sahero
15.04.2024 21:37

ADAM MAÝMYNDAN DÖRÄPMI?


Mugallymçylyk tejribämde hemişe sowallara ähmiýet beripdim. Şonuň üçin, okuwçylarym öwrenmek islän maglumatlaryny çekinmän soraýardylar. Bilşiňiz ýaly, eliňizdäki bu “Bellikler” kitaby-da şol sowallara berlen jogaplardan ybarat. Ýöne käbir sowallar dersimizde ençeme gezek soraldy. Ine, şolardan biri hem “Adam, hakykatdan-da, maýmyndan döräpmi?” diýen soragdyr.


Elbetde, sorag berlen badyna, synpdaky okuwçylar öz aralarynda jedelleşip başlaýardylar. Biri ýerinden turup: “Dostlarymyz geçen dersimize düşünmändirler. Imanyň alty şertiniň biri – pygamberlere ynanmak. Ilkinji adam we ilkinji pygamber bolsa, Adam atadyr” diýýär.


Beýleki biri: “Ýöne ylym maýmyndan gelip çykandygymyzy aýdýar” diýip, ensiklopediýanyň bir jildini çykarýar-da, ondaky suratlary görkezýär.


Ýene biri bolsa: “Mugallym, ylma ynanmalymy ýa-da dine?” diýip sorag berýär.


Bir gezek şeýle sowal beren okuwçynyň özünden soradym:


– Sen haýsyna ynanýarsyň?


Çaga näme jogap berjegini bilmän, ep–esli oýlanandan soň:


− Ikisine-de ynanýaryn. Hem ylma, hem-de dine – diýdi.


Bu jogaby eşidenleriň köpüsi gülmage başlady. Gülki ep–esli wagt dowam etdi. Men bu jogabyň hakykata yşarat edýändigini aýdanymda, okuwçylar haýran galdy.


− Hawa – diýdim. – Biziň dinimiz ylmy taýdan subut edilen ähli hakykaty kabul edýär. Bu nukdaýnazardan dinimiz ylym bilen hiç wagt çapraz gelmeýär. Akyla we ylma uýýan bolsa, bu onuň hak dindigini görkezýän subutnamadyr.


Leýla atly okuwçy rugsat sorap:


– Mugallym, biz indi maýmynlar maşgalasyndan dörändigimize ynanmalymy? – diýdi.


− Ýok, men beýle diýemok.


− Ýöne “Ylmy taýdan subut edilen maglumatlary dinimiz kabul edýär” diýdiňiz. Ylym bolsa maýmyndan dörändigimizi aýdýar.


− Dogry, Leýla, ylmy taýdan subut edilen ähli zady dinimiz kabul edýär. Ýöne maýmyndan dörändigimizi kabul etmeýär. Sebäbi, bu ylmy taýdan subut edilen hakykat däldir.


Pelsepeçi Mämmet düşündirýär:


− Mugallym, maýmynçylyk yzda galdy. Ne dinde ýeri bar, ne-de ylymda. Beýle bolýan bolsa, bu gürrüň nireden çykdy?


− Indi meni üns bilen diňleseňiz, Mämmediň “maýmynçylyk” diýýän şol meselesini çözeris. Size bolsa hakykaty düşündireýin:


“Ewolýusiýa teoriýasy ylmy sistemamy ýa-da ynanç sistemasymy? Şeýle ýagdaýda ewolýusiýa teoriýasy ynanç sistemasydyr. Sebäbi, ol delillere esaslanman, duýgulara, oýlanmalara daýanýar.” (Iňlis biology – ewolýusiýaçy MAT HEWS)

21
273
tmyigit76
16 Aprel 2024
@enes_🧿, ulanmaň diýemok. Siz ýerlikli ulanýanyz. Ýöne umuman aýtýanda. Zerurlyk bolmasa hökman dälmikä diýýän. Sebäbi käbirinde doňýa. Köpsünde açanogam
tmyigit76
16 Aprel 2024
@enes_🧿, göwnüňizedir. Gyzyklanan adamlar okaýar. Hemem suraty kod üsti bn goýmak moda boldy. Ýerlikli ulanmaly. Sebäbi ulanyjylara päsgelçilik döredýä. Meselem bir goşgy posta kodly surat gerek däl. Progyň özünden goýaýmaly.
ideallider
16 Aprel 2024
@tmyigit76, men 4G tarifdan girýän.
tmyigit76
16 Aprel 2024
@ideallider, kodlar sebäpli şeýdýän bolmagy ahmal. Ýöne bizde hä beýdenok
ideallider
16 Aprel 2024
@enes_🧿, her işde beýdip gynanjak bolsaň, waapşe ýaşamaly hemdäl. Bu aýdanym saňa motiwasiýa bolsun. Başda menem gelenimde agzalar şeýledi. Gowluklara soň öwrenşýärler👍
ideallider
16 Aprel 2024
@enes_🧿, bilişimden sebäbini ýazjakboldumweli giden post boldy. Mümkin biraz post goýuşuňy üýtgetmelidir. Goýýan postlaryň gowy, söz ýok, gowy görýän, halaýanam. Ýöne birhili robot ýazanýaly. Dem, ruh, düşündiriş ýok. Men diňe öz pikirim aýtdym.
ideallider
16 Aprel 2024
@enes_🧿, şuwagdam lentanyň "Ýene ýükle"-siniň 4-nji sahypasynda seň postuňa ýetsem, hemme postlar öçýär, hiçzat görünenok. Özüň barlap gördüňmi?
ideallider
16 Aprel 2024
@enes_🧿, seň käbir postlaryňy okap bolanok. Ýagny "Ýüklenmedi, täzeden barlaň, täzele" diýip ýazylýar. Diňe seňki bolsa oňuşsa boljak. Bütün lentany okap bolanok.
iamemir
16 Aprel 2024
Salam hemmanize ☺️
manolya
16 Aprel 2024
@ideallider, 🤦🏻😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.