ÄHLIMIZ MILLIARDER
Öňräk bir dertli, aladaly dostum geldi. Üflat ýagdaýda... Megerem, pulsuzlykdan kösenýändir. Bu bolşuň-a bolanok – diýdim. Sen milliarder halyňa, dünýäden zeýrenýäňmi? Sebäpsiz ýere aladalanýarsyň.
Elbetde, haýran galdy.
– Seret! – diýdim – Eger iki goluňa iki milliard baha kesseler, egniňden goparyp aljak diýseler, satarmyň?
– Satmaryn.
– Ýa-da iki gözüňi bir milliarda satarmyň?
– Satmaryn.
– Iki aýagyňy bäş ýüz milliona?
– Satmaryn.
– Onuň ýaly bolsa, şunça baýlyga eýe halyňa, ahlap-uflap durmaň dogrumy? Azajyk pul kynçylygy hemmeleriň başyna düşýär. Taşla onuň ýaly biderek zatlary!
Adam tikenleriň arasynda güli görüp, begenmegiň ýerine, gülleriň arasynda tiken görüp, arza–şikaýat edýär.
Meseläniň düýbi – şol ters düşünjäniň zyňylmagydyr. Muny başarmaýan bolsa, milliardlara (trillionlara) eýe bolsa-da, ökünýändir.
Gürbüz AZAK
(Dostlara hat, 73.sah, Ýeni Asýa Ýaýınları, 1980)