❓🤔

1) Bir uçar heläkçilige uçrapdyr we bir ada dü$ipdir. Bu adada bolsa, özlerini biri birinden owadan hasaplayan gyzlar ya$ayar. Olar erkek adam ada gelse ondan " sen biziñ haysymyzy öldirsiñ ?" diyip, sorap jogap berse bermese öldüryär ekenler.
Heläkçilige uçran uçardaky adamlaryñ biri bu soraga $eyle bir jogap beripdir welin olar ony öldürmandirler. Ol näme diyip jogap beripdir?

2) Bir paty$a bar diyyä. $ol paty$a bir gün türmede oturan adamy yanyna çagyrdyar. Paty$anyñ elinde hem bir çüy$e bar eken. Ol çüy$äniñ hem gyrasyny döwdürtyär bilge$leyinden. Soñ paty$a türmede oturana sorag beryär:
Eger sen $u çüy$äni tikip berseñ men seni türmeden bo$atjak diyyär, egerde edip bilmeseñ türmede möhletiñi uzaltjak diyyär. Türmede oturan hem paty$a bir zat aytyar we paty$a ony türmeden bo$atmaly bolyar. Ol näme diyyär?

3) Dynç güni kö$kde jenayat bolyar. Polisyalar gelip kö$kiñ i$garlerinden sorag edyärler, derñewçiniñ jenayat wagty sen niredediñ diyin soragyna :

A$pez: "men ertirlik tayyarlayardym" diyyär

Bagban: "men güllere suw beryärdim" diyyär

Garawul: "men po$ta gelen gazetleri alyardym" diyyär. Bularyñ içinde günäkär adam barmy?

4) Siz çuññur guyynyñ düybünde. Garakçylaryñ buyrugyna görä siz yanyñyzda duran ejeñiz ya kakañyzdan birini alyp guyyñ düybine öziñizi oklamaly. Haysyny yanyñyza alardyñyz ?

5) Uzynlygy eyfel ba$niyasyna deñ bolan, emma agramy gram hem bolmadyk zat näme?
18
84
sahero
08.04.2024 01:21
Alymlar nädogry yerlerde tokay(baglary) ekmegiñ Yer togalagyna zyyan yetirip biljekdigini anykladylar.

Klark uniwersitetiniň amerikan alymlary nädogry ýerlerde agaç ekmegiň howanyň üýtgemegini ýokarlandyrýan global ýylylyga goşant goşup biljekdigini anykladylar. Bu gözleg Nature Communications (NatComms) ylmy žurnalynda çap edildi.

Agaçlar kömürturşy gazyny siňdirýär we zaýalanan tokaýlary dikeltmek ýa-da tokaý örtügini ýokarlandyrmak üçin nahal oturtmak howanyň üýtgemegine garşy göreşde gurallaryň biridir.
Ýöne käbir ýagdaýlarda köp mukdarda agaç Gün energiýasynyň Ýeriň ýüzünden az şöhlelenjekdigini aňladýar.
Alymlar ilkinji gezek öz hasaplamalarynda albedo täsirini – planetamyzdan şöhlelenýän Gün radiasiýasynyň mukdaryny göz öňünde tutdular. Olar albedodaky üýtgeşmeler sebäpli täze tokaý nahallarynyň sowadyş täsiriniň 20-80% peselip biljekdigine göz ýetirdiler.
Gözlegiň netijesine görä, otluklaryň we sawannalaryň tokaýlara öwrülmegi bu sebitleriň albedosyny azaldyp, Ýeriň ýylylygyny ýokarlandyrar.
Hünärmenler Amazonka we Kongo jeňňellerini tokaý döretmek taslamalary üçin iň amatly ýer diýip atlandyrdylar.
17
34
sahero
07.04.2024 14:25
Curiosity mars roweri Marsda gadymy deryanyñ yzlarny tapdy.

Indi 12 ýyl bäri Gyzyl planetany öwrenýän Curiosity mars roweri täze ugra - Gediz jülgesine ýetdi. NASA jülgäniň töweregi 360 gradus görkezýän ak-gara panoramasyny çap etdi. AB-News.ru-nyň ýazmagyna görä, roweriň  egrem-bugram kanalyň gaýaly hanasyndan alan suratlary alymlara bu ýerden milliardlarça ýyl ozal derýanyň akandygyny çaklamaga esas berdi.

Geljekki aýlarda Curiosity Marsyň has yssy, çygly geçmişi baradaky maglumatlary ýygnamak bilen, bu kanaly öwrener.
Panoramada "kanalyň bir tarapyny doldurýan garamtyl çäge we gumuň aňyrsynda galyndylaryň üýşmegi görünýär – diýip NASA habar berýär. – Garşylyklaýyn ugurda Curiosity-niň bu ýere gelmek üçin ýokary galan kert eňňidi bar."
Gediz jülgesiniň gaýany ýaryp geçýän kanaly daşlardan we beýleki materiallardan dolupdyr. Alymlar Gediz jülgesiniň bu kanaly ýa derýanyň, ýa ýelleriň ýa-da harsaňlaryň täsiri bilen dörändir diýip çaklaýarlar.
Gediz jülgesini öwrenmek diňe bir Marsyň gadymy taryhyny we ol ýerde ýaşaýyşyň bolmak mümkinçiligini açyp görkezmän, eýsem, suwuň Marsda nädip peýda bolandygy we ýitip gidendigi baradaky düşünjeleri aýdyňlaşdyryp biler.
2014-nji ýyldan başlap Curiosity Şarp dagynyň eteginde gözleg alyp barýar, Marsda howanyň üýtgemegi bilen dörän gatlaklary öwrenýär.
Bu dag etekleriniň aşaky böleginde palçyk minerallaryna baý gatlak tapyldy, bu bol suwuň gaýa bilen täsirleşendigini görkezýär. Curiosity Gediz jülgesinden geçip barýarka, köplenç suw bugaranda emele gelýän sulfatlaryň konsentrasiýasy ýokarlanýandygy görünýär. Bu Gediz jülgesiniň kanalynyň Şarp dagyndan has giç dörändigini aňladýar. NASA-nyň berýän maglumatlaryna görä, kanalyň içindäki harsaňlar we bölekler dagyň depesinden gaçan bolmagy mümkin.
17
65