Curiosity mars roweri Marsda gadymy deryanyñ yzlarny tapdy.
Indi 12 ýyl bäri Gyzyl planetany öwrenýän Curiosity mars roweri täze ugra - Gediz jülgesine ýetdi. NASA jülgäniň töweregi 360 gradus görkezýän ak-gara panoramasyny çap etdi. AB-News.ru-nyň ýazmagyna görä, roweriň egrem-bugram kanalyň gaýaly hanasyndan alan suratlary alymlara bu ýerden milliardlarça ýyl ozal derýanyň akandygyny çaklamaga esas berdi.
Geljekki aýlarda Curiosity Marsyň has yssy, çygly geçmişi baradaky maglumatlary ýygnamak bilen, bu kanaly öwrener.
Panoramada "kanalyň bir tarapyny doldurýan garamtyl çäge we gumuň aňyrsynda galyndylaryň üýşmegi görünýär – diýip NASA habar berýär. – Garşylyklaýyn ugurda Curiosity-niň bu ýere gelmek üçin ýokary galan kert eňňidi bar."
Gediz jülgesiniň gaýany ýaryp geçýän kanaly daşlardan we beýleki materiallardan dolupdyr. Alymlar Gediz jülgesiniň bu kanaly ýa derýanyň, ýa ýelleriň ýa-da harsaňlaryň täsiri bilen dörändir diýip çaklaýarlar.
Gediz jülgesini öwrenmek diňe bir Marsyň gadymy taryhyny we ol ýerde ýaşaýyşyň bolmak mümkinçiligini açyp görkezmän, eýsem, suwuň Marsda nädip peýda bolandygy we ýitip gidendigi baradaky düşünjeleri aýdyňlaşdyryp biler.
2014-nji ýyldan başlap Curiosity Şarp dagynyň eteginde gözleg alyp barýar, Marsda howanyň üýtgemegi bilen dörän gatlaklary öwrenýär.
Bu dag etekleriniň aşaky böleginde palçyk minerallaryna baý gatlak tapyldy, bu bol suwuň gaýa bilen täsirleşendigini görkezýär. Curiosity Gediz jülgesinden geçip barýarka, köplenç suw bugaranda emele gelýän sulfatlaryň konsentrasiýasy ýokarlanýandygy görünýär. Bu Gediz jülgesiniň kanalynyň Şarp dagyndan has giç dörändigini aňladýar. NASA-nyň berýän maglumatlaryna görä, kanalyň içindäki harsaňlar we bölekler dagyň depesinden gaçan bolmagy mümkin.