PUL WE BAGT
Bir gezek syýahatda mahalym ynançsyzdygyny aýdýan bir adama duşdum.
- Siz, hakykatdan-da, ynançsyzmy? Hiç zada ynanmaýarmysyňyz? diýip soradym. Ol adam:
- Hawa, diýdi. “Men hiç zada ynanmaýaryn! Hiç zada bolan ynanjym ýok... Ynanjy bir gyra goý. Bu dünýäde diňe puluňhem-de tanşyň bolmaly. Baýmyň – dabaraňdaglary aşýar; garypmyň – düz ýolda azaşýarsyň. Puluň güýji ähli zada ýetýär. Maňa ynanç däl-de pul gerek, pul!
Bu betbagt adam hem özüni ynançsyz hasaplaýar, ýöne aslynda pula ynanýardy. Üstesine-de, pula berk ynanýardy, göýä puluň guly bolupdyr.
Aslynda bolsa puluň, adamy bagtly etmeýändigini elmydama eşidip, görüp, şaýady bolup durýarys. Bu temany şu söz nähili oňat düşündirýär: “Pul köp zadyňdaşyny berip biler, ýöne içini berip bilmez. Meselem, iýmitimizi berip biler, ýöne işdäni bermez. Derman berip biler, emma saglyk bermez. Tanyş berip biler, ýöne dost bermez. Şatlykly pursatlary berip biler, ýönebagt bermez.”
Dünýäniň her dürli güýç çeşmeleri we keýp abzallary hem adama hakyky bagty berip bilmeýändigi, her gün ençeme adamyň ruhy we nerw sistemasy bilen baglanyşykly hassalyklar bilen keselleýändigi bellidir.
Diňe pulmy? Dünýäniň beýleki güýç çeşmeleri we keýp abzallary hem adama hakyky bagty berip bilmeýär. Şonuň üçin hem nähili baý, keýpi we güýmenjesi bolan meşhur adamlar psihiki keseller bilen göreşýärler. Ruhy we nerw sistemasy bilen baglanyşykly hassalar, lukmanlaryňyzygiderli müşderileri bolýarlar. Hatda käbir meşhur we baý adamlaryň bol-elinlikde hassalanýandyklary we ýaşamak islemeýändiklerini yzynda galdyrýan bir haty bilen düşündirýändirler... Sebäbi daşyndan seredenleriňgözüni dokundyrýan yaşaýyşlaryna özleri çydaman, öz janlaryna kast edýärler.